Таможенный контроль
Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibini tassyklamak hakynda

«Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibi» Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda çykaran 65 belgili buýrugy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 27-nji iýunynda 1350 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy we 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda herekete girizildi

Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibini tassyklamak hakynda

Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 67-nji maddasynyň birinji bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibini tassyklamaly (goşulýar).
2. Aýry-aýry gümrük düzgünleriniň çäklerinde amala aşyrylýan we gümrük hyzmatlaryny bitirmek boýunça işi - wagtlaýyn saklanylýan ammaryň işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany alan ýuridik şahslary, ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletine, wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşulan hasap etmeli.
3. 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň herekete girizilen gününden öň wagtlaýyn saklanylýan ammaryň işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany alan ýuridik şahslar, şu buýruk bilen tassyklanylan wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertlerini we wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänlere bildirilýän talaplary berjaý etmek boýunça zerur işleri, şu buýrugyň herekete girizilen gününden başlap 90 (togsan) senenama gününiň dowamynda geçirmeli, şeýle hem Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyny ýöretmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary görkezilen möhlete çenli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna bermeli.
4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D. Baýryýew gözegçilik etmeli. 
5. Buýrugy degişli şahslaryň dykgatyna ýetirmeli.


Gullugyň başlygy                    M. Hudaýkulyýew

 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda çykaran 65 belgili buýrugy bilen  tassyklanyldy

 

Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibi

I bap. Umumy düzgünler

1. Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibi (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 67-nji maddasyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we wagtlaýyn saklanylýan ammara (mundan beýläk - Ammar) eýelik edýänleriň sanawyna (mundan beýläk - Sanaw, şu Tertibe 1-nji goşundy) goşmagyň şertlerini hem-de ol Sanawy ýöretmegiň, ýagny ýuridik şahslary Sanawa goşmagyň, Sanawdan çykarmagyň we Sanawa üýtgetmeleri girizmegiň kadalaryny kesgitleýär.

2. Sanawa goşmagy we Sanawy ýöretmegi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy (mundan beýläk - Gulluk) amala aşyrýar.

3. Ýuridik şahslary Sanawa goşmak we goşmakdan ýüz öwürmek, olary Sanawdan çykarmak, Sanawa üýtgetmeleri girizmek barada, şeýle hem ol Sanawy ýöretmek bilen bagly beýleki çözgütler Gullugyň başlygynyň buýrugy bilen bellenilen Gullugyň merkezi edarasynyň bölümleriniň ylalaşmagy we Gullugyň başlygynyň orunbasarynyň tassyklamagy arkaly kabul edilýär. Ol çözgütler, görnüşi Gulluk tarapyndan tassyklanylýan ylalaşyk namasy bilen resmileşdirilýär.

4. Ýuridik şahsyň Ammaryň işini amala aşyrmaga hukugy, onuň Sanawa goşulan pursadyndan başlap ýüze çykýar we ol hukuk şahsyň Sanawdan çykarylmagy bilen bes edilýär.

5. Şu Tertipde ulanylýan düşünjeler Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde kesgitlenen manylarda ulanylýar.

II bap. Sanawa goşmagyň şertleri

6. Sanawa goşmagyň şertleri şulardan ybarat:
    1) ýuridik şahsyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilmegi we Türkmenistanda ýerleşmegi; 
    2) ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamasynda Ammaryň işiniň ýerine ýetirilmegi bellenilen bolmagy;
    3) ýuridik şahsyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilkibaşdaky tertipnama maýasynyň, tertipnama gaznasynyň ýa-da paýly gatançlarynyň bolmagy;
    4) ýuridik şahsyň Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 66-njy maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde bellenilen talaplara hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde 860 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 143 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Wagtlaýyn saklanylýan ammarlaryň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna we ýerleşýän ýerine bildirilýän hökmany talaplara laýyk gelýän we Ammar hökmünde ulanmak üçin ýaramly bolan jaýlara we (ýa-da) açyk meýdançalara eýelik etmegi (hususy eýeçiliginde ýa-da kärendesinde bolmagy);
    5) arza berlen gününde ýuridik şahs tarapyndan gümrük işi babatdaky administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça administratiw temmini bermek hakynda güýje giren kararlardan ýerine ýetirilmedik kararyň (kararlaryň) we gümrük töleglerini tölemek boýunça ýerine ýetirilmedik borjunyň bolmazlygy;
    6) ýuridik şahsyň Ammara eýelik edýäniň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi bilen tanyş bolmagy.

