Habarlar

Türkmenistanda Koreýa Halk Demokratrik Respublikasynyň Ilçisi işläp başlady
18 Ýan
Türkmenistanda Koreýa Halk Demokratrik Respublikasynyň Ilçisi işläp başlady

2017-nji ýylyň 17-nji ýanwary. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kim Hen Çžundan ynanç hatyny kabul etdi.     Duşuşygyň barşynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän durmuş ugurly içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda—iri halkara we abraýly sebit guramalarynyň ugry boýunça dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara...

DOWAMY
     Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyna bagyşlanylan bilelikdäki konsert
17 Ýan
Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyna bagyşlanylan bilelikdäki konsert

2017-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen we hytaý sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi.     Bu medeni çäre köpugurly türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň subutnamalarynyň birine öwrüldi. Şol gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi köpasyrlyk tejribä we baý däplere eýe bolan medeni- ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Ruhy-ahlak gymmatlyklaryň gadymy asyrlardan gö...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi
17 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň ulag we aragatnaşyk ulgamyna, senagat pudagyna, nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.     Balkan welaýatynyň iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýyna, sebiti ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlaryna, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň meýilnamalaryna garaldy. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagyň meseleleri, senagatyň netijelil...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşyny gözden geçirdi
17 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşyny gözden geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz menziline bardy. Döwlet Baştutanymyz deňiz menziliniň desgalarynda işläp ýören hünärmenler we işçiler bilen duşuşdy, işleriň barşy, taslamanyň tehniki aýratynlyklary, port hojalygyna gelip gowşan tehnikalaryň nusgalary bilen tanyşdy.     Merkezi Aziýa sebitiniň esasy “deňiz derwezesiniň” wezipesini ýerine ýetirjek bu Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi bilen Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlaryndan Türkmenbaşa gelýän ýükleri soňra Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň portlaryny...

DOWAMY
 Maliýe-hukuk medeniýeti – bazar gatnaşyklarynyň esasy
13 Ýan
Maliýe-hukuk medeniýeti – bazar gatnaşyklarynyň esasy

Ýurdumyzyň salgyt kanunçylygynda üýtgetmeler barada maglumatlary we düşündirmeleri yzygiderli berýän, şeýle hem öz sahypalarynda bilermen-maslahat işlerini alyp barýan “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.      Žurnal hünärmenler köpçüligine niýetlenen bolsa-da, okyjylaryň has giň toparynyň ünsüni hem özüne çekýär. Salgyt salmak meselelerinde sowatlylyk – jemgyýetiň umumy hukuk medeniýetiniň bir bölegi bolup, onuň derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny döretmegiň, maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň, telekeçiligi ösdürmegiň, ykdysady işleriň...

DOWAMY
Daşoguz welaýatynyň pagta egriji fabrigi önümleriniň eksportuny artdyrýar
13 Ýan
Daşoguz welaýatynyň pagta egriji fabrigi önümleriniň eksportuny artdyrýar

Bu kärhana ýurduň demirgazyk sebitindäki iň iri kärhanalaryň biri. Bütin dünýä meşhur önüm öndürijilerden getirilen öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen bu fabrik dünýä bazarlarynda ägirt uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriniň möçberini her ýyl artdyrýar.       Diňe geçen ýylda bu ýerde dokma we trikotaž önümçiligi üçin niýetlenen Rign nah ýüplügiň 6894 tonnasy öndürildi. Öndürilýän önümleriň aglaba bölegi Ýewropa, Russiýa Federasiýasyna, Ukraina, Türkiýä, Pakistana we beýleki döwletlere eksport edilýär. Daşoguzyň nah ýüplügi şeýle-de içerki dokma kärhanalaryna hem iberilýär.

DOWAMY