Habarlar

5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni
5 Iýun
5-nji iýun - Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Türkmenistan her ýylyň 5-nji iýunynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi giňden belläp geçýär. Bu gün bütin dünýäde ekologiýa ähmiýetli çäreler, sergilerdir, ylmy maslahatlar, okuw sapaklary geçirilýär.  Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi.  Onda şeýle diýilýär: “Sizi ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biz...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi
5 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi

2019-njy ýylyň 4-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjak obasyndaky metjitde mukaddes Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi, TDH habar berýär. Ozal habar berlişi ýaly, halkymyzyň milli baýramçylygy mynasybetli döwlet Baştutany 4-nji iýuny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi. Baýramçylyk mynasybetli toý sadakasyndan öňürti döwlet Baştutany Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň maşgala aramgähine — gubur başyna gül desselerini goýdy. Milletiň Lideriniň bu asylly göreldesine bu ýere gatnaşyjylaryň ählisi eýerdiler. Soňra Gypjak obasynda...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlagy
3 Iýun
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlagy

Mähriban halkym!  Eziz watandaşlar!  Sizi tomus paslynyň ajaýyp günlerinde halkara derejesinde bütin dünýäde, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giňden bellenýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan sene hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen bu halkara baýramy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, köpçülikleýin sport çäreleriniň mähriban halkymyzyň kalbynda eziz Watanymyza bolan beýik söýgini has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.  Büti...

DOWAMY
3-nji iýun - Bütindünýä welosiped güni
3 Iýun
3-nji iýun - Bütindünýä welosiped güni

3-nji iýunda bütin dünýäde şeýle hem Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilýär.  Bütindünýä welosiped güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça degişli Rezolýusiýa bilen bellenildi. Dünýäniň 56 döwleti bu Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş edýär.  «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bu halkara baýram aýratyn ruhubelentlige beslenýär. Bu gün şansy sene mynasybetli medeni-jemgyýetçilik, bedenterbiýe-sport mazmunly çäreler...

DOWAMY
1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni
1 Iýun
1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni

Şu gün ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni belenilýär. Çagalaryň goramagyň halkara güni tutuş dünýäde indi 60 ýyla golaý wagt bäri bellenilýär we bu baýramçylygyň tomsuň ilkinji gününde - mekdepde dynç alynýan döwrüň başynda – işjeň we hemmetaraplaýyn dynç alynýan, saglygyň berkidilýän, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilýän wagtynyň başynda bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu baýramçylyk mynasybetli iberen gutlagynda şeýle bellenilýär:  «Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar W...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Russia Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygyny kabul etdi
31 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Russia Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygyny kabul etdi

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.  Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna geldi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalarynyň çäklerinde özarahereke...

DOWAMY