Habarlar

Türkmenistanda Kuba Respublikasynyň ilçisi işe başlady
29 Noý
Türkmenistanda Kuba Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Nýewes Portuondodan ynanç hatyny kabul etdi. Söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Gremingeri kabul etdi
29 Noý
Hormatly Prezidentimiz ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Gremingeri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Esasanda, şu ýyl Türkmenistanyň Halkara Energetika Hartiýasy Konferensiýasyna başlyklyk etmäge işjeň çemeleşmesi, şeýle hem Aşgabat forumynyň ýokary guramaçylyk derejesi munuň...

DOWAMY
Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy boýunça maksatlaýyn toparyň (RECA) maslahaty
9 Noý
Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy boýunça maksatlaýyn toparyň (RECA) maslahaty

2017-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy boýunça maksatlaýyn toparyň (RECA) 14-nji maslahaty geçirildi. Kabul ediji tarap hökmünde Türkmenistanyň Energetika ministrligi çykyş etdi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri we hünärmenleri, Halkara Energetika Hartiýasy, GDA, USAID ýaly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri şeýle hem Merkezi Aziýadaky döwletleriň energetik...

DOWAMY
MASEM-niň guran seminary derýalary basseýn usulynda dolandyrmagyň sebit tejribesine bagyşlandy
9 Noý
MASEM-niň guran seminary derýalary basseýn usulynda dolandyrmagyň sebit tejribesine bagyşlandy

Paýtagtymyzyň „Ýyldyz“ myhmanhanasynda suw serişdelerini utgaşdryp dolandyrmak ýörelgesine bagyşlanan Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň seminary geçirildi. Çäre AHEHG-a ýurdumyzyň başlyklyk etmegi we suw ulgamynda ýerli dolandyryjylar düzüminiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak jähtinden gurnaldy. Duşuşyga işi ykdysadyýetiň tebigy serişdeleri ulanmak bilen baglanşykly döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli ekologiýa taslamalarynyň, TTGJ we „Tebigy kuwwat“, tebigaty goramak jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, AHEHG-niň DÖDT-y, BMG-niň ÖM-ny, GIZ ýaly tebigy serişdeleri goramak we olarda...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň dynç alyş düzüminiň ösdürilişi bilen tanyşdy
8 Noý
Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň dynç alyş düzüminiň ösdürilişi bilen tanyşdy

2017-nji ýylyň 7-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.  Döwlet Baştutanymyzyň iş saparynyň esasy maksady ýerlerde, ýurdumyzyň Hazarýaka sebitinde we ilkinji nobatda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda özgertmeleriň barşy bilen tanyşmakdan ybaratdyr.  Hormatly Prezidentimiz gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan alnyp barylýan milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwaparka geldi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem akwaparkyň çäklerini gözden geçirdi. Bu desga ýakyn wagtda çagalary...

DOWAMY
Türkmenistanyň Mejlisi oýlap tapyşlaryň intellektuallygyň çäklerindäki hukuk goragy hakyndaky Karary kabul etdi
6 Noý
Türkmenistanyň Mejlisi oýlap tapyşlaryň intellektuallygyň çäklerindäki hukuk goragy hakyndaky Karary kabul etdi

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky ýigrimi dördünji maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olaryň içinde “Oýlap tapyşlaryň hu kuk goragy hakynda”, “Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek haky...

DOWAMY