Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
7 Dek
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Çung Tae-Ini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we koreýaly diplomat dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady toplumda, energetika we ulag pudaklarynda, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda we beýleki ugurlarda ägirt uly kuwwatlyklara eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara türkmen-koreý toparynyň işine we netijeli gatnaşykl...

DOWAMY
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinden
6 Dek
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinden

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji dekabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň 11 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Mejlisde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow şu ýylyň 11 aýynda gümrük edaralarynyň alyp baran işleri, şol sanda gullugyň işini kämilleşdirmek hem-de onuň bölümlerini serhetden geçýän ýükleri has düýpli gözden geçirmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehniki ser...

DOWAMY
Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň tehnologiýalarynyň Halkara sergisi geçirildi
5 Dek
Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň tehnologiýalarynyň Halkara sergisi geçirildi

2017-nji ýylyň 2-4-nji dekabrynda paýtagtymyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň tehnologiýalarynyň Halkara sergisi geçirildi, ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady.  Ýöriteleşdirilen sergi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýär hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda ýurdumyzyň okgunly ösýän bazarynyň gazanan üstünliklerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän senagat enjamlaryny ö...

DOWAMY
Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty
5 Dek
Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty

“Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi. Duşuşyga gatnaşmak üçin Awstriýanyň döwlet edaralarynyň hem-de energetika, maşyngurluşyk, oba hojalygy we azyk senagaty, gurluşyk serişdeleri önümçiligi, ýol gurluşygy, ulag hem-de logistika, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bilim, programma üpjünçiligi ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat topar paýtagtymyza geldi.  Maslahatda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek, Awstriýanyň işewür toparlaryny Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri b...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna badalga berdi
30 Noý
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna badalga berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyz diňe bir iki goňşy ýurt üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetli bolan şanly waka bilen köpsanly dabara gatnaşyjylary gutlap, olaryň öňünde çykyş etdi.   Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda “Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän işjeň syýasaty goňşy ýurtlar, sebitiň döwletleri we tutuş dünýä ýurtlary tarapyndan giň goldawa eýe bolup, ol halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Munu...

DOWAMY
Türkmenistanda Kuba Respublikasynyň ilçisi işe başlady
29 Noý
Türkmenistanda Kuba Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Nýewes Portuondodan ynanç hatyny kabul etdi. Söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar...

DOWAMY