Habarlar

Türkmenistan we Fransiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkidýär
17 Iýun
Türkmenistan we Fransiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkidýär

2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Duşuşyk taraplara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri babatynda bellenildi. Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewürlik...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti “Altyn köl” dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
16 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti “Altyn köl” dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde, häzirki zaman talaplaryna we amatlylyk derejelerine, hyzmatyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, işe başlady, diýip TDH habar berýär. Şanly waka mynasybetli ir bilen bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, minist...

DOWAMY
Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB-MA Iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň birinji mejlisi geçirildi
15 Iýun
Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB-MA Iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň birinji mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB-MA Iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň WECOOP taslamasynyň birinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Mejlisiň işine Ýewropa Komissiýasynyň Daşky gurşaw meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümleriniň ýolbaşçylary, Italiýanyň Daşky gurşaw, ýer we deňiz serişdeleri ministrliginiň, ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça jogapkär hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan birinj...

DOWAMY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13 Iýun
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi, diýip TDH habar berýär. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň döwl...

DOWAMY
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili bilen onlaýn duşuşygy
13 Iýun
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili bilen onlaýn duşuşygy

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Fontelles bilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleri giçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Duşuşygyň barşynda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çygrynda Ýewropa Bileleşiginiň we...

DOWAMY
Halkara energetika agentliginiň ýolbaşçysy bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi
13 Iýun
Halkara energetika agentliginiň ýolbaşçysy bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi edarasynda Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Duşuşygyň barşynda taraplar Halkara energetika agentligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika sektorlarynda bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem halkara bazarlarynyň öwrülişi...

DOWAMY