Habarlar

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk
25 Awg
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk

2020-nji ýylyň 24-nji awgustynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri Dubaý şäherinde geçiriljek (Birleşen Arap Emirlikleri) “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan duşuşyga gatnaşdylar, diýip TDH habar berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr, şol sebäpli hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Watanymyzyň baý ykdysady kuwwaty hem-de häzirki zaman gazananlary, türkmen halkynyň köpasyrlyk özboluşly däp...

DOWAMY
Bank ulgamynda innowasiýalar: uzak aralykdan tölegleri geçirmek
24 Awg
Bank ulgamynda innowasiýalar: uzak aralykdan tölegleri geçirmek

Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan “Halkbank terminal” atly uzak aralykdan tölegleri geçirmegiň täze ykjam goşundysyny işe girizmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat hödürlenildi. Ýokarda agzalan bankyň IT-hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan ykjam goşundy söwda nokatlarynda hem-de hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşlerini giňeltmek, harytlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir....

DOWAMY
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi
23 Awg
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Mejlisiň altynjy çagrylyşynyň onunjy maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi, diýip TDH habar berýär. Maslahata käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Deputatlaryň...

DOWAMY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22 Awg
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi, diýip TDH habar berýär. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 13-nji martynda we 29-njy maýynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlislerinde beren tabşyryklaryna laýykl...

DOWAMY
Maliýe-ykdysady ulgamyň sanlaşdyrylmagy
21 Awg
Maliýe-ykdysady ulgamyň sanlaşdyrylmagy

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna we pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere we innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Bu wezipeleriň oňyn çözülmegi, şeýle hem BMG-niň agza ýurtlarynyň, şol sanda biziň döwletimiziň hem kabul eden 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbangu...

DOWAMY
Merkezi Aziýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri we halkara bilermenler çagalaryň hem-de ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar
21 Awg
Merkezi Aziýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri we halkara bilermenler çagalaryň hem-de ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar

2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebit hem-de ýurt boýunça edaralarynyň goldaw bermeginde COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahaty geçirdi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdyla...

DOWAMY