For legal entities
For legal entities
Ýük gümrük deklarasiýasyny we üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi

Ýük gümrük deklarasiýasyny we üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi hakynda gollanma

I. Umumy düzgünler

1. Ýük gümrük deklarasiýasyny we üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi hakynda gollanma (mundan beýläk - Gollanma) ýük gümrük deklarasiýasyny (mundan beýläk - ÝGD) we üstaşyr deklarasiýasyny (mundan beýläk - ÜD) aşakdaky bellenilen görnüşlerdäki blanklarda (1-nji goşundy) doldurmagyň kadalaryny kesgitleýär:
- «Ýük gümrük deklarasiýasy/Üstaşyr deklarasiýasy (GD1)» (mundan beýläk - esasy sahypa);
- «Ýük gümrük deklarasiýasyna/Üstaşyr deklarasiýasyna goşmaça sahypa (GD2)» (mundan beýläk - goşmaça sahypa).
2. ÝGD we ÜD türkmen dilinde doldurylýar. Daşary ýurtly şahslaryň atlarynyň we salgylarynyň latyn elipbiýiniň harplary bilen görkezilmegine ýol berilýär. Latyn elipbiýiniň harplaryny özünde saklaýan, harytlary doly beýan etmek üçin hyzmat edýän maglumatlar (haryt nyşany, artikul, kysym we şuňa meňzeşler), şeýle hem ulag serişdeleriniň belgileri, gatnaw belgileri, resminamalaryň belgileri we şolara meňzeş maglumatlar latyn elipbiýiniň harplaryny ulanmak bilen görkezilýär.
3. Esasy sahypa bir haryt barada maglumatlary mälim etmek üçin ulanylýar. Bir ÝGD-da we ÜD-da iki we ikiden köp harytlar barada maglumatlar malim edilende goşmaça sahypalar esasy sahypa goşmaça ulanylýar. Bir goşmaça sahypasynda üç haryt barada maglumatlary görkezip bolýar.
Bir ÝGD-da we ÜD-da 999-dan köp bolmadyk harytlar barada maglumatlar mälim edilip bilner.
Goşmaça sahypalaryndaky doldurylmadyk 31-nji öýjükleriň üsti çyzylmalydyr.
4. Eger şu Gollanma bilen, goşmaça sahypalaryň aýratyn öýjükleri üçin doldurmagyň aýratynlyklary bellenilmedik bolsa, goşmaça sahypalaryň öýjüklerini doldurmagynyň kadalary esasy sahypanyň degişli öýjüklerini doldurmagyň kadalaryna laýyk gelýär.
5. ÝGD-da we ÜD-da maglumatlary mälim etmek üçin Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň (mundan beýläk - Gümrük gullugy) kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gümrük maksatlary üçin peýdalanylýan klassifikatorlar we kadalaşdyryjy-habar maglumatlaryň sanawlary ulanylýar.
6. ÝGD-da we ÜD-da mälim edilýän maglumatlar gümrük maksatlary üçin zerur maglumatlar bolup durýar.
7. Gümrük gullugy aýratyn görnüşli harytlar üçin ÝGD-ny we ÜD-ny doldurmagyň aýratynlygyny bellemäge hukuklydyr.

