Таможенный контроль
Gümrük dellallarynyň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibini tassyklamak hakynda

«Gümrük dellallarynyň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 11-nji maýynda çykaran 57 belgili buýrugy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda 1337 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy we 2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda herekete girizildi.

Gümrük dellallarynyň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibini tassyklamak hakynda

Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň talaplaryna laýyklykda gümrük dellaly hökmünde işiniň amala aşyrylyşyny kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Gümrük dellallarynyň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibini tassyklamaly (goşulýar).
2. Aýry-aýry gümrük düzgünleriniň çäklerinde amala aşyrylýan we gümrük hyzmatlaryny bitirmek boýunça işi - gümrük dellalynyň işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany alan ýuridik şahslar ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletine gümrük dellallarynyň sanawyna goşulan hasap etmeli.
3. 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň herekete girizilen gününden öň Gümrük dellalynyň işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany alan ýuridik şahslar, şu buýruk bilen tassyklanylan gümrük dellallarynyň sanawyna goşmagyň şertlerini we gümrük dellalyna bildirilýän talaplary berjaý etmek boýunça zerur işleri şu buýrugyň herekete girizilen gününden başlap 90 (togsan) gününiň dowamynda geçirmeli, şeýle hem gümrük dellalynyň sanawyny ýöretmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary görkezilen möhlete çenli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna bermeli.
4. Gümrük dellallarynyň sanawyna goşmagyň şertlerini we gümrük dellalyna bildirilýän talaplary berjaý etmeýän, gümrük dellalynyň işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany alan ýuridik şahslary şu buýrugyň ikinji böleginde görkezilen möhlet tamamlanandan soň, bellenilen tertipde gümrük dellallarynyň sanawyndan aýyrmaly.
5. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.
6. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D. Baýryýew gözegçilik etmeli. 
7. Buýrugy degişli şahslaryň dykgatyna ýetirmeli.


Gullugyň başlygy                    M. Hudaýkulyýew
 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji
ýylyň 11-nji maýynda çykaran 57 belgili buýrugy bilen  tassyklanyldy

 

Gümrük dellallarynyň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

1. Gümrük dellallarynyň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 13-nji babyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we ýuridik şahslary gümrük dellallarynyň sanawyna (mundan beýläk - Sanaw, şu Tertibe, 1-nji goşundy) goşmagyň şertlerini hem-de ol Sanawy ýöretmegiň, ýagny ýuridik şahslary Sanawa goşmagyň, Sanawdan çykarmagyň we Sanawa üýtgetmeleri girizmegiň kadalaryny kesgitleýär.

2. Sanawy ýöretmek boýunça işler Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy (mundan beýläk - Gulluk) tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Ýuridik şahslary Sanawa goşmak we goşmakdan ýüz öwürmek, olary Sanawdan çykarmak, Sanawa üýtgetmeleri girizmek barada, şeýle hem ol Sanawy ýöretmek bilen bagly beýleki çözgütler Gullugyň başlygynyň buýrugy bilen bellenilen Gullugyň merkezi edarasynyň bölümleriniň ylalaşmagy we Gullugyň başlygynyň orunbasarynyň tassyklamagy arkaly kabul edilýär. Ol çözgütler, görnüşi Gulluk tarapyndan tassyklanylýan ylalaşyk namasy bilen resmileşdirilýär.

4. Ýuridik şahsyň gümrük dellaly hökmünde işi amala aşyrmaga hukugy Sanawa goşulan pursadyndan başlap ýüze çykýar we ol hukuk şahsyň Sanawdan çykarylmagy bilen bes edilýär.

5. Sanawa goşulmadyk şahslar tarapyndan gümrük dellaly hökmünde işiň amala aşyrylmagy bikanun bolup durýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

6. Şu Tertipde ulanylýan düşünjeler Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde kesgitlenen manylarda ulanylýar.

