Habarlar

Kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kubmetr gaz akdyrmaga niýetlenen «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisine gaz berlip başlanyldy
20 Ýan
Kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kubmetr gaz akdyrmaga niýetlenen «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisine gaz berlip başlanyldy

Ol eýýäm ýakyn wagtlarda Ahal we Balkan welaýatlarynyň sarp edijilerine ýetiriler. “Türkmennebitgazgurluşyk” DK-nyň düzümine girýän esasy potratçy “Marynebitgazgurluşyk” tresti we onuň kömekçi potratçy guramalary turbanyň gidrawliki synagyny tamamlanlaryndan soň sebit gaz geçirijisiniň 150 kilometrlik bölegi, şeýle hem birinji we ikinji (Şatlyk-Tejen-Kaka) bölekleri işe girizildi.      Turba geçirijiniň Gumdagdan Belege çenli günbatar bölegi hem ýokary derejede ygtybarlydyr. Uzynlygy 773 kilometrlik we turbasynyň ini 1420 millimetr bolan ýurdumyzda iň iri sebitara gaz geçirijisiniň galan alty...

DOWAMY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - obasenagat toplumy
19 Ýan
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - obasenagat toplumy

Syn berilýän 2016-njy ýyl hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny döretmäge, azyk howpsuzlygyny hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen agrar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň täze subutnamalaryny äşgär etdi.      Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlarynyň biridir. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen, çuňňur oýlanyşykly strategiýa oba hojalygynyň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär.      Obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan dolandyrma...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary başlandy
19 Ýan
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary başlandy

2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady.      Hormatly Prezidentimiz Mary şäheriniň howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Mary welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.     Maslahatyň barşynda Mary welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, sebitiň esasy pudaklaryny senagatlaşdyrmak hem-de senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş we durmuş derejesini mundan beýläk-de ý...

DOWAMY
Olimpiýa şäherjiginde geçirilen metbugat maslahaty
19 Ýan
Olimpiýa şäherjiginde geçirilen metbugat maslahaty

2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň işewürlik merkezinde şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegine bagyşlanylan metbugat maslahaty boldy.        Maslahata Aziada-2017-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Milli olimpiýa komitetiniň, Sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, türkmen žurnalistleri we halkara sport ýaryşlaryny guramak boýunça daşary ýurt hünärmenleri gatnaşdylar.     “Trivandi Chanzo Limited” kompaniýasynyň direktory Mik Raýt hem döwlet Baştutanymyza...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti harby deňiz güýçleriniň “Gaýratly” gämisiniň topary bilen duşuşdy
18 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti harby deňiz güýçleriniň “Gaýratly” gämisiniň topary bilen duşuşdy

2017-nji ýylyň 17-nji ýanwary. Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýaty boýunça iş saparynyň çäklerinde “Hazar” deňiz serhet birikmesine geldi we deňiz çäklerinde söweşjeň gullugyny alyp barýan Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň “Gaýratly” gämisiniň topary bilen duşuşdy.     Hormatly Prezidentimiz harby gäminiň taktiki-tehniki häsiýetnamalary we söweşjeň ukyby bilen tanyşdy we bu ýerde gulluk edýän harby deňizçiler we harby talyplar bilen söhbetdeş boldy. Hormatly Prezidentimiz deňizçileriň sowallaryna jogap berip, olaryň isleg-arzuwlary hem-de teklipleri bilen gyzyklandy. Ýurdumyzda ýaýbaňlan...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň täze sport toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
18 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň täze sport toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

2017-nji ýylyň 17-nji ýanwary. Balkan welaýatynda iş saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze döwrebap sport toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.      Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ähli sebitlerini, şol sanda deňiz ýakasyny toplumlaýyn ösdürmäge, onuň baý kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berýär. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bir...

DOWAMY