Habarlar

Koreýanyň kompaniýalary ýokary tehnologiýalar ulgamynda gazananlaryny Türkmenistana hödürleýär
22 Apr
Koreýanyň kompaniýalary ýokary tehnologiýalar ulgamynda gazananlaryny Türkmenistana hödürleýär

2017-nji ýylyň 20-nji aprelinde Aşgabatda türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça 2-nji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana geldi. Türkmen tarapyndan forumyň işine birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar.    Duşuşygyň gün tertibine käbir ugurlar boýunça, hususan-da, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda we beýleki ugurlarda uzakmöhletleýin esasda özara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri girizildi.    Maslahatyň barşynda milli ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary dep...

DOWAMY
Aşgabatda ahalteke bedewlerine bagyşlanylan döredijilik işleriniň sergisi açyldy
22 Apr
Aşgabatda ahalteke bedewlerine bagyşlanylan döredijilik işleriniň sergisi açyldy

2017-nji ýylyň 20-nji aprelinde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen yglan eden bäsleşigine hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.    Her ýyl geçirilýän döredijilik bäsleşigine medeniýetiň dürli ulgamlarynyň wekilleriniň köpüsi gatnaşýar. Behişdi bedewler bu serginiň esasy gahrymanlarydyr. Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň wekilleri, neşirýat iş...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy
22 Apr
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy

2017-nji ýylyň 20-nji aprelinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynyň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.    Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelen täze ýaşaýyş toplumlaryny synlap, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolmalydyg...

DOWAMY
Russiýanyň at gazanan tälimçisi türkmen boksçylary bilen görkezme türgenleşigini geçirdi
17 Apr
Russiýanyň at gazanan tälimçisi türkmen boksçylary bilen görkezme türgenleşigini geçirdi

Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary toplumynda boks boýunça görkezme türgenleşikleri boldy, ony belli türgen bolan—Awstraliýanyň Sidneý şäherinde geçirilen Olimpiada –2000-iň ýeňijisi, dünýä we Ýewropa çempiony, Russiýanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Lebzýak geçirdi. Ol ýakyn ýyllarda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda 2020-nji ýylda geçiriljek XXXII Bütindünýä tomusky oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça türkmen boksçylaryny türgenleşdirer.    Göreş, guşakly göreş, sambo we jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionatlary geçirilen giň zalda paýtagtymyzyň dürli merkezleriniň türgenleri, şeýle hem Spo...

DOWAMY
Türkmenistan Astanada geçiriljek “EKSPO-2017” taýýarlyk görýär
17 Apr
Türkmenistan Astanada geçiriljek “EKSPO-2017” taýýarlyk görýär

Türkmenistan “EKSPO-2017” halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Sergi 10-njy iýundan 10-njy sentýabra çenli Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçiriler.    Sergide Türkmenistanyň bölüminde Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň syýasatynyň esasy ugrunyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikler, onuň tebigy baýlyklary, durmuş ulgamynda ýeten sepgitleri, halkymyzyň medeniýeti we däp-dessurlary, Diýarymyzyň syýahatçylyk kuwwaty, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler öz beýanyny tapar.    Mundan başga-da, sergi...

DOWAMY
Temmäkä garşy göreş boýunça 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy
17 Apr
Temmäkä garşy göreş boýunça 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, şeýle hem bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça Çäreleriň meýilnamasyny we Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.    Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek pudak edaralaryna, welýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimliklerine tabşyryldy. Bellenilişi ýaly, maksatnama temmäkä garşy göreşilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine, ömrüň dowamlyly...

DOWAMY