7. Jaýlara we (ýa-da) açyk meýdançalara eýelik etmek kärende şertnamasy esasynda amala aşyrylýan ýagdaýynda, şeýle şertnama Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşmak hakynda arzanyň (mundan beýläk - Arza, şu Tertibe 2-nji goşundy) berlen gününde 1 (bir) ýyldan az bolmadyk möhlete baglaşylan bolmalydyr.

III bap. Sanawa goşmagyň kadalary

8. Sanawa goşulmagy üçin, şu Tertibiň altynjy böleginde bellenen şertlere laýyk gelýän ýuridik şahs (mundan beýläk - Arza beriji), Arza bilen Gullugyň merkezi edarasyna ýazmaça ýüz tutýar hem-de şu resminamalary we maglumatlary Arza goşup berýär:
    1) kärhananyň  esaslandyryş  resminamasynyň  (tertipnamasynyň), Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň we daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň şahadatnamasynyň (kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine bu talap degişli däl) tassyklanan nusgalary; 
    2) ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamanyň (esaslandyryş resminamasynda ýuridik şahsyň ýolbaşçysy görkezilmedik halatynda) we bu ýolbaşçynyň pasportynyň nusgasy;
    3) töledip alynmagy gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen gümrük we beýleki tölegleriň Türkmenistanyň Gümrük kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen Ammara eýelik edýän şahs tarapyndan tölenmegi bellenen ýagdaýlarda, şol tölegleri tölejekdigi hakynda kepilliklerini berýändigi barada maglumaty;
    4) harytlaryny Ammara ýerleşdirýän şahslar bilen harytlary saklamak boýunça baglaşyljak şertnamanyň (şertnamalaryň) mysaly nusgasy (nusgalary);
    5) Ammar üçin niýetlenen jaýlaryň we (ýa-da) açyk meýdançalaryň (desgalaryň) çäkleriniň her biriniň aýratynlykdaky we umumy tutýan meýdany baradaky maglumaty;
    6) Ammar üçin niýetlenen jaýlaryň we (ýa-da) açyk meýdançalaryň (desgalaryň) çäkleriniň çyzgylary;
    7) ekologiýa, sanitariýa-epidemiologiýa we ýangyna garşy kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilýändigini tassyklaýan degişli döwlet edaralarynyň delilhatlary;
    8) wagtlaýyn saklamak üçin göz öňünde tutulýan harytlaryň görnüşleri we beýleki harytlara zyýan ýetirip biljek ýa-da saklamagyň aýratyn şertlerini talap edýän harytlaryň saklanmagy üçin enjamlaşdyrylan aýratyn jaýlar (eger şeýle jaýlar bar bolsa) baradaky maglumat;
    9) Arza berijiniň eýelik etmeginde bolýan we Ammar hökmünde ulanylmagy üçin niýetlenilen jaýlaryň we (ýa-da) açyk meýdançalaryň ýerleşýän ýerleri, enjamlaşdyrylyp gurnalyşy we maddy-tehniki üpjünçiligi baradaky maglumatlar;
    10) Ammar üçin niýetlenen jaýlara we (ýa-da) açyk meýdançalara (desgalara) eýelik etmek hukugyny (eýeçiligindedigini ýa-da kärendä alnandygyny) tassyklaýan resminamalaryň Ammara eýelik edýän ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we kärhananyň möhüri goýlup tassyklanan nusgalary; 
    11) Ammara barmaga hukugy bolan işgärleriň sanawy;
    12) Arza berijiniň wekiliniň ygtyýarlylygyny tassyklaýan ynanç haty ýa-da buýruk.
Arza ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we kärhananyň möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar.
Arza goşulan resminamalaryň nusgalary (pasportdan başga) we maglumatlar ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we kärhananyň möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar.

