Habarlar

     Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyna bagyşlanylan bilelikdäki konsert
17 Ýan
Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyna bagyşlanylan bilelikdäki konsert

2017-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen we hytaý sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi.     Bu medeni çäre köpugurly türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň subutnamalarynyň birine öwrüldi. Şol gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi köpasyrlyk tejribä we baý däplere eýe bolan medeni- ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Ruhy-ahlak gymmatlyklaryň gadymy asyrlardan gö...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi
17 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň ulag we aragatnaşyk ulgamyna, senagat pudagyna, nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.     Balkan welaýatynyň iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýyna, sebiti ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlaryna, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň meýilnamalaryna garaldy. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagyň meseleleri, senagatyň netijelil...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşyny gözden geçirdi
17 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşyny gözden geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz menziline bardy. Döwlet Baştutanymyz deňiz menziliniň desgalarynda işläp ýören hünärmenler we işçiler bilen duşuşdy, işleriň barşy, taslamanyň tehniki aýratynlyklary, port hojalygyna gelip gowşan tehnikalaryň nusgalary bilen tanyşdy.     Merkezi Aziýa sebitiniň esasy “deňiz derwezesiniň” wezipesini ýerine ýetirjek bu Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi bilen Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlaryndan Türkmenbaşa gelýän ýükleri soňra Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň portlaryny...

DOWAMY
 Maliýe-hukuk medeniýeti – bazar gatnaşyklarynyň esasy
13 Ýan
Maliýe-hukuk medeniýeti – bazar gatnaşyklarynyň esasy

Ýurdumyzyň salgyt kanunçylygynda üýtgetmeler barada maglumatlary we düşündirmeleri yzygiderli berýän, şeýle hem öz sahypalarynda bilermen-maslahat işlerini alyp barýan “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.      Žurnal hünärmenler köpçüligine niýetlenen bolsa-da, okyjylaryň has giň toparynyň ünsüni hem özüne çekýär. Salgyt salmak meselelerinde sowatlylyk – jemgyýetiň umumy hukuk medeniýetiniň bir bölegi bolup, onuň derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny döretmegiň, maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň, telekeçiligi ösdürmegiň, ykdysady işleriň...

DOWAMY
Daşoguz welaýatynyň pagta egriji fabrigi önümleriniň eksportuny artdyrýar
13 Ýan
Daşoguz welaýatynyň pagta egriji fabrigi önümleriniň eksportuny artdyrýar

Bu kärhana ýurduň demirgazyk sebitindäki iň iri kärhanalaryň biri. Bütin dünýä meşhur önüm öndürijilerden getirilen öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen bu fabrik dünýä bazarlarynda ägirt uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriniň möçberini her ýyl artdyrýar.       Diňe geçen ýylda bu ýerde dokma we trikotaž önümçiligi üçin niýetlenen Rign nah ýüplügiň 6894 tonnasy öndürildi. Öndürilýän önümleriň aglaba bölegi Ýewropa, Russiýa Federasiýasyna, Ukraina, Türkiýä, Pakistana we beýleki döwletlere eksport edilýär. Daşoguzyň nah ýüplügi şeýle-de içerki dokma kärhanalaryna hem iberilýär.

DOWAMY
      Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

“Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe akkreditasiýa şahadatnamalaryny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, şeýle hem akkreditasiýa şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy.

DOWAMY