II. ÝGD-ny doldurmak boýunça umumy düzgünler

8. ÝGD dört sany esasy sahypalardan, şu Gollanma bilen göz öňünde tutulan halatlarynda bolsa, goşmaça sahypalaryndan hem ybaratdyr.
Gümrük gullugynyň bellän halatlarynda, gümrük maksatlary üçin zerur bolan mahalynda sahypalaryň köp sany ulanyp bilner.
9. Bir ÝGD-da bir haryt tapgyrynda bolup, şol bir gümrük düzgünine ýerleşdirilýän harytlar barada maglumatlar mälim edilýär.
Bir haryt tapgyrynda bolan harytlar barada maglumatlary, şol bir gümrük edarasyna berilýän, birnäçe ÝGD-larda deklarant ýa-da gümrük dellaly mälim etmäge hukuklydyr, haçanda bir haryt tapgyryna girýän harytlar, Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna (mundan beýläk - DYI HN) Düşündirme bermegiň 2a esasy kadasyna laýyklykda, ýygnalmadyk ýa-da sökülen görnüşinde bolan harydy düzüjiler hökmünde garalan, we toplanan ýa-da tamamlanan haryda laýyk gelýän, DYI HN-nyň pozisiýasynda toparlara bölünmäge degişli bolan halaty muňa girmeýär.
Aşakdakylar bir haryt tapgyry bolup durýarlar:
a) harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilende - daşary ykdysady geleşik amala aşyrylanda baglaşylan bir şertnama boýunça (ýa-da gaýtadan işlemegiň önümleri deklarirlenende harytlary gaýtadan işlemek rugsadynyň biri boýunça) borçlaryň ýerine ýetirilmeginiň ýa-da birtaraplaýyn daşary ykdysady geleşigiň hasabyna, ýa-da hiç-hili geleşik baglaşmazdan, şol bir iberijiden Türkmenistanyň gümrük çägindäki şol bir alyjynyň salgysyna daşalýan harytlar, bu harytlar babatda aşakdaky şertler bir wagtda ýerine ýetirilende:
- harytlar, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 79-njy maddasynda göz öňünde tutulan, möhletleriň çäginde Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän ýerinde ýa-da eltilmeli ýerinde (eger içerki gümrük üstaşyrynyň amaly ulanylan bolsa) şol bir gümrük edarasyna görkezilende;
- deklarirlenilýän harytlar babatda wagtlaýyn saklanylmagynyň amaly ulanylanda, harytlar şol bir ýerde wagtlaýyn saklanyşda duran (saklanylan) bolsa;
b) harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilende:
- daşary ykdysady geleşik amala aşyrylanda baglaşylan bir şertnama boýunça (ýa-da gaýtadan işlemegiň önümleri deklarirlenilende harytlary gaýtadan işlemek rugsadynyň biri boýunça) borçlaryň ýerine ýetirilmeginiň, ýa-da birtaraplaýyn daşary ykdysady geleşigiň hasabyna, ýa-da hiç-hili geleşik baglaşmazdan, şol bir gümrük edarasynyň iş zolagynda şol bir iberiji tarapyndan, Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän, şol bir alyjynyň salgysyna bir wagtda ýüklenilip iberilýän (ýa-da döwürleýin ýa-da döwürleýin wagtlaýyn deklarirlemek ulanylanda kesgitlenilen wagtyň dowamynda ýüklenilip iberilýän) harytlar;
    ç) Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlar geçirilmezden, ilkibaşda mälim edilen gümrük düzgüni üýtgände ýa-da onuň hereketi tamamlananda:
- bir şertnama boýunça, eger daşary ykdysady geleşik amala aşyrylanda degişli şertnama baglaşylan bolsa, (ýa-da harytlary gaýtadan işlemek rugsadynyň biri boýunça) şol bir ilkibaşdaky gümrük düzgünine ýerleşdirilen, şol bir gümrük edarasynyň gümrük gözegçiliginde bolan harytlar, we bu harytlaryň deklaranty harytlary ilkibaşdaky gümrük düzgünine ýerleşdiren şahs ýa-da deklarirlenilýän harytlara olar ilkibaşdaky gümrük düzgünine ýerleşdirilenden soň emläk hukugyny alan şahs bolup durýan bolsa.
10. Bir haryt tapgyryndaky harytlar dürli gümrük düzgünlerine ýerleşdirilende, her bir gümrük düzgünine aýratyn ÝGD-lar berilmelidir.
11. Gümrük-tarif düzgünleşdirmegiň, gadaganlyklaryň hem-de çäklendirmeleriň bir meňzeş şertleri ulanylmaga degişli bolan, bir haryt tapgyrynyň düzümindäki, DYI HN boýunça bir dokuz belgili toparlara bölüniş koduna degişli edilen, bir ýurtdan ýa-da bir ykdysady bileleşigiň ýa-da birleşigiň çäginden gelip çykan, ýa bolmasa gelip çykan ýurdy belli bolmadyk bir (söwda, täjirçilik) atly harytlar bir haryt ýaly deklarirlenilýärler.
12. ÝGD şu Gollanmada getirilen doldurmagyň kadalaryna laýyklykda doldurylýar we çap ediji enjamyň ulanylmagy bilen düşnükli çap edilýär, onda bozulyp aýrylan we çyrşalan ýazgylar bolmaly däldir.
ÝGD doldurylanda onuň elektron nusgasy döredilýär, ondaky maglumatlar ÝGD-daky maglumatlara laýyk gelmelidir we ol gümrük edarasyna ÝGD bilen bilelikde berilýär.
Deklarant ÝGD-ny doldurmak we onuň elektron nusgasyny döretmek üçin ulanylýan programma önümini gümrük edarasyndan muzdsuz esasda alyp biler.
Gümrük gullugynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen ÝGD-nyň berilmegi arkaly harytlar deklarirlenilende ÝGD-nyň elektron nusgasy bolmazdan onuň berilmeginiň mümkinçiligi bellenilen aýratyn halatlarda ÝGD-da maglumatlar basma baş harplar bilen elde girizilip bilner.
13. Eger öýjüklerde maglumatlary mälim etmek üçin ýa-da gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan gulluk belliklerini goýmak üçin ýeterlik ýer bolmasa, onda zerur bolan maglumatlar, ÝGD-nyň aýrylmaz bölegi bolup durýan, A4 görnüşdäki goşmaça goşulýan sahypalarda (mundan beýläk - ÝGD-ä goşmaça) görkezilmäge degişlidir. ÝGD-ä goşmaçanyň hemme sahypalary belgilenilmelidir. Şunda, ÝGD-nyň degişli öýjüginde (öýjügiň setirinde) «___sahypaly___-nji (njy) goş. seret» diýen ýazgy edilmelidir.
Her ÝGD-ä goşmaçanyň sany ÝGD-nyň nusgalarynyň sanyna gabat gelmelidir. 
ÝGD-ä goşmaçanyň her sahypasynda aşakdakylary görkezmek zerur:
- ýokarky sag böleginde «___________belgili ÝGD-ä __-nji (njy) goşmaça»;
- «__-nji (njy) haryt» ýazgy görnüşinde deklarirlenilýän harydyň tertip belgisi we her haryt boýunça - öýjügiň tertip belgisi we doldurmagyň kadalaryna laýyklykda bu öýjüge girizilýän maglumatlar.
Eger ÝGD-ä goşmaçany deklarant ýa-da gümrük dellaly düzen bolsa,   ÝGD-ä goşmaçanyň her nusgasy aşaky sag böleginde ÝGD-ny dolduran şahs tarapyndan ýa-da bu şahsyň şoňa ygtyýary bolan işgäri tarapyndan gol çekilip, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ÝGD-ny düzen şahsyň möhüri bolmaly bolsa, möhürini goýmak arkaly tassyklanylmalydyr.