II bap. Sanawa goşmagyň şertleri we kadalary

7. Şu aşakdakylar gümrük dellaly hökmünde işi amala aşyrmaga isleg bildiren ýuridik şahsy Sanawa goşmagyň şertleri bolup durýar:
    1) ýuridik şahsyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilmegi;
    2) ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamasynda gümrük dellalynyň işiniň ýerine ýetirilmegi bellenilen bolmagy;
    3) ýuridik şahsyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilkibaşdaky tertipnama maýasynyň, tertipnama gaznasynyň ýa-da paýly gatançlarynyň bolmagy;
    4) Sanawa goşmak hakynda arza (mundan beýläk - Arza, şu Tertibe 2-nji goşundy) berlen gününde ýuridik şahs tarapyndan gümrük işi babatdaky administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça administratiw temmini bermek hakynda güýje giren kararlardan ýerine ýetirilmedik kararyň (kararlaryň) we gümrük töleglerini tölemek boýunça ýerine ýetirilmedik borjunyň bolmazlygy;
    5) ýuridik şahsyň wezipe sanawynda gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasyny alan ikiden az bolmadyk gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmenleriniň bolmagy;
    6) gümrük edaralary tarapyndan ulanylýan programma önümleri bilen sazlaşýan programma önümleriniň bolmagy;
    7) ýuridik şahsyň Internet torunda elýeterli saýtynyň bolmagy.

8. Özüniň Sanawa goşulmagy üçin şu Tertibiň ýedinji böleginde bellenilen şertlere laýyk gelýän ýuridik şahs (mundan beýläk - Arza beriji) Arza bilen Gullugyň merkezi edarasyna ýazmaça ýüz tutýar hem-de şu resminamalary we maglumatlary Arza goşup berýär:
    1) kärhananyň esaslandyryş resminamasynyň, ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň we kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerinden başgalara - daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň şahadatnamasynyň nusgalary; 
    2) ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamanyň (esaslandyryş resminamasynda ýuridik şahsyň ýolbaşçysy görkezilmedik halatynda) we bu ýolbaşçynyň pasportynyň nusgasy;
    3) gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmenler barada maglumat we olara berlen gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamalarynyň nusgalary;
    4) Türkmenistanyň bank edaralaryndaky milli we daşary ýurt pulunda hasaplarynyň bardygy barada bankyň tassyknamasynyň asyl nusgasy hem-de ýuridik şahsyň tölege ukyplylygyny, şol sanda onuň Arzany beren gününde salgyt tölegi boýunça býujete möhleti geçirilen bergisiniň ýokdugyny tassyklaýan resminamalaryň (hyzmat edýän bankyň we hasaba alnan ýeri boýunça salgyt edarasynyň delilhaty) asyl nusgalary;
    5) töledip alynmagy gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen gümrük we beýleki tölegleriniň Türkmenistanyň Gümrük kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen gümrük dellaly tarapyndan tölenmegi bellenen ýagdaýlarda, şol tölegleri tölejekdigini kepillendirýändigi barada maglumat;
    6) ýuridik şahsyň gümrük dellaly hökmünde işi amala aşyrjak aýrybaşgalanan (özbaşdak) düzüm birlikleriniň sanawy we olaryň ýerleşýän ýerleri (eger şeýle düzüm birlikleri bar bolsa) barada maglumat;
    7) wekillik edýän şahslar bilen gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak boýunça baglaşyljak şertnamanyň (şertnamalaryň) mysaly nusgasy (nusgalary).
Arza ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we kärhananyň möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar.
Arza bilen bilelikde berilýän resminamalaryň nusgalary (pasportdan başgalary) we maglumatlar ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we kärhananyň möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar.

9. Arza kabul edilenden soň, Gullugyň başlygynyň ýa-da onuň orunbasarynyň tabşyrygy boýunça, öwrenilmegi üçin Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümine berilýär.
Arza seretmek möhleti, onuň kabul edilen gününden başlap otuz senenama gününden uzak bolmaly däldir, şu Tertibiň on ikinji böleginde bellenilen halatlar muňa degişli däldir.

10. Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi Arzanyň we oňa goşulan resminamalaryň, şeýle hem mälim edilen maglumatlaryň şu Tertibiň sekizinji böleginde bellenilen talaplara laýyk gelýändigini barlaýar.

11. Arza beriji tarapyndan berlen resminamalardaky maglumatlar barlananda Gullugyň goşmaça maglumatlary, şeýle hem nusgasy berlen resminamalaryň asyl nusgalaryny sorap almaga hukugy bardyr.
Sorap alnan resminamalaryň asyl nusgalary olaryň nusgalary bilen deňeşdirmek arkaly barlanandan soňra Arza berijä gaýtarylyp berilýär. Şonda Arzany barlaýan Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň wezipeli adamy resminamanyň nusgasynda «Asyl nusga bilen deňeşdirildi» diýen ýazgyny edýär we «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenen tertipde tassyklaýar.

12. Gulluk üçünji bir şahslardan, şeýle hem döwlet edaralaryndan şu Tertibiň sekizinji böleginde görkezilen resminamalary we maglumatlary tassyklaýan resminamalary talap etmäge haklydyr. Şonda Gulluk Arza seretmek möhletini onuň kabul edilen gününden başlap altmyş senenama gününden köp bolmadyk wagta uzaltmaga haklydyr.

13. Barlagyň netijeleri boýunça Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi Arza berijini Sanawa goşmak baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar.

14. Sanawa goşmak baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.

15. Arza seretmek möhletiniň dowamynda Sanawa goşmak boýunça çözgüt kabul edilýär we Arza berijä kabul edilen çözgüt barada üç iş gününiň dowamynda ýazmaça habar berilýär.

16. Sanawa goşmak barada çözgüt kabul edilende Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi, çözgüdiň kabul edilen gününden gijä galman, Arza beriji üçin Ýuridik şahsyň gümrük dellallarynyň sanawyna goşulandygy hakynda şahadatnama (mundan beýläk - Şahadatnama, şu Tertibe 3-nji goşundy) taýýarlaýar.
Şahadatnama Gullugyň başlygynyň goly we Gullugyň döwlet tugraly möhri bilen tassyklanylýar.

17. Şahadatnama Gullukda ýöredilýän Ýuridik şahslaryň gümrük dellallarynyň sanawyna goşulandygy hakynda şahadatnamalary bellige alyş kitabynda bellige alynýar.

18. Şahadatnamanyň asyl nusgasy Arza berijä berilýär we nusgasy Gullukda saklanylýar.
Şahadatnamanyň asyl nusgasy ýuridik şahsyň ýolbaşçysyna ýa-da ol ýuridik şahsyň ynanç haty boýunça hereket edýän işgärine, Gullukda galýan Şahadatnamanyň nusgasynyň arka tarapynda Şahadatnamanyň asyl nusgasyny berlendigi barada bellikler edilip, berlen senesi görkezilip gol çekdirilip berilýär.

19. Arza seredilýän döwründe Arzada, oňa goşulan resminamalarda we mälim edilen maglumatlarda görkezilen islendik maglumat üýtgän ýagdaýynda, Arza beriji bu barada Gulluga ýazmaça habar bermäge borçludyr.

20. Şular Sanawa goşmakdan ýüz öwürmek üçin esas bolup durýar:
    1) şu Tertibiň ýedinji böleginde bellenilen şertler berjaý edilmeýän bolsa;
    2) Arza şu Tertibiň sekizinji böleginiň talaplarynyň bozulmagy bilen berlen bolsa we (ýa-da) Arzada, oňa goşulan resminamalarda we maglumatlarda nädogry maglumatlar görkezilen bolsa;
    3) Arza seredilýän döwründe Arza berijiniň özüniň Sanawa goşulmazlygy hakynda Gulluga ýazmaça ýüz tutan ýagdaýynda.