9. Ammar hökmünde ulanmak üçin niýetlenen her bir aýratyn çäkde ýerleşýän jaýlar we (ýa-da) her bir aýratyn çäkde ýerleşýän açyk meýdançalar üçin aýratyn Arza berilýär.

10. Arza kabul edilenden soň, iş ýöredişiň bellenilen düzgünlerine laýyklykda Gulluk tarapyndan bellige alynýar we Gullugyň başlygynyň ýa-da onuň orunbasarynyň tabşyrygy boýunça, öwrenilmegi üçin Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümine berilýär.
Arza seretmek möhleti, onuň kabul edilen gününden başlap 30 (otuz) senenama gününden uzak bolmaly däldir, şu Tertibiň on üçünji böleginde bellenilen halatlar muňa degişli däldir.

11. Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi Arzanyň we oňa goşulan resminamalaryň, şeýle hem mälim edilen maglumatlaryň şu Tertibiň sekizinji böleginde bellenilen talaplara laýyk gelýändigini hem-de şu Tertibiň altynjy böleginde bellenilen şertleriň berjaý edilişini barlamalydyr.
Gullugyň başlygynyň ýa-da onuň orunbasarynyň tabşyrmagy boýunça, degişli gümrük edarasy ýerlerdäki Ammar üçin niýetlenen jaýlaryň we (ýa-da) açyk meýdançalaryň şu Tertibiň altynjy böleginiň 4-nji bendine laýyklykda Ammarlaryň ýerleşýän ýerine we enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini barlap, onuň delilnamasyny Gullugyň merkezi edarasyna berýär.

12. Arza beriji tarapyndan berlen resminamalardaky maglumatlar barlananda, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, Gullugyň goşmaça resminamalary we maglumatlary, şeýle hem nusgasy berlen resminamalaryň asyl nusgalaryny sorap almaga hukugy bardyr.
Sorap alnan resminamalaryň asyl nusgalary olaryň nusgalary bilen deňeşdirmek arkaly barlanandan soň, Arza berijä gaýtarylyp berilýär. Şonda Arzany barlaýan Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň wezipeli adamy resminamanyň nusgasynda «Asyl nusga bilen deňeşdirildi» diýen ýazgyny edýär we «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň 25-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenen tertipde tassyklaýar.

13. Zerur bolan halatlarda Gulluk üçünji taraplardan, şeýle hem döwlet edaralaryndan, Arza beriji tarapyndan berlen resminamalary we maglumatlary tassyklaýan resminamalary ýazmaça sorap biler. Şeýle ýagdaýda, Gulluk Arza seretmek möhletini, onuň kabul edilen gününden başlap 60 (altmyş) senenama gününden köp bolmadyk wagta uzaltmaga haklydyr.
Soragnamalaryň jogaplary iş ýöredişiň bellenilen düzgünlerine laýyklykda Gulluk tarapyndan bellige alynýar we Arza goşulýar. 

14. Arza seredilýän döwründe Arzada, oňa goşulan resminamalarda we mälim edilen maglumatlarda görkezilen islendik maglumat üýtgän ýagdaýynda, Arza beriji bu barada Gulluga ýazmaça habar bermäge borçludyr.

15. Arza seretmek möhletiniň dowamynda Sanawa goşmak ýa-da Sanawa goşmakdan ýüz öwürmek boýunça çözgüt kabul edilýär.

16. Barlagyň netijeleri boýunça, Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi Arza berijini Sanawa goşmak baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar.

