Таможенный контроль
Harytlary ýok etmek gümrük düzgünı hakynda Düzgünnama

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2005-nji ýylyň 4-nji aprelinde tassyklanyldy

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2005-nji ýylyň 18-nji aprelinde 341 san bilen bellige alyndy.

Harytlary ýok etmek gümrük düzgünı hakynda düzgünnama

 

I. Umumy düzgünler

1.1. Harytlary ýok etmek - gümrük düzgüni, munda Türkmenistanyň gümrük çäginde gümrük gözegçiligi astynda durýan harytlar salgytlar, gümrük paçlary we ýygymlary tölenmezden, şeýle hem Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen ykdysady taýdan düzgünleşdirmegiň çäreleri ulanylmazdan ýok edilýär, şol sanda ulanyp bolmaz ýaly ýaramsyz ýagdaýa getirilýär.
1.2. Şu düzgünnamanyň maksatlary üçin haryt hökmünde Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän islendik emläge (elektrik, ýylylyk energiýasyndan we energiýanyň beýleki görnüşlerinden başgalar), şol sanda ulag serişdelerine düşünilýär.

II. Harytlary ýok etmek gümrük düzgüninde harytlary ýerleşdirmegiň şertleri

2.1. Eger ýok edilýän harytlar ykdysady taýdan amatly usul bilen ilkibaşdaky ýagdaýyna dikeldilip bilinmese, harytlar ýok edilýär.
2.2. Harytlar, ýok etmegiň usuly we ýeri görkezilen degişli ygtyýarly döwlet edarasynyň ýok etmegiň mümkindigi hakynda netijenamasy esasynda, harytlary ýok etmek gümrük düzgüninde ýerleşdirilýär.
2.3. Şu aşakdakylary harytlary ýok etmek gümrük düzgüninde ýerleşdirmäge ýol berilmeýär:

  • medeni, arheologik, taryhy gymmatlyklar;
  • ýitip gitmek howpunda durýan haýwanlaryň we ösümlikleriň görnüşleri, olaryň bölekleri we önümleri, ýöne epidemiýalaryň we epizootiýalaryň we karantin obýektleriniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, olaryň ýok edilmeginiň talap edilýän halatlary muňa degişli däldir;
  • gümrük edaralary tarapyndan girew närsesi hökmünde alnyp, girew gatnaşyklary bes edilýänçä kabul edilen harytlar;
  • elinden alnan ýa-da gozgamasyz edilen harytlar, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna laýyklykda maddy subutnamalar bolup durýan harytlar;
  • ýok edilmegi daşky gurşawa düýpli zyýan ýetirip biljek ýa-da adamlaryň jany we saglygy üçin gös-göni ýa-da uly howp döredýän harytlar. Görkezilen ýagdaýlarda harytlary ýok etmek gümrük düzgünini mälim eden adam, daşky gurşawyň goragyna gözegçiligi ýa-da sanitar-epidemiologik gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralaryň netijenamasyny berýär;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan sanawy bellenilip bilinjek beýleki harytlar.

2.4. Harytlary ýok etmek gümrük düzgüni ýok edilen, dolanuwsyz ýitirilen ýa-da betbagtçylygyň ýeňip geçip bolmajak güýjüniň täsiri netijesinde zeper ýeten harytlar babatynda ulanylyp bilner.
2.5. Harytlar, bu gümrük düzgünini beýan eden tarapyň hasabyna ýok edilýär.
2.6. Gümrük ammarynda saklanýan harytlar babatynda harytlary ýok etmek gümrük düzgüni harytlaryny gümrük ammaryna ýerleşdiren adam bilen ylalaşyp, gümrük ammarynyň eýesi tarapyndan beýan edilip bilner.
2.7. Ýok etmegiň düzgüninde beýan edilen harytlary döwletiň peýdasyna ýüz öwürmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirmek mümkinçiligi bar mahalynda gümrük edarasy beýan edijä bu düzgünden peýdalanmagy teklip etmäge borçludyr.