21. Gulluk Sanawa goşmakdan ýüz öwürmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigi hakynda we şeýle çözgüdiň kabul edilmeginiň sebäplerini görkezmek bilen, şu Tertibiň on bäşinji böleginde görkezilen möhletde Arza berijä ýazmaça habar berýär. 

22. Sanawa goşmakdan ýüz öwürmek barada çözgüdiň kabul edilmegi üçin esas bolan kemçilikler düzedilen şertinde, Arza beriji gaýtadan Arza bilen Gulluga ýüz tutmaga haklydyr.

III bap. Gümrük dellalyna bildirilýän talaplar

23. Gümrük dellaly şu talaplary üpjün etmelidir:
    1) şu Tertibiň ýedinji böleginde bellenilen şertleri berjaý etmegi;
    2) gümrük dellalynyň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi bilen tanyş bolmagy;
    3) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda gümrük edaralaryna hasabatlary bermegi, şol sanda maglumat tehnologiýalary arkaly;
    4) Sanawa goşulan wagtynda we ol Sanawa üýtgetmeler girizilen wagtynda Gulluga mälim eden maglumatlar üýtgände, bu barada görkezilen maglumatlara üýtgetmeleriň girizilen gününden ýa-da oňa bu üýtgetmeleriň girizilendigi barada belli bolan gününden başlap bäş iş gününiň dowamynda Gulluga ýazmaça habar bermegi;
    5) gümrük edarasynyň talap etmegi boýunça wekillik edýän şahs bilen baglaşylan şertnamanyň nusgasyny bermegi;
    6) gümrük dellaly hökmünde her ýarymýyllykda amala aşyran gümrük operasiýalary barada hasabaty (şu Tertibe 4-nji goşundy) hasabat döwründen soň her ýylyň 15-nji ýanwaryna we 15-nji iýulyna çenli Gulluga bermegi;
    7) wekilçilik edýän şahslarynyň harytlara we ulag serişdelerine ygtyýarlygyny barlamagy;
    8) wekilçilik edýän şahslaryna Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň talaplaryny düşündirmegi;
    9) wekilçilik edýän şahsdan alnan resminamalaryň we maglumatlaryň dogrulygyny we dolulygyny barlamagy;
    10) Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri gümrük taýdan resmileşdirilende gümrük dellalynyň işini amala aşyrmak boýunça gümrük operasiýalaryny diňe gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasyny alan gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmenler tarapyndan amala aşyrylmagyny;
    11) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda gümrük resminamalaryny tassyklamak maksady bilen, ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça her bir hünärmene bir sany aýratyn belgili möhüri berkitmegi;
    12) gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniniň golunyň nusgasyny we oňa berkidilen möhüriň basma yzynyň nusgasyny ol gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň gümrük operasiýalarynyň geçirilmegini başlamagyndan öň bäş iş gününiň dowamynda Gulluga ýazmaça habar bermegi;
    13) gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmenleriniň Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň talaplaryny berjaý edişlerine yzygiderli gözegçilik etmegi;
    14) Gullukdan we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük edaralaryndan gümrük dellalynyň işinde kemçilikleriň bardygy hakynda gowşan habarlar boýunça haýal etmän zerur işleri geçirmegi we geçirilen işler boýunça Gullugy we görkezilen habarlary iberen gümrük edaralaryny hat üsti bilen habarly etmegi;
    15) gümrük işi hakynda kadalaşdyryjy hukuk namalar, raýat we dolandyryş hukuklarynyň esaslary, salgyt we pul kanunçylygynyň esaslary, daşary ykdysady işi hakynda kanunçylyk hem-de gümrük edaralary tarapyndan ulanylýan programma önümleri bilen işlemek boýunça gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen yzygiderli okuw çärelerini geçirmegi;
    16) gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmenleriniň öz wezipe borçlaryny bolmalysy ýaly ýerine ýetirmek maksady bilen, zerur bolan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen olaryň iş ýerlerinde tanyşmaklary üçin mümkinçilikleri döretmegi;
    17) gümrük dellaly hökmünde işiniň, şol sanda maglumat tehnologiýalary ulanmak arkaly amala aşyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmegi;
    18) gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmenlerini Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna girizilýän üýtgetmeler bilen öz wagtynda tanyşdyrmagy;
    19) Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen gümrük dellallarynyň borçlaryny we beýleki talaplary berjaý etmegi.

24. Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 94-nji maddasynyň ikinji we üçünji böleklerine laýyklykda gümrük dellalynyň deklarant ýa-da başga dahylly şahslar bilen gatnaşyklary Türkmenistanyň Gümrük kodeksine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda şertnama esasynda guralýar.
Gümrük dellaly gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak boýunça şertnamany gös-göni deklarantyň özi bilen baglaşýar.
Eger ekspeditor gümrük dellaly bolmadyk halatynda we ulag ekspedisiýasynyň şertnamasy boýunça deklarant gümrük dellaly bilen şertnamany baglaşmagy ekspeditora tabşyran bolsa, onda gümrük dellaly bilen ekspeditoryň arasynda gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak boýunça şertnamanyň baglaşylmagyna ýol berilýär.
Wekillik edýän şahsy bilen baglaşan şertnamasy boýunça gümrük dellaly hökmünde amala aşyrmaga degişli işiniň doly ýa-da bölekleýin amala aşyrylmagy üçin başga gümrük dellalyna teklip etmäge we geçirmäge gümrük dellalynyň haky ýokdur.

25. Gümrük dellalynyň adyndan gümrük operasiýalaryny, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda gümrük dellalynyň işgäri hökmünde işini amala aşyrýan gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmen amala aşyrýar.
Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň şol bir wagtda iki we ondan köp gümrük dellallarynyň işgäri bolup, gümrük operasiýalaryny amala aşyrmaga haky ýokdur.

26. Gümrük resminamalaryny tassyklamak maksady bilen gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmene şol bir wagtda birden köp möhürleriň berkidilmegi we gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmene berkidilen möhüri ol hünärmenden başga şahslar tarapyndan ulanylmagy gadagan edilýär.

27. Harytlar we ulag serişdeleri gümrük taýdan resmileşdirilende gümrük dellaly tarapyndan doldurylyp tassyklanan gümrük resminamalary we olara goşulýan beýleki resminamalar degişli gümrük edarasyna şu bölümde görkezilen gümrük dellaly tarapyndan, ýagny onuň gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeni tarapyndan berilýär.

28. Gümrük dellalynyň ýerine ýetirýän hyzmatlary we olaryň nyrhlary barada aktual maglumatlar onuň Internet torundaky saýtynda ýerleşdirilýär we bu barada Gulluga ýazmaça habar berilýär.

IV bap. Sanawa üýtgetmeleri girizmegiň kadalary

29. Gümrük dellaly tarapyndan Gulluga mälim edilen maglumatlar üýtgände, Sanawa goşulan gümrük dellaly Sanawdaky üýtgetmäge degişli maglumatlary görkezmek bilen, şu Tertibiň ýigrimi üçünji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen möhletiň çäklerinde Sanawa üýtgetmeleri girizmek hakynda Gulluga arza berýär.

30. Sanawa üýtgetmeleri girizmek hakynda arza erkin görnüşde düzülýär  hem-de ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we kärhananyň möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar. Bu arza maglumatlaryň üýtgändigini tassyklaýan resminamalaryň şu Tertibiň sekizinji böleginiň üçünji tesimine laýyklykda tassyklanan nusgalary goşulmalydyr.

31. Sanawa üýtgetmeleri girizmek hakynda arza kabul edilen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda seredilýär. Gulluk ol arzada hem-de oňa goşulan resminamalarda görkezilen maglumatlary barlamak maksady bilen goşmaça resminamalary we maglumatlary talap etmäge haklydyr.

32. Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi Sanawa üýtgetmeleri girizmek baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar. Bu ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.

33. Sanawa üýtgetmeleri girizmek barada çözgüt şu Tertibiň otuz birinji böleginde görkezilen möhletde kabul edilýär we bu çözgüt kabul edilenden soňra «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyna (mundan  beýläk - Maglumat ulgamy) degişli üýtgetmeler girizilýär.

34. Sanawa üýtgetmeleri girizmek hakynda arzany beren gümrük dellalyna, onuň beren arzasy boýunça kabul edilen çözgüt hakynda, ol çözgüdiň kabul edilen gününden başlap üç iş gününiň dowamynda habar berilýär.
Eger Sanawa üýtgetmeleri girizmekden ýüz öwrülen bolsa, berilýän habarda ýüz öwürmegiň sebäpleri görkezilýär.

V bap. Gümrük dellalyny Sanawdan çykarmagyň kadalary

35. Şu ýagdaýlarda gümrük dellaly Sanawdan çykarylýar, eger:
    1) şu Tertibiň ýedinji böleginde bellenilen şertler berjaý edilmeýän bolsa;
    2) şu Tertibiň III babynda bellenilen talaplary birnäçe gezek bozan bolsa;
    3) gümrük kanunçylygyny gödek ýa-da yzygiderli bozan bolsa;
    4) Sanawa goşulan senesinden başlap ýüz segsen senenama gününiň dowamynda Maglumat ulgamyny ulanmak arkaly gümrük dellaly hökmünde işi amala aşyrmadyk bolsa;
    5) ýuridik şahs ýatyrylan ýa-da üýtgedilip guralan bolsa; 6) özüni Sanawdan çykarmak hakynda arza beren bolsa.

36. Özüni Sanawdan çykarmak hakynda arza gümrük dellalynyň öz islegi boýunça erkin görnüşde düzülýär. Ol arza ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goluny we kärhananyň möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar.

37. Gümrük dellalyny Sanawdan çykarmak barada çözgüt Sanawdan çykarmak hakynda arza kabul edilen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda, şu Tertibiň otuz bäşinji böleginiň 1-5-nji bentlerinde görkezilen ýagdaýyň (ýagdaýlaryň) ýüze çykan halatynda bolsa, bu ýagdaýyň (ýagdaýlaryň) ýüze çykandygyny tassyklaýan resminamanyň (resminamalaryň) kabul edilen we (ýa-da) gümrük dellallary boýunça hasabatyň taýýarlanan gününden başlap, on senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

38. Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi şu Tertibiň otuz bäşinji böleginde görkezilen ýagdaýlaryň ýüze çykandygyny tassyklaýan resminamalary barlaýar we barlagyň netijeleri boýunça gümrük dellalyny Sanawdan çykarmak baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar. Ol ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.

39. Gümrük dellalyny Sanawdan çykarmak barada çözgüt şu Tertibiň otuz ýedinji böleginde görkezilen möhletde kabul edilýär we bu çözgüde laýyklykda Maglumat ulgamyna degişli maglumatlar girizilýär.

40. Sanawdan çykarylan ýuridik şahsa, ony Sanawdan çykarmak barada çözgüdiň kabul edilendigi hakynda habar, ol çözgüdiň kabul edilen gününden başlap üç iş gününiň dowamynda iberilýär.
Eger ýuridik şahs Sanawdan şu Tertibiň otuz bäşinji böleginiň 1-5-nji bentlerinde görkezilen ýagdaýyň (ýagdaýlaryň) ýüze çykmagy esasynda çykarylan bolsa, onda habarda şeýle çözgüdiň kabul edilmeginiň sebäpleri görkezilýär.

