News

Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
19 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 19-njy marty. Ýurdumyzyň şu güni möhüm waka—eziz Watanymyzyň ähli sebitlerini gurşap alan ählihalk ýowaryna beslendi. Bag ekmek möwsüminiň çäklerinde nobatdaky çäräniň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýar. Milli Liderimiz mähriban topragymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine zähmet çekmegiň belent nusgasyny görkezmek bilen, şeýle çärelere yzygiderli gatnaşýar.

Ählihalk ýowaryna gatnaşmak üçin irden köpsanly ýowara gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň çäginde—il arasynda Paryzdepe diýlip tanalýan gadymy taryhy ýadygärligiň ýanyna geldi.

Milli Liderimiz ilkinji agaç nahalyny oturdyp, bag ekmek möwsümine badalga berýär. Döwlet Baştutanymyz nahaly oturdandan soň, bu ýerdäkilere ýüzlenip, häzirki ýowaryň hut Paryzdepäniň töwereginde geçirilmeginiň uly ähmiýetini nygtady. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda şöhratly, gadymy taryhy bolan halkymyzyň milli mirasyny hormatlamak we düýpli öwrenmek işleri bilen bir hatarda ata-babalarymyzdan gelýän asylly däbe eýerip, Paryzdepäniň eteklerinde bag ekmek işleri parz işlerdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Täze taryhy eýýamda--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň gözelligi boýunça gaýtalanmajak baýlyklaryny saklamak we köpeltmek meseleleri döwletimiziň esasy üns merkezinde durmak bilen, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellemek gerek. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylaryň ählisini toýa, bereketli türkmen saçagynyň başyna çagyrdy. Bu bahar gününde agzybirlikli zähmet tutuş ýurdumyzda gaýnap joşdy:  müňlerçe adamlar bagy-bossanlyga büremek işlerine uly höwes bilen goşuldylar. Eýýäm häzirden şäherlerimiziň neneňsi özgerendigine, paýtagtymyzyň şäher ýakalarynyň we onuň töwerekleriniň neneňsi abadanlaşdyrylandygyna we tokaýlyklara öwrülendigine baha berip bolýar. Eger biziň her birimiz häzir bir agaç nahalyny oturtsak, onda geljekde ajaýyp türkmen topragy öňküsinden-de gözel bolar hem-de çölüň gapdalynda pürli we saýaly tokaýlyklar seleňläp durar.