ÝGD-ä goşmaçany gümrük edarasynyň wezipeli adamy düzen bolsa, ÝGD-ä goşmaçanyň her nusgasy aşaky sag böleginde wezipeli adam tarapyndan gol çekilip belgili şahsy möhürini goýmak arkaly tassyklanylmalydyr.
ÝGD-nyň elektron nusgasyna ÝGD-ä goşmaçalarda bar bolan hemme maglumatlar girizilmelidir.
14. Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 83-nji maddasynda göz öňünde tutulan şertler berjaý edilende, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 92-nji maddasynyň düzgünleri ulanylýan mahalynda, ÝGD-da mälim edilen maglumatlara üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar girizilip bilner.
ÝGD-daky maglumatlara üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar el bilen   ÝGD-ny dolduran şahs tarapyndan girizilip bilner. Şunda, üýtgedilýän ýa-da düzedilýän maglumatlaryň, indiki tesimde kesgitlenilen halatlardan başga ýagdaýlarda, üsti çyzylýar we ýanynda, şol öýjükde, täze maglumatlar düşnükli girizilmelidir. Her bir üýtgetme, goşmaça, şeýle üýtgetmeleri, goşmaçalary girizen şahsyň goly bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ÝGD-ny düzen şahsyň möhüri bolmaly bolsa, möhürini goýmak ýoly arkaly tassyklanylmalydyr. Gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan ÝGD-daky maglumatlara girizilen üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar, üýtgetmeleri we (ýa-da) goşmaçalary girizen, gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan sene görkezilip, belgili şahsy möhüri goýmak bilen gol çekilip tassyklanylmalydyr.
Eger şeýle üýtgetmeler, goşmaçalar ÝGD-ny düşnüksiz we kyn okalýan etjek bolsa ýa-da olar harytlar goýberilenden soň girizilende, şeýle hem Türkmenistanyň gümrük kodeksiniň 85-nji maddasyna laýyklykda ýetmeýän maglumatlar berlen halatynda gümrük deklarasiýasyny düzediş (mundan      beýläk - GDD1) we zerur bolanda oňa goşmaça sahypalar (mundan beýläk - GDD2) ulanylmalydyr. GDD1 (GDD2) esasy sahypanyň (goşmaça sahypanyň) täze blankyny doldurmak arkaly üç nusgada düzülýär. GDD1 (GDD2) doldurylanda onuň elektron nusgasy döredilýär. 
GDD1-iň (GDD2-iň) degişli öýjüklerine ÝGD-dan bellige alnyş belgisi, deklarant barada maglumatlar (GDD2-de görkezilmeýär) we harydyň tertip belgisi, girizilýän üýtgetmeler, goşmaçalar barada maglumatlar geçirilýär. Üýtgedilen, goşmaça girizilen maglumatlar GDD1-iň (GDD2-iň) degişli öýjüklerine girizilýär. 
Üýtgedilen, goşmaça girizilen maglumatlar GDD1-iň 54-nji öýjüginde we GDD-2-iň her sahypasynda öýjükleriň aşagyndaky setirde ÝGD-ny düzen şahsyň ýa-da bu şahsyň şoňa ygtyýarlyklary bolan işgäriniň goly bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ÝGD-ny düzen şahsyň möhüri bolmaly bolsa, möhürini goýmak ýoly arkaly tassyklanylmalydyr.
ÝGD-na üýtgetme we (ýa-da) goşmaça girizilen hemme halatlarda gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan harydyň tertip belgisi hem-de üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar girizilen öýjükleriň belgileri görkezilip, ÝGD-nyň («1/6», «2/7», «3/8» belgili) esasy sahypalarynyň we GDD1-iň «C» öýjüginde sene görkezilip, gol çekilýär we belgili şahsy möhürini goýmak bilen «______ öýjükler düzedildi» diýen ýazgy görnüşinde bellik edilýär. GDD2-iň «C» öýjüginde gol çekilip, sene we belgili şahsy möhür goýulýar. Şunda, GDD1 (GDD2) ÝGD-nyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
15. Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 84-nji maddasyna laýyklykda ÝGD-nyň yzyna gaýtarylyp alynmagy üçin rugsat berlende, gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan «1/6», «2/7», «3/8», «4/5» belgili esasy sahypalaryň «C» öýjüginde, gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklanylýan, ÝGD-nyň yzyna gaýtarylyp alynmagy üçin berlen rugsadynyň senesi görkezilip «ÝGD yzyna gaýtarylyp alyndy» diýen ýazgy edilýär.
16. Harytlaryň goýberilmegi (şertleýin goýberilmegi) hakynda, harytlaryň goýberilmegini gadagan etmek hakynda çözgüt kabul edilenden soň, Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän türkmen harytlaryny gümrük düzgünine ýerleşdirmek hakynda rugsat berlenden soň, şeýle hem ÝGD-nyň yzyna gaýtaryp alynmagy üçin rugsat alandan soň:
a) «1/6» we «2/7» belgili esasy we goşmaça sahypalar gümrük edarasynda galýar;
b) «3/8» we «4/5» belgili esasy we goşmaça sahypalar deklaranta gaýtarylyp berilýär we şunda harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden harytlaryň alnyp gidilmegi göz öňünde tutulýan gümrük düzgünine ýerleşdirilende, «4/5» belgili esasy we goşmaça sahypalary harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän ýerinde ýerleşýän gümrük edarasyna berilýär.
Harytlar harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän ýerinde ýerleşýän birnäçe gümrük edaralaryň üsti bilen we (ýa-da) wagtyň kesgitli döwrüniň dowamynda bölekleýin alnyp gidilen halatynda Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 85, 86 we 88-nji maddalaryna laýyklykda deklarirlemegiň ýönekeýleşdirilen tertibi ulanylanda, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän ýerinde ýerleşýän gümrük edarasyna ÝGD-nyň «3/8» belgili esasy we goşmaça sahypalarynyň deklarant tarapyndan tassyklanan göçürme nusgalarynyň berilmegine ýol berilýär. 
17. Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 80-nji maddasynyň dördünii bölegine ýa-da 88-nji maddasynyň ýedinji bölegine laýyklykda ÝGD berilmedik hasaplananda «1/6», «2/7», «3/8», «4/5» belgili esasy sahypalaryň «C» öýjüginde gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan, ÝGD-nyň ýuridik ähmiýeti bolan faktlara şaýatlyk edýän mälim etme bolmagyny bes eden senesi görkezilip «ÝGD berilmedik hasaplanýar» diýen ýazgy edilýär. Bu ýazgy gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklanylýar.

III. ÜD-ny doldurmak boýunça umumy düzgünler

18. ÜD «1/6» we «4/5» belgili iki sany esasy sahypalardan, şu Gollanma bilen göz öňünde tutulan halatlarynda bolsa, «1/6» we «4/5» belgili goşmaça sahypalaryndan hem ybaratdyr. 
Gümrük gullugynyň bellän halatlarynda, gümrük maksatlary üçin zerur bolan mahalynda sahypalaryň köp sany ulanyp bilner.
19. Bir ÜD-da bir haryt tapgyrynda bolan harytlar barada maglumat mälim edilip bilner. Şunda bir iberijiden bir alyjynyň salgysyna bir ulag (daşaýyş) resminamasy boýunça daşalýan harytlara bir haryt tapgyry hökmünde garalýar.
20. ÜD çap ediji enjamynyň ulanylmagy bilen çap edilýär. ÜD düşnükli doldurylmalydyr, onda bozulyp aýrylan we çyrşalan ýazgylar bolmaly däl. ÜD-ä düzedişler çap ediji enjamynyň ulanylmagy ýa-da basma baş harplar bilen elde girizilip bilner. Her bir düzediş düzedişi girizen şahsyň goluny, şeýle hem gümrük edarasynyň wezipeli adam tarapyndan belgili şahsy möhürini goýmak arkaly tassyklanylmalydyr. Gümrük edarasy zerur bolan mahalynda täze ÜD-nyň doldurylmagyny talap edip bilýär.
ÜD-nyň elektron nusgasynyň döredilmegine mümkinçilik bolan mahalynda, ol ÜD bilen bilelikde gümrük edarasyna berilýär.
21. Ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan harytlary içerki gümrük üstaşyrynyň amalyna ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirmäge rugsat (mundan beýläk - gümrük üstaşyryna rugsat) berlenden soň we ulag serişdesiniň eltilmeli ýerine barýan pursadyna çenli harydyň ýany bilen iberilýän ÜD-nyň, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy bilen kesgitlenilen ýagdaýlarda, esasy sahypasynyň 55-nji öýjügine kesgitlenilen maglumatlar girizilip bilner. Bu maglumatlar harytlar bilen ýük operasiýalarynyň geçirilmegine degişli bolýar we gümrük üstaşyryna rugsat alan şahs tarapyndan girizilýär. Maglumatlar basma harplar bilen elde girizilip bilner.
55-nji öýjük ýük operasiýalary geçirilende, ÜD-nyň 50-nji öýjüginde görkezilen şahsyň çalyşmadyk halatynda doldurylýar.
22. Eger ýük operasiýalarynyň geçirilmegi netijesinde we (ýa-da) başga sebäplere görä ÜD-nyň 50-nji öýjüginde görkezilen şahs çalyşsa, şeýle hem Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga halatlarda, harytlar bolsa şunda Türkmenistanyň gümrük çäginden soňraky daşalmagyna degişli bolsa, onda gümrük üstaşyryna rugsady almak üçin täze ÜD-nyň doldurylmagy zerur. 
23. Eger öýjükde maglumatlary mälim etmek üçin ýa-da gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan gulluk belliklerini goýmak üçin ýeterlik ýer bolmasa, onda zerur bolan maglumatlar, ÜD-nyň aýrylmaz bölegi bolup durýan, A4 görnüşdäki goşmaça goşulýan sahypalarda (mundan beýläk - ÜD-e goşmaça) görkezilmäge degişlidir. Şunda, ÜD-nyň degişli öýjüginde «___sahypaly___-nji (njy) goş. seret» diýen ýazgy edilmelidir.
ÜD-e goşmaça iki nusgada düzülýär we ÜD-e goşmaçanyň hemme sahypalary belgilenilmelidir.
ÜD-e goşmaçanyň her sahypasynda aşakdakylary görkezmek zerur:
- ýokarky sag böleginde «___________belgili ÜD-e __-nji (njy) goşmaça»;
- «__-nji (njy) haryt» ýazgy görnüşinde mälim edilýän harydyň tertip belgisi we her haryt boýunça - öýjügiň tertip belgisi we doldurmagyň kadalaryna laýyklykda bu öýjüge girizilýän maglumatlar.
ÜD-e goşmaça gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan düzülende, ÜD-e goşmaçanyň hemme nusgasynyň her sahypasy aşaky sag böleginde wezipeli adam tarapyndan gol çekilip belgili şahsy möhürini goýmak arkaly tassyklanylmalydyr.
Başga halatlarda ÜD-e goşmaçanyň hemme nusgasynyň her sahypasy aşaky sag böleginde gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahsyň goly, şeýle hem ÜD-ny dolduran şahsyň goly, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ÜD-ny düzen şahsyň möhüri bolmaly bolsa, möhürini goýmak arkaly tassyklanylmalydyr.
24. Harytlar içerki gümrük üstaşyrynyň amalyna ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilende:
a) ÜD-nyň doldurylan we resmileşdirilen «1/6» belgili esasy we goşmaça sahypalary iberiş gümrük edarasynda galýar;
b) ÜD-nyň doldurylan we resmileşdirilen «4/5» belgili esasy we goşmaça sahypalary gümrük üstaşyryna rugsat alan şahsa gaýtarylyp berilýär we barmaly gümrük edarasyna berilmegi üçin içerki gümrük üstaşyrynyň amalynyň ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgüniniň maksatlary üçin ulanylýar;
25. Harytlar gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilende, gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahs tarapyndan gümrük edarasyna harytlar hakynda maglumatlary ÜD-da mälim etmegi harytlaryň deklarirlenilmegi bolup durýar we şunda ÜD gümrük deklarasiýasy hasap edilýär.
26. Gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahsyň beren resminamalaryndaky maglumatlara laýyklykda, ÜD-nyň gümrük dellaly tarapyndan doldurylmagyna ýol berilýär.
27. Içerki gümrük üstaşyry ýa-da gümrük üstaşyry gümrük düzgüni tamamlanandan soň ÜD-nyň «4/5» belgili nusgasy barmaly gümrük edarasynda galýar.
28. Gümrük üstaşyryna rugsadyň alynmagy üçin ÜD-nyň berilmeginiň zerurlygyny Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda Gümrük gullugy kesgitleýär.

IV. Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän (getirilen) harytlar deklarirlenende ÝGD-ny doldurmagyň kadalary

29. Şu kadalar aşakdaky ýagdaýlarda ÝGD doldurylanda ulanylýar:
a) aşakdaky gümrük düzgünlerine ýerleşdirilýän harytlar üçin:
- erkin dolanyşyga goýbermek;
- gümrük çäginde gaýtadan işlemek;
- erkin dolanyşyk üçin gaýtadan işlemek;
- wagtlaýyn getirmek;
- gümrük ammary (daşary ýurt harytlaryna degişlilikde);
- erkin gümrük zolagy (erkin ammar) (daşary ýurt harytlaryna degişlilikde);
- reimport;
- ýok etmek;
- döwletiň haýryna ýüz öwürmek;
- paçsyz söwda (daşary ýurt harytlaryna degişlilikde);
b) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 210-njy maddasynyň 2-nji bendi bilen bellenilen ýörite gümrük düzgünine laýyklykda, tebigy heläkçilikleriň we başga adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini öňüni almak we ýok etmek üçin niýetlenilen daşary ýurt harytlaryna, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde heläkçilik çeken adamlara mugt paýlamak üçin niýetlenilen harytlar we awariýa-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň geçirilmegi üçin hem-de awariýa-halas ediş birlikleriniň iş ukyplylygy üçin zerur bolan harytlar;
ç) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga ýagdaýlarda.
30. Deklarant ýa-da gümrük dellaly tarapyndan 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9, 11, 12, 14, 15, 15 (а; b), 16, 18, 19, 20, 21, 22, 23, 24, 25, 26, 29, 30, 31, 32, 33, 34, 35, 36, 37, 38, 39, 40, 41, 42, 43, 44, 45, 46, 47, «В», 48, we 54-nji öýjükler aşakdaky kadalara laýyklykda doldurylýar:

1-nji öýjük. «Deklarasiýa»
Öýjügiň birinji kiçi böleginde «IM» harplaryny goýmak zerur. Öýjügiň ikinji kiçi böleginde Gümrük düzgünleriniň klassifikatory (2-nji goşundy) boýunça mälim edilýän gümrük düzgüniniň iki belgili koduny goýmak zerur.
Öýjügiň üçünji kiçi bölegi doldurylmaýar.

2-nji öýjük. «Iberiji/Eksport ediji»
Öýjüge ulag (daşaýyş) resminamasynyň degişli öýjüginden haryt iberiji barada maglumatlary geçirmeli: onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini görkezmek bilen, ady hem-de Dünýä ýurtlarynyň we walýutalarynyň döwlet klassifikatoryna laýyklykda, iberijiniň ýerleşýän ýeriniň ýurdunyň gysga adyny goşmak bilen ýerleşýän ýeri (fiziki şahs üçin - familiýasy, ady, atasynyň ady we salgysy).

3-nji öýjük. «Sahypalar»
Esasy sahypanyň öýjüginiň birinji kiçi böleginde bir - «1» sany görkezilýär, goşmaça sahypada bolsa, iki - «2» sandan başlap, goşmaça sahypanyň tertip belgisi görkezilýär.
Öýjügiň ikinji kiçi böleginde ÝGD-da ulanylan (esasy we goşmaça) sahypalaryň umumy sany görkezilýär.

4-nji öýjük. «Ýükläp ugradyş ýöriteleşmeleri»
Öýjük deklarirlenilýän harytlar barada haýsy-da bolsa bir maglumatlar, harytlar deklarirlenen mahalynda ÝGD bilen bir wagtda berilýän, ýükläp ugradyş ýöriteleşmelerinde, sanawlarda we şular ýaly beýleki resminamalarda bar bolanda doldurylýar.
Berilýän ýöriteleşmeleriň, sanawlaryň we şular ýaly beýleki resminamalaryň umumy sany görkezilýär, «/» bölüji belgisinden soň bolsa bu resminamalaryň umumy sahypa sany görkezilýär.

