Habarlar
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda milli we sebitleýin derejelerde hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň we onyň düzümleriniň ýurtdaky we sebitdäki ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Mejlis gibrid formatynda geçirildi, ýagny käbir gatnaşyjylar zalda bolup, olaryň käbirleri-de wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly çärä gatnaşdylar. Hususan-da, duşuşyga BMG-niň düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, BSGG-nyň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissa...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
2021-nji ýylyň 1-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Häkimler ýurdumyz...
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen tanyşdy
2021-nji ýylyň 1-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy, diýip TDH habar berýär. Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 27-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylar üçi...
Türkmenistan we Oman Soltanlygy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýärler
2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, oman tarapyna – Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Saýýid Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-oman gatnaşyklaryna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ý...
Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary hasaba almak işi dowam etdirilýär
Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek işi işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ilatyň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işler pugtalandyrylýar. Ylmyň gazananlarynyň esasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça epidemiologik gözegçilik ulgamynyň netijeliligi yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak işi dowam etdirilýär we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda daşary ýurtly...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy, diýip TDH habar berýär. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly...