Habarlar

Tutuş ýurdumyz Türkmen halysynyň baýramyny giňden we dabaraly belledi
29 Maý
Tutuş ýurdumyz Türkmen halysynyň baýramyny giňden we dabaraly belledi

2017-nji ýylyň 28-nji maýynda geçirilen dürli döredijilik, medeni çäreler hem-de sport ýaryşlary ajaýyp haly eserlerini döretmegiň gadymy däplerini dowam edýän ussat halyçy gelin-gyzlaryň ägirt uly zehinine we joşgunly zähmetine hem-de milli baýlygymyza bagyşlandy.  Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar ajaýyp paýtagtymyzda geçirildi. Olaryň biri —Türkmen halysynyň milli muzeýinde açylan, däbe öwrülen halkara sergi halkymyzyň bu beýik sungatyna bagyşlandy.  Şeýle hem “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky XVII maslahat...

DOWAMY
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi
27 Maý
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi

2017-nji ýylyň 26-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişi möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek baradaky teklipleri seljermek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky Karara gol çekdi. Toparyň baş maksady milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakdan, olaryň gurluş düzümlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr. M...

DOWAMY
Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi
23 Maý
Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň başlygynyň orunbasary, onuň Hemişelik komitetiniň baş sekretary jenap Wan Çen ýolbaşçylyk edýär. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmegine ýardam berýän parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Bu hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň 2013-nji we 2014-nji ýylla...

DOWAMY
Türkmenistanyň topary ýene bir bürünç medaly gazandy
22 Maý
Türkmenistanyň topary ýene bir bürünç medaly gazandy

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda şu gün Türkmenistanyň topary ýene bir bürünç medala eýe boldy. 56 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Annageldi Agamyradow uşu boýunça bäsleşikde şeýle üstünlik gazandy.    Biziň ildeşimiz öz çykyşyny çärýek finalda iordaniýaly türgen Hamza Ýahýa bilen duşuşykdan başlady, şonda A.Agamyradow çekeleşikli bäsleşikde üstün çykdy. Emma finala çykmak ugrundaky tutluşykda türkmen türgeni eýranly Mahdi Mohammadiden asgyn gelip, bürünç medal bilen oňmaly boldy.

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy
22 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy

2017-nji ýylyň 21-nji maýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy.    Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň çägindäki Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda bolup, döwlet Baştutanymyz özüniň raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek üçin, ilkinjileriň hatarynda ses bermek çäresine gatnaşdy.    Saýlawlaryň giň bäsdeşligi we aýdyňlygy oňa halk ynamyna mynasyp bolan birnäçe dalaşgäriň gatnaşmagyny kepillendirýär. Saýlaw işleriniň açyklygy we aýdyňlygy oňa milli synçyla...

DOWAMY
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary
22 Maý
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary

2017-nji ýylyň 19-njy maýynda agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana geldi. 20-nji maýda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler başlandy. Garşylamak dabarasyndan soň, döwlet baştutanlary ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirdiler. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdirildi. Tarapl...

DOWAMY