III. Harytlary ýok etmegiň tertibi

3.1. Harytlary ýok etmek gümrük düzgünini beýan edýän adam iş zolagynda ýok etmäge degişli harydyň ýerleşýän gümrük edarasyna arza (1-nji goşundy) we görkezilen harydy ýok etmegiň mümkindigi hakynda degişli ygtyýarly döwlet edarasynyň netijenamasyny berýär.
3.2. Harytlary ýok etmek gümrük düzgünini ulanmak üçin rugsady, iş zolagynda ýok edilmäge degişli haryt ýerleşýän gümrükhananyň başlygy ýa-da onuň orunbasary 3.1-nji bölümde görkezilen arzada "Ýok etmäge rugsat berilýär" diýen ýazgyny ýazmak arkaly berýär we ol görkezilen adamynyň goly bilen resmileşdirilýär.
3.3. Harytlary ýok etmek aşakdaky ýaly geçirilýar:

  • termiki, himiki, mehaniki ýa-da başga görnüşde täsir etmek arkaly (ýakmak, weýran etmek, gömmek we başga hili), munuň netijesinde harytlar doly ýok edilýär. Harydy ýok etmegiň usuly, niýetlenilişi boýunça peýdalanmak üçin ony dikeltmegiň, ilkibaşky ýagdaýyna getirmegiň mümkin bolmazlygyny üpjün etmelidir;
  • deşikleriň deşilmegini, bölmegi, gaýry usullar bilen zeper ýetirilmegini goşmak bilen bozmak, sökmek, mehaniki zeper ýetirmek arkaly, ýagny şeýle zeper ýetirmeler harytlaryň soňra dikeldilmegini we olary peýdalanmak mümkinçiligini aradan aýyrmalydyr.

3.4. Tehnologik sebäplere görä saklanylýan ýerlerinden alyp we peýdalanyp bolmajak, saklamagyň aýratyn şertlerini talap edýän harytlar babatynda, ýok etmeklik, harytlaryň saklanylýan ýerlerinden alynmagynyň we olaryň mundan beýläk peýdalanylmagynyň mümkin däldigi hakynda degişli ygtyýarly döwlet edarasynyň netijenamasynyň esasynda geçirildi diýlip hasap edilýär.
3.5. Harytlary ýok etmeklik, gümrük edarasynyň işgäriniň we Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda bilelikde gümrük taýdan resmileşdirmäni amala aşyrýan adamlaryň, harytlary ýok etmek gümrük düzgünini beýan eden tarapyň wekiliniň, degişli halatlarda bolsa, gümrük ammarynyň eýesiniň gatnaşmagynda geçirilýär.
Harytlar hakykatda ýok edilende, olaryň ýok edilendigi güwänama bilen bellenilen tertipde resmileşdirilýär (2-nji goşundy).
Harydy ýok etmegiň aýratynlygyny hasaba almak bilen güwänama haryt hakykatda ýok edilende gatnaşan beýleki adamlar hem gol çekýärler.
3.6. Harytlaryň ýok edilendigi barada bellenen tertipde resmileşdirilen güwänamanyň esasynda, haryt gümrük gözegçiliginden aýrylýar.
3.7. Harytlary ýok etmekligiň netijesinde emele gelen galyndylar, mundan beýläk-de peýdalanmagy mümkin bolan mahaly degişli gümrük düzgüninde ýerleşdirilmelidir we harytlary ýok etmek gümrük düzgünini beýan eden tarap tarapyndan beýan edilmelidir.

IV. Ýok etmegiň möhleti we ýeri

4.1. Harytlary ýok etmegiň möhleti, beýan edilen usul bilen harytlaryň bu görnüşini ýok etmek boýunça amallary geçirmek üçin zerur bolan wagtdan we harytlaryň ýerleşýän ýerinden ýok edilmeli ýerine olary daşamak üçin gerek bolan wagtdan ugur alnyp, gümrük edarasy tarapyndan bellenilýär.
4.2. Harytlary ýok etmegiň ýeri, daşky gurşawy goramak hakynda Türkmenistanyň kanunlarynyň we şu Düzgünnamanyň 2.2-nji bölüminiň talaplaryny hasaba almak bilen, gümrük edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.