Habarlar

«Sagdyn jemgyýet- bagtyýar durmuşyň kepili»
15 Ýan
«Sagdyn jemgyýet- bagtyýar durmuşyň kepili»

14-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde sagdyn durmuş ýörelgesiniň meselelerine bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi.     Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaarlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň,  ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ähli welaýatlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet we sport ulgamynyň işgärleri hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.      2016-njy ý...

DOWAMY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
9 Ýan
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

8-nji ýanwar güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Eýranyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
7 Ýan
Hormatly Prezidentimiz Eýranyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Saýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýeganini kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Eýran bilen   dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, ikitararaplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýan...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
6 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ilkinji mejlisini geçirdi, onda geçen 2015-nji ýylda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem döwletimizde we jemgyýetimizde parahatçylygy, durnuklylygy, kanunylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça düzümleriň öňünde durýan wezipeler kesgitlendi. Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary özlerine ynanylan düzümde işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutany tarapyndan berlen tabşy...

DOWAMY
Türkmenistanlylar Watanymyzyň häzirki belent derejesine we röwşen geljegine buýsanç bilen 2016-njy ýyly garşylaýarlar
1 Ýan
Türkmenistanlylar Watanymyzyň häzirki belent derejesine we röwşen geljegine buýsanç bilen 2016-njy ýyly garşylaýarlar

Türkmenistanlylar döwletimiziň hemişelik bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň alamaty astynda geçen 2015-nji ýyly iň oňat umyt-arzuwlar bilen ugradyp, Täze, 2016-njy ýyly ählihalk ruhubelentlik ýagdaýynda garşylýarlar. Şu ýyl biz ýene bir şanly senäni – milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen "Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly" diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda Türkmenistanyň garaşsyzygynyň 25 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda garşylarys.  Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýik maksatlaryndan, ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge, adamlaryň ruhy we döredijilik baş...

DOWAMY
"Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi
29 Dek
"Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi

2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji  Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek”  gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi.Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary,  ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, daşary ýurtlardaky...

DOWAMY