17. Sanawa goşmak baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.

18. Sanawa goşmak ýa-da Sanawa goşmakdan ýüz öwürmek boýunça çözgüt, Gullugyň başlygynyň orunbasary tarapyndan Sanawa goşmak baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasynyň tassyklanylan gününden güýje girýär.
Arza berijä kabul edilen çözgüt barada 3 (üç) iş gününiň dowamynda ýazmaça habar berilýär.

19. Sanawa goşmak barada çözgüt kabul edilende, Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi çözgüdiň kabul edilen gününden gijä galman, Arza beriji üçin Ýuridik şahsyň wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşulandygy hakynda şahadatnama (mundan beýläk - Şahadatnama, şu Tertibe 3-nji goşundy) taýýarlaýar.
Şahadatnama Gullugyň başlygynyň goly we Gullugyň döwlet tugraly möhri bilen tassyklanylýar.

20. Şahadatnama Gulluk tarapyndan ýöredilýän Ýuridik şahsyň wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyna goşulandygy hakynda şahadatnamalary bellige alyş kitabynda bellige alynýar.

21. Şahadatnamanyň asyl nusgasy Arza berijä berilýär, onuň nusgasy Gullukda saklanylýar.
Şahadatnamanyň asyl nusgasy ýuridik şahsyň ýolbaşçysyna ýa-da ol ýuridik şahsyň ynanç haty boýunça hereket edýän işgärine, Gullukda galýan Şahadatnamanyň  nusgasynyň arka tarapynda Şahadatnamanyň asyl nusgasynyň berlendigi barada bellikler edilip, berlen senesi görkezilip gol çekdirilip berilýär.

22. Şahadatnama möhletsiz berilýär we ol diňe Sanawa goşulan ýuridik şahs babatda hakyky hasap edilýär.

23. Sanawa goşmak, Ammar hökmünde ulanmak üçin niýetlenen her bir aýratyn çäkde ýerleşýän jaýlar we (ýa-da) her bir aýratyn çäkde ýerleşýän açyk meýdançalar boýunça amala aşyrylýar. Her bir aýratyn çäkde ýerleşýän jaýlar we (ýa-da) her bir aýratyn çäkde ýerleşýän açyk meýdançalar üçin aýratyn Şahadatnama berilýär.

24. Şular Sanawa goşmakdan ýüz öwürmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi üçin esas bolup durýar:
    1) şu Tertibiň altynjy böleginde bellenilen şertleriň berjaý edilmezligi;
    2) Arzanyň şu Tertibiň sekizinji böleginiň talaplarynyň bozulmagy bilen berilmegi we (ýa-da) Arzada, oňa goşulan resminamalarda we maglumatlarda nädogry maglumatlaryň görkezilmegi;
    3) Arza seredilýän döwründe Arza berijiniň özüniň Sanawa goşulmazlygy hakynda Gulluga ýazmaça ýüz tutmagy.

25. Gulluk Sanawa goşmakdan ýüz öwürmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigi hakynda we şeýle çözgüdiň kabul edilmeginiň sebäplerini görkezmek bilen, şu Tertibiň on sekizinji böleginde görkezilen möhletde Arza berijä ýazmaça habar berýär. 

26. Sanawa goşmakdan ýüz öwürmek barada çözgüdiň kabul edilmegi üçin esas bolan kemçilikler düzedilen şertinde, ýuridik şahs gaýtadan Arza bilen Gulluga ýüz tutmaga haklydyr.

