Habarlar
oops

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşýar. 

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. 

Ýeňi güni milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär. Şol gazaply urşuň ilkinji günlerinden biziň ildeşlerimiz meýletinlik bilen fronta ugradylar we doganlyk halklar bilen Ýer ýüzünde parahatçylygyň hem-de nesillerimiziň bagtyýar durmuşynyň bähbidine egin-egne berip gaýduwsyzlyk bilen söweşdiler. Uruş döwründe tylda güýç-gaýratyny gaýgyrman tutanýerli zähmet çeken adamlar hem umumy Ýeňşe ägirt uly goşant goşdular. Şu gün – 9-njy maýda eziz Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda faşizm bilen bolan söweşlerde gahrymanlarça wepat bolan gerçeklerimiziň ýagty ýadygärligi hatyralanylýar. Ýurdumyzda frontçy weteranlar, urşuň yzynda galanlar we tylda zähmet çekenler uly hormat-sarpa we alada bilen gurşalyp alyndy. Häzirki döwürde olaryň söweş meýdanlarynda we zähmetde görkezen edermenligi türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin hakyky watançylygyň, gaýduwsyzlygyň we ynsanperwerligiň mekdebi bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan Moskwanyň “Wnukowo-2” Halkara howa menziline baryp gondy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. 

Bellenen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Moskwa Kremline tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, soňra bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. 

Kremlden  hormatly Prezidentimiz we beýleki belent mertebeli myhmanlar –GDA ýurtlarynyň – baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Moskwa gelen GDA ýurtlarynyň hem-de beýleki daşary ýurt döwletleriniň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň Merkezi münberine tarap ugrady. 

Moskwa Kremliniň Spask başnýasyndaky zaňlar ýaňlanandan soňra, Gyzyl meýdanda dabaraly Ýeňiş ýörişi başlanýar. 

Dünýä taryhynda iň gazaply we gandöküşikli uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş gününden bäri 80 ýyl geçdi. Bu uruş öwezini dolup bolmajak ýitgilere sebäp bolup, millionlarça adamlaryň gurban bolmagyna getirdi. Doganlyk halklar gazaply howpuň garşysyna jebisleşip, söweş meýdanlarynda edermenligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezdiler. 

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş umumy gymmatlyk bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ýubileý dabaralaryna gatnaşmagy azat ediji gahrymanlaryň umumy edermenligine hormat–sarpanyň nyşany bolup durýar. Olar barada ýagty ýadygärlik müdimilik ýaşar. 

Türkmen halky Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Biziň ildeşlerimiz frontlarda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylyk, edermenlik we ruhubelentlik görkezdiler. Türkmenistanly esgerleriň edermenligi Watana söýginiň we borja wepalylygyň hakyky nusgasy bolup durýar. Uruşdan mähriban ojaklaryna  gaýdyp gelmedik hem-de öýlerine Ýeňiş bilen gaýdyp gelen ildeşlerimiziň atlary köp tomluk “Hatyra” we “Şöhrat” atly kitaplara girizildi.