Habarlar

      Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

“Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe akkreditasiýa şahadatnamalaryny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, şeýle hem akkreditasiýa şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy.

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
12 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2017-nji ýylyň 11-nji ýanwary. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Maligi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we pakistanly diplomat hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.     Jenap Abdul Malik TOPH gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň ähmiýetini belledi. Onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň sebit we dünýä derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder. Şeýle hem ilçi Pakistana türkmen elektrik energiýasyny ibermek bo...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
12 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

2017-nji ýylyň 11-nji ýanwary. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekili hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili hanym Ýelena Panowany kabul etdi.      Duşuşykda ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge hem-de Durnukly Ösüş Maksatlar...

DOWAMY
Türkmenistanda Aziada 2017-niň hormatyna köpçülikleýin maşklar geçirildi
11 Ýan
Türkmenistanda Aziada 2017-niň hormatyna köpçülikleýin maşklar geçirildi

2017-nji ýylyň 10-njy ýanwary. Ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we edaralarynyň we kärhanalarynyň, şol sanda Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýerlerde önümçilik maşklaryny ýerine ýetirdiler. Bu iri möçberli çäre şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem-de häzirki wagtda ýarpy ýoluny geçen we ýaryşlaryň başlanmagyna galan 250 güni sanap başlan atly ýörişe gabatlanyp geçirildi.      Önümçilik maşklary Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary tar...

DOWAMY
Aziýa oýunlary mynasybetli geçirilýän atly ýöriş Lebap welaýatyna bardy
11 Ýan
Aziýa oýunlary mynasybetli geçirilýän atly ýöriş Lebap welaýatyna bardy

2017-nji ýylyň 10-njy ýanwary. Mundan laýyk 250 gün ozal, 2016-njy 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýanynda  Aziada-2017 mynasybetli ýyndam hem-de owadan ahalteke bedewine atlanan 17 çapyksuwaryň gatnaşmagyndaky atly ýörişe badalga berdi. 500 günüň dowamynda atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan geçer hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylýan güni Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde jemleýji pellehanasyna ýeter.      Ine, atly ýöriş öz ýolunyň gylla ýaryny geçip, Ahal, Balkan we...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň sport merkezlerinde türgenleşik geçdi
11 Ýan
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň sport merkezlerinde türgenleşik geçdi

2017-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen bilelikde esasy desgalarynyň gurluşygy tamamlanan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde ir bilen türgenleşik geçdi, şeýle hem Awtosport merkezinde sport awtoulagyny ýokary tizlikde sürmegiň ussatlygyny görkezdi.     Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz türkmenistanlylara, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara şahsy görelde görkezýär hem-de adamlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwürdi. Döwlet...

DOWAMY