IV bap. Ammara eýelik edýäne bildirilýän talaplar

27. Ammara eýelik edýän şu talaplary berjaý etmelidir:
    1) Ammaryň işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolandyrmagy;
    2) şu Tertibiň altynjy böleginde bellenilen şertleri ýerine ýetirmegi;
    3) Sanawa goşulan wagtynda we ol Sanawa üýtgetmeler girizilen wagtynda Gulluga mälim edilen islendik maglumat üýtgän ýagdaýynda (Ammaryň görnüşiniň üýtgemegi, peýdaly meýdanynyň ulalmagy ýa-da kiçelmegi, eýesiniň üýtgemegi we şuňa meňzeşler), bu barada, görkezilen maglumatlara üýtgetmeleriň girizilen gününden ýa-da oňa bu üýtgetmeleriň girizilendigi barada belli bolan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda Gulluga ýazmaça habar bermegi;
    4) harytlaryň gümrük gözegçiliginden sowa Ammara gowuşmagyna we şol Ammardan alynmagyna ýol berilmezligi;
    5) Ammara gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan goýlan gümrük kybaplaýyş serişdeleriniň (plombalaryň, möhürleriň we ş.m.) zaýalanmazlygy we ýitirilmezligi;
    6) keseki adamlaryň wagtlaýyn saklanylýan harytlara aralaşyp bilmezligi;
    7) gümrük edarasynyň wezipeli adamlarynyň talap etmegi boýunça, olaryň wagtlaýyn saklanýan harytlara bellenen tertipde aralaşmagyna mümkinçilik döredilmegi;
    8) wagtlaýyn saklanylýan harytlar bilen operasiýalaryň diňe Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 63-nji maddasyna laýyklykda geçirilmegi;
    9) Ammarda gümrük taýdan resmileşdirmegi amala aşyrmak üçin zerur şertleri bolan iş otagynyň döredilmegi, Ammaryň awtoulag we aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi;
    10) ýangyna garşy kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilmegi;
    11) töledip alynmagy gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen gümrük we beýleki tölegleriň Türkmenistanyň Gümrük kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen Ammara eýelik edýän şahs tarapyndan tölenmegi bellenen ýagdaýlarda, şol tölegleri tölemegi;
    12) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda gümrük edaralaryna hasabatlary bermegi, şol sanda maglumat tehnologiýalary arkaly;
    13) gümrük edarasynyň talap etmegi boýunça, harytlaryny Ammara ýerleşdiren şahs bilen baglaşylan şertnamanyň nusgasyny bermegi;
    14) Ammara ýerleşdirilen we ammardan berlen harytlar barada döwürleýin hasabaty (şu Tertibe 4-nji goşundy) her çärýek boýunça, hasabat döwrüniň yzyndan gelýän günden başlap 15 (on bäş) günden uzak bolmadyk möhletde Gulluga bermegi;
    15) harytlaryny Ammara ýerleşdiren şahslaryň harytlara ygtyýarlygyny barlamagy;
    16) Gullukdan we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük edaralaryndan Ammaryň işinde kemçilikleriň bardygy hakynda gowşan habarlar boýunça, haýal etmän, zerur işleri geçirmegi we geçirilen işler boýunça Gullugy we görkezilen habarlary iberen gümrük edaralaryny hat üsti bilen habarly etmegi;
    17) Sanawdan çykarylan halatynda, öz Ammarynda saklanylýan harytlary, Sanawdan çykarylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap 2 (iki) aýyň dowamynda, öz hasabyna başga Ammara ýerleşdirmegi;
    18) Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen Ammara eýelik edýäniň borçlaryny we beýleki talaplary berjaý etmegi.

28. Ammara eýelik edýäniň harytlaryny Ammara ýerleşdirýän şahslar bilen gatnaşyklary, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, şertnama esasynda guralýar.

V bap. Sanawa üýtgetmeleri girizmegiň kadalary

29. Ammara eýelik edýän tarapyndan Gulluga mälim edilen maglumatlar üýtgände, Sanawa goşulan ýuridik şahs - Ammara eýelik edýän Sanawdaky üýtgetmäge degişli maglumatlary görkezmek bilen, şu Tertibiň ýigrimi ýedinji  böleginiň 3-nji bendinde görkezilen möhletiň çäklerinde Sanawa üýtgetmeleri girizmek hakynda Gulluga arza berýär.

30. Sanawa üýtgetmeleri girizmek hakynda arza erkin görnüşde düzülýär      hem-de ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we kärhananyň möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar. Bu arza, maglumatlaryň üýtgändigini tassyklaýan resminamalaryň tassyklanan nusgalary goşulmalydyr.