5-nji öýjük. «Harytlar»
ÝGD-da doldurylýan 31-nji öýjükleriň sany görkezilýär.

6-njy öýjük. «Jemi orun»
Öýjükde deklarirlenilýän harytlaryň ýük orunlarynyň umumy mukdaryny görkezmek zerur. 
Harytlar gapgarylyp, guýlup ýa-da üýşürilip daşalanda we ulag (daşaýyş) resminamalarynda ýük orunlarynyň mukdary kesgitlenilmedik bolsa, öýjükde «0» (nol) görkezilýär.

7-nji öýjük. «Habar beriji belgi»
Öýjükde çep tarapdan Harytlaryň deklarirlenilmeginiň aýratynlyklarynyň klassifikatoryna (3-nji goşundy) laýyklykda harytlaryň deklarirlenilmeginiň aýratynlygynyň harply kody goýulýar.

8-nji öýjük. «Alyjy»
Öýjüge ulag (daşaýyş) resminamasynyň degişli öýjüginden harytlaryň alyjysy barada maglumatlary geçirmeli: onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini görkezmek bilen, ady we ýerleşýän ýeri (fiziki şahs üçin - familiýasy, ady, atasynyň ady we salgysy).
Goşmaça sahypanyň «2 Iberiji/Eksport ediji 8 Alyjy» öýjügine ulag (daşaýyş) resminamasynyň degişli öýjüginden harytlaryň alyjysy barada maglumatlary - onuň adyny (fiziki şahsyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny) geçirmeli.
Eger deklarirlenilýän harytlar babatda halkara daşalmasy Türkmenistanyň gümrük çäginde başga ulag serişdesine düşürilip ýüklemek bilen amala aşyrylan bolsa, alyjy barada maglumatlar içerki gümrük üstaşyrynyň amaly amala aşyrylan ulag resminamasynyň degişli öýjüginden geçirilýär.
Harytlary alyjy barada aşakdaky maglumatlar öýjüge goşmaça girizilýär:
1) öýjügiň ýokarky böleginde «№» belgiden soň, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alyja berlen, Hojalyk subýektleriniň umumy klassifikatoryna laýyklykda kody (mundan beýläk - HSUK kody), Türkmenistanyň dolandyryş edaralarynyň işleriniň döwlet klassifikatory boýunça kody (mundan beýläk - DEIDK kody) we Türkmenistanyň eýeçilik görnüşleriniň döwlet klassifikatory boýunça kody (mundan beýläk - EGDK kody) (ýokarda görkezilen maglumatlaryň aralarynda «/» bölüji belgisini girizmek bilen) goýulýar;
2) öýjügiň aşaky böleginde «№» belgisi goýulýar we aşakdakylar görkezilýär:
- eger alyjy ýuridik şahs ýa-da onuň aýrybaşgalanan düzüm birligi bolsa - Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alyja berlen hususy salgyt belgisi (mundan beýläk - HSB);
- eger alyjy fiziki şahs, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan bolsa - harytlaryň alyjysy bolup durýan fiziki şahsyň HSB we onuň şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumat.
Eger ilkibaşda mälim edilen gümrük düzgüni üýtgände ýa-da onuň hereketi tamamlananda, deklarirlenilýän harytlar babatda halkara daşalmasy amala aşyrylmadyk bolsa, öýjükde deklarirlenilýän harytlara, şol sanda Türkmenistanyň gümrük çäginde ilkibaşda başga gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlara emläk hukugyny alan we gümrük düzgüniniň şertlerine laýyklykda harytlardan peýdalanmaga rugsady bolan şahs barada maglumatlar, ýokarda sanalyp geçilen kadalara laýyklykda görkezilýär. 
9-njy öýjük. «Maliýe taýdan düzgünleşdirilmäge jogapkär şahs»
Öýjükde aşakdaky şahslaryň biri barada maglumatlary görkezmek zerur:
- harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegine esas bolan, daşary ykdysady geleşik amala aşyrylanda satyn almak-satmak (alyş-çalyş) şertnamasyny ýa-da başga islendik şertnamany baglaşan Türkmenistanyň şahsy barada (ýa-da onuň adyndan ýa bolmasa onuň tabşyrygy boýunça şu şertnama baglaşylan); 
- taraplaryň biri bolup Türkmenistanyň şahsy çykyş edýän daşary ykdysady geleşigiň çäklerine girmeýän, Türkmenistanyň gümrük çäginde harytlara ygtyýarlyk etmäge hukugy bolan daşary ýurtly şahs barada;
- eger deklarirlenilýän harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine birtaraplaýyn daşary ykdysady geleşigiň çäklerinde (degişli şertnama baglaşmazdan) getirilende, ÝGD-nyň berilýän pursadynda deklarirlenilýän harytlaryň eýesi ýa-da eýelik edýän şahs barada;
- deklarirlenilýän harytlara, şol sanda Türkmenistanyň gümrük çäginde ilkibaşda başga gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlara emläk hukugyny alan we gümrük düzgüniniň şertlerine laýyklykda harytlardan peýdalanmaga rugsady bolan şahs barada.
Şunda guramaçylyk-hukuk görnüşini görkezmek bilen şahsyň adyny we ýerleşýän ýerini (fiziki şahs üçin - familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we salgysyny) görkezmek zerur.
Ýokarda görkezilen şahs barada aşakdaky maglumatlar öýjüge goşmaça girizilýär:
1) öýjügiň ýokarky böleginde «№» belgiden soň, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şahsa berlen, HSUK kody, DEIDK kody we EGDK kody (ýokarda görkezilen maglumatlaryň aralarynda «/» bölüji belgisini girizmek bilen) goýulýar;
2) öýjügiň aşaky böleginde «№» belgisi goýulýar we aşakdakylar görkezilýär:
- ýuridik şahs ýa-da onuň aýrybaşgalanan düzüm birligi                             üçin - Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şahsa berlen HSB;
- fiziki şahs üçin, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan bolsa - fiziki şahsyň HSB we onuň şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumat.

11-nji öýjük. «Söwda edýän ýurt»
Öýjügiň çep kiçi böleginde Türkmenistanyň şahsynyň amala aşyran daşary ykdysady geleşigi boýunça (şol sanda ilkibaşda saýlanyp alnan gümrük düzgüni üýtgände ýa-da onuň hereketi tamamlananda) onuň hyzmatdaşy bolup çykyş edýän şahsyň bellige alnan ýa-da hemişe ýaşaýan ýeriniň ýurdunyň Dünýä ýurtlarynyň we walýutalarynyň döwlet klassifikatoryna laýyklykda iki belgili harply kody görkezilýär.
Öýjügiň sag kiçi bölegi doldurylmaýar.
12-nji öýjük. «Umumy gümrük bahasy»
Öýjükde, esasy we goşmaça sahypalarynyň 45-nji öýjüklerinde mälim edilen, hemme harytlaryň gümrük bahalarynyň möçberlerini jemlemek arkaly alynýan, ÝGD-da deklarirlenilýän harytlaryň umumy gümrük bahasy Türkmenistanyň milli walýutasynda görkezilýär.

