News

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşliginden
20 Mar
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşliginden

2016-njy ýylyň 20-nji martynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Bellenip geçilişi ýaly, geçen ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasyna bolan resmi saparynyň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädime öwrüldi. 

Mohammad Aşraf Gani bütin dünýäde bolşy ýaly, Owganystanda hem türkmen Lideriniň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň sebitde durnuklylygyň hem-de ählumumy abadançylygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini we doly goldanylýandygyny nygtady hem-de Owganystanyň parahatçylykly durmuşynyň we durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esaslaryny pugtalandyrmakda berýän uly goldawy üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. Türkmenistan goňşy ýurda ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny iberýär, ynsanperwer ýükleri yzygiderli ugradýar, öz serişdeleriniň hasabyna durmuş ähmiýetli desgalary gurýar. 

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani birek-birege ýene-de bir gezek iň oňat arzuwlaryny aýtdylar hem-de doganlyk türkmen we owgan halklaryna tüýs ýürekden bagtyýarlyk, hoşniýetlilik we bereketlilik arzuw etdiler.