Habarlar

Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi
27 Ýan
Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi

2017-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Aşgabatda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär.     Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny diýen ýaly, şol sanda syýasy- diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryny gurşap alýan meseleler girizildi.     Ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmekde iki döwletiň özara gyzyklanmasyny tassyklamak bilen, toparyň agzalary ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy barada pikir alyşdylar hem-de hyzmatdaşlygy diwersi...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerini, esgerlerini we harby talyplary gutlady
27 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerini, esgerlerini we harby talyplary gutlady

“Bu baýram döwletimiziň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde bildirýän uly ynamynyň, çäksiz hormatynyň we olar hakda edýän aladasynyň nyşanydyr, - diýip gutlagda bellenilýär. - Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýöriş milli goşunymyzyň goranmak ukybynyň we söweşjeň kuwwatynyň ýokarydygyny ýene-de bir gezek dünýä äşgär etdi. Siz döwlet Garaşsyzlygymyzy goramaga hemişe taýýardygyňyzy, türkmen goşunynyň harby ussatlygynyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezdiňiz.       Goranyş häsiýetli Ha...

DOWAMY
Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi
26 Ýan
Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi

2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyzda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Ramatowyň ýolbaşçylygynda goňşy döwletiň uly wekiliýeti Aşgabada geldi.     Birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň we esasy hünärmenleriniň hem-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky mejlis iki doganlyk halkyň bähbitlerine hem-de bar bolan ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri has doly durm...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
26 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi. Ol Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine baştutanlyk edip, Aşgabada geldi.     Işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde birnäçe möhüm ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamynda, maşyngurluşygynda,...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyna iş sapary başlandy
26 Ýan
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyna iş sapary başlandy

2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkeziniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.     Daşoguz şäheriniň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, sebitiň senagat, tebigy serişdeler hem-...

DOWAMY
Belent ruhy däplere eýerip
25 Ýan
Belent ruhy däplere eýerip

2017-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Gypjakda özboluşly däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň saklanylmagyna hem-de olaryň dowamatlylygyna bagyşlanan maslahat geçirildi, onuň işine welaýatlardan we Aşgabat şäherinden din işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.    Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň milli ýörelgeleriniň, ynsanperwerlige we ýagşylyga ýugrulan baýramlarymyzyň aýratyn many-mazmun bilen baýlaşýandygyny hem-de jemgyýetimiziň ruhy taýdan sagdyn ösmegine oňyn täsirini ýetirýän...

DOWAMY