14-nji öýjük. «Deklarant»
Öýjükde harytlaryň deklaranty barada maglumatlary görkezmek zerur: deklarantyň guramaçylyk-hukuk görnüşini görkezmek bilen onuň ady we ýerleşýän ýeri (fiziki şahs üçin - familiýasy, ady, atasynyň ady we salgysy).
Deklarant barada aşakdaky maglumatlar öýjüge goşmaça girizilýär:
1) öýjügiň ýokarky böleginde «№» belgiden soň, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda deklaranta berlen, HSUK kody, DEIDK kody we EGDK kody (ýokarda görkezilen maglumatlaryň aralarynda «/» bölüji belgisini girizmek bilen) goýulýar;
2) öýjügiň aşaky böleginde «№» belgisi goýulýar we aşakdakylar görkezilýär:
- eger deklarant ýuridik şahs ýa-da onuň aýrybaşgalanan düzüm birligi bolsa - Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda deklaranta berlen HSB;
- fiziki şahs üçin, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan bolsa - fiziki şahsyň HSB we onuň şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumat.

15-nji öýjük. «Iberiş ýurdy»
Öýjükde harytlary iberiş ýurdunyň Dünýä ýurtlarynyň we walýutalarynyň döwlet klassifikatoryna laýyklykda gysga adyny görkezmek zerur. 
Harytlary iberiş ýurdy barada maglumatlar, harytlaryň halkara daşalmasynyň başlanylmagyna esas bolan, ulag (daşaýyş) resminamalarynda getirilen maglumatlar esasynda kesgitlenilýär.

15-nji öýjük (a; b). «Iberiş ýurdunyň kody»
Öýjügiň çep «a» kiçi böleginde Dünýä ýurtlarynyň we walýutalarynyň döwlet klassifikatoryna laýyklykda harytlary iberiş ýurdunyň iki belgili harply kody görkezilýär.
Öýjügiň sag «b» kiçi bölegi doldurylmaýar.

16-njy öýjük. «Gelip çykan ýurdy»
Öýjükde Dünýä ýurtlarynyň we walýutalarynyň döwlet klassifikatoryna laýyklykda deklarirlenilýän harytlaryň gelip çykan ýurdunyň gysga adyny ýa-da eger, harytlara goýlan belgiler ýa-da berlen resminamalar harytlaryň anyk gelip çykan ýurduny görkezmän, olarda harytlaryň ykdysady bileleşigiň ýa-da birleşigiň çäginden gelip çykandygy barada maglumat bar bolsa, Ykdysady bileleşikleriň we birleşikleriň klassifikatoryna (4-nji goşundy) laýyklykda ykdysady bileleşigiň     ýa-da birleşigiň gysga adyny görkezmek zerur.
Eger bir ÝGD-da dürli ýurtlardan (dürli bileleşiklerden ýa-da dürli birleşiklerden) gelip çykan birnäçe haryt deklarirlenilende, ýa-da iň bolmanda bir harydyň gelip çykan ýurdy näbelli bolsa, öýjükde «Dürli» diýen ýazgy edilýär.
Eger ÝGD-da hemme deklarirlenilýän harytlaryň gelip çykan ýurdy näbelli bolsa, öýjükde «Näbelli» diýen ýazgy edilýär.

18-nji öýjük. «Kybaplamak we ulag serişdesiniň
iberilende/gowşanda bellige alnan ýurdy»
Öýjükde deklarirlenilýän harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginde daşalan ulag serişdesi (ulag serişdeleri) barada maglumatlar görkezilýär.
Eger harytlar daşalanda ulag serişdeleriniň düzümi ulanylan bolsa, onda beýleki ulag serişdesini (ulag serişdelerini) herekete getiren ulag serişdesi barada maglumatlary görkezmek zerur.
1. Öýjükde ulag serişdesi barada aşakdaky maglumatlar görkezilýär:
1) öýjügiň çep kiçi böleginde ulag serişdeleriň sany, şeýle hem aşakdakylar görkezilýär:
- awtomobil ulagy arkaly daşalanda - ulag serişdeleriniň (eger harytlar awtoulag serişdeleriniň düzümi arkaly daşalanda, hemme ulag serişdeleriniň) bellige alnyş belgileri; 
- demir ýol ulagy arkaly daşalanda - demir ýol wagonlarynyň (platformalaryň, sisternalaryň we şolara meňzeşleriň) belgileri;
- deňiz (derýa) ulagy arkaly daşalanda - gämileriň atlary;
- howa ulagy arkaly daşalanda - gatnaw belgileri;
2) öýjügiň sag kiçi böleginde Dünýä ýurtlarynyň we walýutalarynyň döwlet klassifikatoryna laýyklykda, ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdunyň, eger-de daşalmada ulag serişdeleriniň düzümi ulanylan bolsa, onda beýleki ulag serişdesini (ulag serişdelerini) herekete getirýän ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdunyň iki belgili harply kody görkezilýär.
2. Eger harytlar deklarirlenilýän pursadynda ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdy (ýurtlary) näbelli bolsa, öýjügiň sag kiçi böleginde iki sany nol («00») goýulýar.
3. Eger harytlar dürli ýurtlarda bellige alnan birnäçe ulag serişdeleri arkaly daşalýan bolsa, öýjügiň sag kiçi böleginde iki sany dokuz («99») goýulýar.
4. Harytlar demir ýol ulagy arkaly daşalanda öýjügiň sag kiçi bölegi doldurylmaýar.

19-njy öýjük. «Konteýner»
Öýjükde haryt daşamagyň aşakdaky alamatlaryny goýmak zerur:
- «1», eger harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden daşalmagy konteýnerde amala aşyrylan bolsa;
- «0» galan halatlarda (şol sanda harytlaryň daşalyşy (daşalandygy) baradaky maglumatlar näbelli bolsa).

20-nji öýjük. «Ibermegiň şertleri»
Deklarirlenilýän harytlar daşary ykdysady geleşik amala aşyrylanda baglaşylan şertnama boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmeginiň hasabyna Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen (getirilýän) mahalynda öýjügi doldurmak zerur.
Şertnamanyň şertlerinden ugur alyp, öýjükde deklarirlenilýän harytlaryň iberilmeginiň şertleri barada şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:
- öýjügiň birinji kiçi böleginde Ibermegiň şertleriniň klassifikatoryna (5-nji goşundy) laýyklykda harytlary ibermegiň şertiniň harply kody görkezilýär.
- öýjügiň ikinji kiçi böleginde ibermegiň şertine laýyklykda, Dünýä ýurtlarynyň we walýutalarynyň döwlet klassifikatory boýunça geografik ýeriniň ýerleşýän ýurdunyň iki belgili harply kody hem-de geografik ýeriň ady görkezilýär;
- öýjügiň üçünji kiçi bölegi doldurylmaýar.