31. Sanawa üýtgetmeleri girizmek hakynda arza, onuň kabul edilen gününden başlap, 10 (on) senenama gününiň dowamynda seredilýär. Gulluk ol arzada hem-de oňa goşulan resminamalarda görkezilen maglumatlary barlamak maksady bilen goşmaça resminamalary we maglumatlary talap etmäge haklydyr.

32. Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi Sanawa üýtgetmeleri girizmek baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar. Bu ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.

33. Sanawa üýtgetmeleri girizmek barada çözgüt şu Tertibiň otuz birinji böleginde görkezilen möhletde kabul edilýär we bu çözgüt kabul edilenden soňra, «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyna (mundan beýläk - Maglumat ulgamy) degişli üýtgetmeler girizilýär.

34. Sanawa üýtgetmeleri girizmek hakynda arzany beren Ammara eýelik edýäne, onuň beren arzasy boýunça kabul edilen çözgüt hakynda, ol çözgüdiň kabul edilen gününden başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda habar berilýär.

35. Eger Sanawa üýtgetmeleri girizmekden ýüz öwrülen bolsa, berilýän habarda ýüz öwürmegiň sebäpleri görkezilýär.

VI bap. Ammara eýelik edýäni Sanawdan çykarmagyň kadalary

36. Şu ýagdaýlarda Ammara eýelik edýän Sanawdan çykarylýar:
    1) şu Tertibiň altynjy böleginde bellenilen şertler berjaý edilmeýän bolsa;
    2) şu Tertibiň IV baby bilen bellenilen talaplary birnäçe gezek bozsa;
    3) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 68-nji maddasynda bellenilen Ammara eýelik edýäniň borçlaryny berjaý etmese;
    4) gümrük kanunçylygyny gödek ýa-da yzygiderli bozsa;
    5) ýuridik şahs ýatyrylsa ýa-da üýtgedilip guralsa;
    6) özüni Sanawdan çykarmak hakynda arza bilen ýüz tutsa.

37. Özüni Sanawdan çykarmak hakynda arza, Ammara eýelik edýäniň öz islegi boýunça, erkin görnüşde düzülýär. Ol arza ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goluny we kärhananyň möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar.

38. Ammara eýelik edýäni Sanawdan çykarmak barada çözgüt, Sanawdan çykarmak hakynda arza kabul edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda, şu Tertibiň otuz altynjy böleginiň 1-5-nji bentlerinde görkezilen ýagdaýyň (ýagdaýlaryň) ýüze çykan halatynda bolsa, bu ýagdaýyň (ýagdaýlaryň) ýüze çykandygyny tassyklaýan resminamanyň (resminamalaryň) kabul edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

39. Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi şu Tertibiň otuz altynjy böleginde görkezilen ýagdaýlaryň ýüze çykandygyny tassyklaýan resminamalary barlaýar we barlagyň netijeleri boýunça Ammara eýelik edýäni Sanawdan çykarmak baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar. Ol ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.

40. Ammara eýelik edýäni Sanawdan çykarmak baradaky çözgüt, Gullugyň başlygynyň orunbasary tarapyndan tassyklanylan gününden güýje girýär.

41. Ammara eýelik edýän Sanawdan çykarylan halatynda, Ammara eýelik edýäniň Sanawdan çykarylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap, harytlaryň bu Ammara ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär. Şeýle ýagdaýda, Wagtlaýyn saklanylýan ammara eýelik edýänleriň sanawyndan çykarylan pursatynda ýuridik şahsyň ammarynda wagtlaýyn saklanylýan harytlar baradaky hasabat (şu Tertibe 5-nji goşundy), Ammara eýelik edýäniň Sanawdan çykarylan gününden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda, Ammara eýelik eden ýuridik şahs tarapyndan, ýazmaça ýa-da elektron görnüşde, iş zolagynda şol Ammar hereket eden gümrük edarasyna berilýär. Ammara eýelik edýäniň Sanawdan çykarylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap 2 (iki) aýyň dowamynda, onuň Ammarynda saklanylýan harytlar, Ammara eýelik eden ýuridik şahsyň öz hasabyna, başga Ammara ýerleşdirilmäge degişlidir. 

