Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ählumumy ulag meseleleri boýunça halkara foruma gatnaşdy
3 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti ählumumy ulag meseleleri boýunça halkara foruma gatnaşdy

2018-nji ýylyň 2-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum geçirildi. Onuň açylyşyna hem-de dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.      Forumyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hemmeleri ýene bir gezek mähirli gutlap, söz sözledi. Milli Liderimiz öz çykyşynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde ileri tutýan ugurlaryny görkezdi.     Biz Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegini Merkezi Aziýasyz göz öňüne getirmegiň mümkin däldi...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy deňiz portunyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly myhmanlar bilen ikitaraplaýyn duşuşukyklar geçirdi
3 Maý
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy deňiz portunyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly myhmanlar bilen ikitaraplaýyn duşuşukyklar geçirdi

2018-nji ýylyň 2-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy deňiz portunyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly myhmanlar bilen ikitaraplaýyn duşuşukyklar geçirdi.     Şeýle duşuşyklar “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyg, Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şäher ösüşi ministri Iran Abbas Ahmad Ahundi, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkin, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başly...

DOWAMY
 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
1 Maý
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

2018-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň nobatdan daşary göçme mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamasynyň hem-de Balkan welaýatyny ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.     Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamadan gelip çykýan wezipele...

DOWAMY
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi
30 Apr
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Şanly baýramyň hormatyna esasy wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandy. Guralan dabaralaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň arasynda geçirilen Halkara gözellik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan sungat eserlerinde behişdi bedewleriň keşbini has oňat beýan etmek boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan döredijilik işgärlerine sylaglar gowşuryldy.      Halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýan 10 atyň arasyndan eminlere iň owadanyny kesgitlemek başartdy. Şeý...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady
30 Apr
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.      Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.      Hormatly ýaşulular duz-çörek hödür etdiler. Din işgärleri Watanymyzyň gülläp ösmegini we mähriban halkymyzyň abadançylygyny dileg edip, doga okadylar.      Ýaşulular türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky ýadawsyz aladalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk we mähriban Watanymyzyň bä...

DOWAMY
Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işe başlady
27 Apr
Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ngo Dyk Mandan ynanç hatyny kabul etdi.      Söhbetdeşligiň barşynda ilçä döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Ilçi milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy.      Jen...

DOWAMY