21-nji öýjük. «Kybaplamak we serhetdäki
aktiw ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdy»
Öýjükde Türkmenistanyň gümrük çägine gowşanda deklarirlenilýän harytlaryň ýerleşen ulag serişdesi (ulag serişdeleri) barada maglumatlary görkezmek zerur.
Eger halkara daşalmasynda ulag serişdeleriniň düzümi ulanylan bolsa, onda beýleki ulag serişdesini (ulag serişdelerini) herekete getiren ulag serişdesi barada maglumatlary görkezmek zerur.
1. Öýjükde ulag serişdesi barada aşakdaky maglumatlar görkezilýär:
1) öýjügiň çep kiçi böleginde ulag serişdeleriň sany, şeýle hem aşakdakylar görkezilýär:
- awtomobil ulagy arkaly daşalanda - ulag serişdeleriň bellige alnyş belgisi; 
- demir ýol ulagy arkaly daşalanda - demir ýol wagonlaryň (platformalaryň, sisternalaryň we şolara meňzeşleriň) belgileri;
- deňiz (derýa) ulagy arkaly daşalanda - gäminiň ady;
- howa ulagy arkaly daşalanda - gatnaw belgisi;
2) öýjügiň sag kiçi böleginde Dünýä ýurtlarynyň we walýutalarynyň döwlet klassifikatoryna laýyklykda, ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdunyň, eger-de daşalmada ulag serişdeleriniň düzümi ulanylan bolsa, onda beýleki ulag serişdesini (ulag serişdelerini) herekete getirýän ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdunyň iki belgili harply kody görkezilýär.
2. Eger harytlaryň deklarirlenilýän pursadynda ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdy (ýurtlary) näbelli bolsa, öýjügiň sag kiçi böleginde iki sany nol («00») goýulýar.
3. Eger harytlar dürli ýurtlarda bellige alnan birnäçe ulag serişdeleri arkaly daşalýan bolsa, öýjügiň sag kiçi böleginde iki sany dokuz («99») goýulýar.
4. Harytlar demir ýol ulagy arkaly daşalanda öýjügiň sag kiçi bölegi doldurylmaýar.

22-nji öýjük. «Walýuta we hasap boýunça umumy baha»
Öýjügiň çep kiçi böleginde Dünýä ýurtlarynyň we walýutalarynyň döwlet klassifikatoryna laýyklykda şertnamada (geleşikde) harytlaryň bahasy görkezilen walýutasynyň üç belgili harply koduny, ýa bolmasa muzdsuz geleşigi, birtaraplaýyn daşary ykdysady geleşik amala aşyrylanda ýa-da harytlar daşary ykdysady geleşigiň çäklerine girmeýän ýagdaýynda geçirilende düzülen täjirçilik we beýleki resminamalarda harytlaryň bahasynyň aňladylan walýutasynyň üç belgili harply koduny görkezmek zerur.
Öýjügiň sag kiçi böleginde şu öýjügiň çep kiçi böleginde görkezilen walýutada esasy we goşmaça sahypalaryň 42-nji öýjüklerinde görkezilýän bahalaryň jemini görkezmek zerur. 

23-nji öýjük. «Walýutanyň hümmeti»
Türkmenistanyň kanunçylygynda başga hümmetiň ulanylmagy bellenilmedik bolsa, öýjükde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan daşary ýurt walýutasynyň (ÝGD-nyň 22-nji öýjüginde kody görkezilen) milli walýuta ÝGD-nyň kabul edilen senesindäki bellenilen hümmeti görkezilýär.
Eger ÝGD-nyň 22-nji öýjüginiň çep kiçi böleginde milli walýutanyň kody görkezilen bolsa, öýjük doldurylmaýar.

24-nji öýjük. «Geleşigiň häsiýeti»
Öýjügiň çep kiçi böleginde Geleşigiň häsiýetiniň klassifikatoryna (6-njy goşundy) laýyklykda geleşigiň häsiýetiniň iki belgili kody görkezilýär.

25-nji öýjük. «Serhetdäki ulagyň görnüşi»
Öýjügiň çep kiçi böleginde Ulaglaryň we harytlary ulagly daşamagyň görnüşleriniň klassifikatoryna (7-nji goşundy) laýyklykda, 21-nji öýjükde görkezilen, ulag serişdesiniň görnüşiniň iki belgili koduny goýmak zerur.
Öýjügiň ikinji kiçi bölegi doldurylmaýar.

26-njy öýjük. «Ýurduň içindäki ulagyň görnüşi»
Öýjügiň çep kiçi böleginde Ulaglaryň we harytlary ulagly daşamagyň görnüşleriniň klassifikatoryna laýyklykda (7-nji goşundy), 18-nji öýjükde görkezilen, ulag serişdesiniň görnüşiniň iki belgili koduny goýmak zerur.
Öýjügiň sag kiçi bölegi doldurylmaýar.

29-njy öýjük. «Giriş/çykyş edarasy»
Öýjükde Gümrük edaralarynyň klassifikatoryna laýyklykda, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine gelen ýerinde ýerleşen gümrük edarasynyň kody görkezilýär.
Deklarirlenilýän harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine dürli geçiriş ýerleriň üsti bilen getirilende, öýjükde Gümrük edaralarynyň klassifikatoryna laýyklykda, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine gelen ýerlerinde ýerleşen hemme gümrük edaralaryň kodlary görkezilýär.