42. Ammara eýelik edýäni Sanawdan çykarmak baradaky çözgüde laýyklykda, Maglumat ulgamyna degişli maglumatlar girizilýär.

43. Sanawdan çykarylan ýuridik şahsa, ony Sanawdan çykarmak barada çözgüdiň kabul edilendigi hakynda habar, ol çözgüdiň kabul edilen gününden başlap  3 (üç) iş gününiň dowamynda iberilýär. 

Eger ýuridik şahs Sanawdan şu Tertibiň otuz altynjy böleginiň 1-5-nji bentlerinde görkezilen ýagdaýyň (ýagdaýlaryň) ýüze çykmagy esasynda çykarylan bolsa, onda habarda şeýle çözgüdiň kabul edilmeginiň sebäpleri görkezilýär.

44. Ammara eýelik edýän özüni Sanawdan çykarmak barada arzany Gulluga bermezden 10 (on) senenama gün öň, bu barada harytlaryny Ammara ýerleşdiren şahslary habarly etmäge borçludyr.

45. Sanawdan çykarylan ýagdaýynda, ýuridik şahs, Ammara eýelik edýäni Sanawdan çykarmak baradaky çözgüdiň güýje giren gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda, özündäki Şahadatnamanyň asyl nusgasyny Gulluga gaýtaryp berýär.

46. Sanawdan çykarylan ýuridik şahs özüniň Sanawa goşulmagy üçin, Gulluga şu Tertibe laýyklykda Arza bermek bilen gaýtadan ýüz tutup biler.

VII bap. Jemleýji düzgünler

47. Sanawa goşmak we goşmakdan ýüz öwürmek baradaky çözgütleriň, şeýle hem ol Sanawy ýöretmek boýunça beýleki çözgütleriň ylalaşyk namasy, Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleriniň başlyklarynyň ýa-da olaryň ýerine galan şahslaryň ylalaşyk namasyna gollarynyň goýulmagy arkaly resmileşdirilýär.
Ylalaşyk namasynyň bellige alynmagy, Gullukda ýöredilýän Ylalaşyk namalaryny bellige alyş kitabynda bellige alyş belgisiniň berilmegi arkaly amala aşyrylýar.

48. Ýuridik şahs Sanawdan çykarylanda, ol ýuridik şahsa berlen Şahadatnama ýatyrylan diýip ykrar edilýär.
Sanawdan çykarylan ýuridik şahs şu Tertibe laýyklykda gaýtadan Sanawa goşulanda, oňa täze Şahadatnama resmileşdirilip berilýär.

49. Sanaw Maglumat ulgamyny ulanmak arkaly elektron görnüşde ýöredilýär.
Sanaw, ýuridik şahslary Sanawa goşmak, olary Sanawdan çykarmak we Sanawa üýtgetmeleri girizmek barada kabul edilýän çözgütler esasynda işlenip düzülýär.
Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi şu Tertibe laýyklykda kabul edilýän çözgütler boýunça degişli maglumatlary Sanawa girizýär.
Sanaw Gullugyň Internet torundaky saýtynda ýerleşdirilýär we ondaky maglumatlar aýda azyndan bir gezek täzelenýär.

50 Gulluk şu Tertibiň otuz dördünji we kyrk üçünji böleklerinde görkezilen habarlary Ammara eýelik edýänleriň Arzada beýan eden aragatnaşyk serişdelerine elektron we (ýa-da) faksimil görnüşinde iberýär. Ammara eýelik edýäniň ýüz tutmasy boýunça, şeýle habar ýazmaça görnüşde berilýär.

51. Sanawa goşmak bilen bagly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

Приложения
oops
Wagtlaýyn ammar goşundy