41. Gümrük dellaly özüni Sanawdan çykarmak barada arzany Gulluga bermezden on bäş senenama gün öň, bu barada özüniň wekillik edýän şahslaryny habarly etmäge borçludyr.
Gümrük dellalyna görkezilen möhletde we arza berlenden soňra deklarantlar  ýa-da başga dahylly şahslar bilen gümrük dellaly hökmünde işi amala aşyrmak boýunça şertnamalary baglaşmak gadagan edilýär.

42. Şu Tertibiň otuz bäşinji böleginiň 1-5-nji bentlerinde görkezilen ýagdaýyň (ýagdaýlaryň) ýüze çykmagy boýunça gümrük dellaly Sanawdan çykarylanda, Sanawdan çykarylan ýuridik şahs bu barada oňa habaryň iberilen gününden başlap, bäş iş gününiň dowamynda özüniň Sanawdan çykarylandygy barada wekillik edýän şahslaryny habarly etmäge borçludyr.

43. Gümrük dellalynyň Sanawdan çykarylmagy, bu şahsy (onuň mirasdüşerini) Türkmenistanyň Gümrük kodeksine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylmaga degişli hereketlerden boşatmaýar, eger şol hereketleri ýerine ýetirmek boýunça borç, ol ýuridik şahsyň Sanawdan çykarylmagyndan öň gümrük dellaly hökmünde amala aşyran işi bilen baglylykda dörän bolsa.

44. Sanawdan çykarylan ýuridik şahs özüniň Sanawa goşulmagy üçin Gulluga şu Tertibe laýyklykda Arza bermek bilen gaýtadan ýüz tutup biler.

VI bap. Jemleýji düzgünler

45. Sanawa goşmak we goşmakdan ýüz öwürmek barada çözgütleriň, şeýle hem ol Sanawy ýöretmek boýunça beýleki çözgütleriň ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleriniň başlyklarynyň ýa-da olaryň ýerine galan şahslaryň ylalaşyk namasyna gollarynyň goýulmagy arkaly ylalaşylýar.
Ylalaşyk namasynyň bellige alynmagy Gullukda ýöredilýän Ylalaşyk namalaryny bellige alyş kitabynda bellige alyş belgisiniň berilmegi arkaly amala aşyrylýar.

46. Şahadatnama diňe Sanawa goşulan ýuridik şahs babatda hakyky hasap edilýär we möhletsiz berilýär.
Ýuridik şahs Sanawdan çykarylanda ol ýuridik şahsa berlen Şahadatnama ýatyrylan diýlip ykrar edilýär.
Sanawdan çykarylan ýuridik şahs şu Tertibe laýyklykda gaýtadan Sanawa goşulanda oňa täze Şahadatnama resmileşdirilip berilýär.

47. Sanaw Maglumat ulgamyny ulanmak arkaly elektron görnüşde ýöredilýär.
Sanaw ýuridik şahslary Sanawa goşmak, olary Sanawdan çykarmak we Sanawa üýtgetmeleri girizmek barada kabul edilýän çözgütler esasynda işlenip düzülýär.
Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi şu Tertibe laýyklykda kabul edilýän çözgütler boýunça degişli maglumatlary Sanawa girizýär.
Sanaw Gullugyň Internet torundaky resmi saýtynda ýerleşdirilýär we ondaky maglumatlar aýda azyndan bir gezek täzelenýär.

48. Gulluk şu Tertibiň otuz dördünji we kyrkynjy böleklerinde görkezilen habarlary gümrük dellalynyň Arzada beýan eden aragatnaşyk serişdelerine elektron we (ýa-da) faksimil görnüşinde iberýär. Gümrük dellalynyň ýüz tutmasy boýunça, şeýle habar ýazmaça görnüşde berilýär.

49. Sanawa goşmak bilen bagly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

Приложения
oops
Dellal Tertibe - goşundy