30-njy öýjük. «Harytlaryň ýerleşýän ýeri»
Öýjükde ÝGD-nyň berlen pursadynda deklarirlenilýän harytlaryň ýerleşýän ýeri barada maglumatlar görkezilýär.
Eger harytlar wagtlaýyn saklanylýan ammarda ýa-da gümrük ammarynda ýerleşýän bolsa, wagtlaýyn saklanylýan ammaryň ýa-da gümrük ammarynyň işini amala aşyrmaga ygtyýarnamanyň belgisi we berlen senesi görkezilýär.
Eger harytlar demir ýol ýa-da awtomobil ulagynda ýerleşýän bolsa (şol sanda, eger bu ulag serişdeleri wagtlaýyn saklanylýan ammaryň ýa-da gümrük ammarynyň çäginde ýerleşende) öýjükde:
- eger harytlar demir ýolunda ýerleşen ulag serişdelerinde ýerleşýän bolsa, «d/ý» diýen ýazgy edilýär we «/» bölüji belgisinden soň demir ýol wagonlaryň (platformalaryň, sisternalaryň we şolara meňzeşleriň) belgileri goýulýar;
- eger harytlar awtomobil ulagynda ýerleşýän bolsa, «awto» diýen ýazgy edilýär we «/» bölüji belgisinden soň awtomobil ulagynyň bellige alnyş belgisi goýulýar.
Eger harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy alyjynyň ammarynda amala aşyrylýan bolsa, onda öýjükde «Alyjynyň ammary» diýen ýazgy edilýär we iş zolagyna şu ammaryň ýerleşýän ýeri girýän gümrük edarasynyň kody goýulýar.
Galan ýagdaýlarda öýjükde ÝGD-nyň berlen pursadynda deklarirlenilýän harytlaryň bolýan we barlanyp (gözden geçirilip) boljak gümrük gözegçiligi zolagynyň ýerleşýän ýeri (salgysy) görkezilýär.
Harytlar deslapdan deklarirlenende öýjükde harytlara gümrük barlagyny (gözden geçirmesini) geçirmek üçin harytlaryň gümrük edarasyna görkeziljek ýeri barada maglumatlar görkezilýär.

31-nji öýjük. «Ýük orunlary we harytlaryň beýany»
Öýjükde, gümrük we beýleki tölegleri hasaplamak we töledip almak hem-de gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, gümrük maksatlary üçin harytlaryň kybaplanylmagyna we olaryň DYI HN boýunça bir dokuz belgili toparlara bölüniş koduna degişli edilmegine mümkinçilik berýän, deklarirlenilýän harytlar baradaky maglumatlary, şeýle hem ýük orunlary baradaky maglumatlary görkezmek zerur.
1 belgide haryt nyşanlary, markalary, modelleri, artikullary, standartlary we şolara meňzeş tehniki hem-de täjirçilik häsiýetleri baradaky maglumatlary, şeýle hem deklarirlenilýän harytlaryň mukdar we hil taýdan düzümi barada maglumatlary goşmak bilen, harydyň (söwda, täjirçilik ýa-da başga adaty) adyny görkezmek zerur.
Ýokarda sanalyp geçilen maglumatlara goşmaça 1 belgide aşakdakylary hem görkezmek zerur:
- DYI HN-da ulanylýan esasy we goşmaça ölçeg birliginden tapawutly ölçeg birliklerindäki harytlaryň mukdar taýdan häsiýetlendirilmeleri, eger şu häsiýetlendirilmeler gümrük we beýleki tölegleri hasaplamak we töledip almak hem-de (ýa-da) gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilişini üpjün etmek üçin zerur bolsa, ýa bolmasa harydyň has takyk kybaplanylmagyna mümkinçilik berýän bolsa;
- döwürleýin, wagtlaýyn ýa-da doly ÝGD-da - «GG.AA.ÝÝ-ýyldan GG.AA.ÝÝ-ýyla çenli ibermek» diýen ýazgy, şunda GG.AA.ÝÝ degişlilikde - harytlaryň iberilýän döwrüniň başlanýan we gutarýan güni, aýy we ýylynyň soňky iki sany. Harytlaryň iberilýän (goýberilýän) döwrüniň takyk senesini kesgitlemegiň mümkinçiligi bomadyk halatynda - ibermek döwri senenama aýyna çenli takyklykda görkezilýär.
2 belgide aşakdakylary görkezmek zerur:
- gaby bolan harytlar üçin arasynda otur goýmak bilen, harydyň tutýan ýük orunlarynyň umumy mukdary (eger deklarirlenilýän harytlar ýük orunlarynyň hemme ýerini tutmaýan bolsa, onda ýaýyň içinde harytlaryň bölekleýin tutýän ýük orunlarynyň mukdary, «-» kese çyzygy goýmak bilen «ornuň bölegi» diýen ýazgy edilip görkezilýär), Ýüküň, gaplaryň we gaplama materiallarynyň görnüşleriniň klassifikatoryna (8-nji goşundy) laýyklykda harytlaryň gaplarynyň görnüşleriniň kodlary, «-» kese çyzygy goýmak bilen her görnüşi boýunça gaplaryň mukdaryny goýmak arkaly görkezilýär;
- ulag serişdesiniň enjamlaşdyrylan gaplarda gapgarylyp, guýlup, üýşürilip gapsyz daşalýan harytlar üçin Ýüküň, gaplaryň we gaplama materiallarynyň görnüşleriniň klassifikatoryna (8-nji goşundy) laýyklykda ýüküň görnüşiniň kody görkezilýär.
Konteýnerlerde daşalýan ýükler üçin 3 belgide konteýnerleriň mukdaryny we olaryň belgilerini görkezmek zerur. Eger deklarirlenilýän harytlar konteýneri tutuş tutmaýan bolsa, belgiden soň «bölek» diýen ýazgy ýazylýar.
Markalar bilen belgilenen goşmaça töleg bellenilen harytlar üçin 4 belgide goşmaça töleg markalarynyň seriýasyny, belgilerini we her seriýasy boýunça sanyny görkezmek zerur. Yzly-yzyna gelýän goşmaça töleg markalarynyň belgileri barada maglumatlar, arasynda kese çyzygy goýmak bilen degişli çägiň birinji we soňky belgilerini goýmak arkaly görkezilýär.

32-nji öýjük. «Haryt №»
Öýjügiň çep kiçi böleginde 31-nji öýjükde mälim edilýän deklarirlenilýän harydyň tertip belgisi görkezilýär.
Öýjügiň sag kiçi bölegi doldurylmaýar.

33-nji öýjük. «Harydyň kody»
Öýjügiň birinji kiçi böleginde DYI HN-na laýyklykda aralarynda boş ýersiz harydyň dokuz belgili toparlara bölüniş koduny goýmak zerur.
Öýjügiň ikinji kiçi böleginde aşakdakylary goýmak zerur:
- «E» harpyny (gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagyndan erkin), eger deklarirlenilýän harytlar DYI HN-nyň toparlara bölüniş kody we     (ýa-da) ady boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ygtyýarlandyrmak görnüşinde gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagyna düşüp, emma özüniň häsiýetleri we (ýa-da) ulanylmagy boýunça şeýle çäreleriň ulanylmagyna degişli harytlara laýyk gelmeýän bolsa;
- «I» harpyny (intellektual eýeçilik), eger deklarirlenilýän harytlarda intellektual eýeçilik obýektleriniň gümrük sanawyna girizilen intellektual eýeçilik obýektleriň alamatlary bar bolsa;
- ýokarda görkezilen harplary, aralarynda boş ýersiz «EI» yzygiderlikde, eger deklarirlenilýän harytlar degişli şertleri kanagatlandyrýan bolsa.

34-nji öýjük. «Gelip çykan ýurdunyň kody»

Attachments
oops
Instructions ru

oops
Instructions tm

oops
FEACN ru