Türkmenistanyň Gümrük Kodeksi
Türkmenistanyň Gümrük Kodeksi
Türkmenistanyň Gümrük kodeksi

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamaly.

2-nji madda. Türkmenistanyň Gümrük kodeksini 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

3-nji madda. 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksini, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli böleklerini 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

4-nji madda. Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň hereketi, ol güýje girizilenden soň gümrük işi babatda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli edilýär.

5-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyk getirilýänçä Türkmenistanyň Gümrük kodeksine garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyk getirmeli.

 

Türkmenistanyň                                               Gurbanguly

Prezidenti                                                         Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

№ 137-IV.

 

TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK KODEKSI

 

Şu Kodeks Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine we onuň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam edýän gümrük işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

 

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji bap. ESASY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Türkmenistanyň gümrük syýasaty

Türkmenistanda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň düzüm bölegi bolup durýan ýeke-täk gümrük syýasaty durmuşa geçirilýär.

2-nji madda. Türkmenistanda gümrük işi

Türkmenistanda gümrük işi harytlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşykly, gümrük taýdan resmileşdirmegiň, gümrük düzgünleriniň ulanylmagynyň, gümrük tölegleriniň töledilmeginiň, gümrük gözegçiliginiň tertibini we şertlerini kesgitleýän meseleleriň we Türkmenistanyň gümrük syýasatyny durmuşa geçirmegiň beýleki çäreleriniň gümrük taýdan düzgünleşdirilmeginiň usullarynyň we serişdeleriniň jeminden ybarat bolup durýar.

3-nji madda. Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy

    1. Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden hem-de Türkmenistanyň gümrük işi babatdaky gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

    2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksdäkiden başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

4-nji madda. Türkmenistanyň gümrük çägi we gümrük serhedi

    1. Territorial suwlaryny we onuň üstündäki howa giňişligini hem goşmak bilen, Türkmenistanyň çägi Türkmenistanyň gümrük çägini düzýär.

    2. Türkmenistanyň gümrük çägi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň ýuridik taýdan garamagynda durýan Türkmenistanyň aýratyn ykdysady zolagynda we Türkmenistanyň kontinental şelfinde ýerleşen emeli adalary, desgalary we gurluşlary hem öz içine alýar.

    3. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän we Türkmenistanyň gümrük çäginiň bir bölegi bolup durýan ýörite ykdysady zolaklar hem ýerleşip bilýär. Gümrük paçlarynyň, salgytlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagynyň maksatlary üçin, ýörite ykdysady zolaklaryň çäginde ýerleşdirilen harytlara Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda ýerleşýän harytlar hökmünde garalýar, şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen halatlar muňa degişli däldir.

    4. Türkmenistanyň gümrük çäginiň serhetleri, şeýle hem şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen çäkleriň serhetleri Türkmenistanyň gümrük serhedi bolup durýar.

    5. Türkmenistanyň gümrük serhedi Türkmenistanyň Döwlet serhedi bilen gabat gelýär, şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen çäkleriň serhetleri muňa degişli däldir.

5-nji madda. Şu Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeler

    1. Şu Kodeksde aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

        1) dahylly şahslar – eger şu Kodeksde başgaça göz öňünde tutulmaýan bolsa, gümrük edaralarynyň harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatdaky çözgütlerinde, hereketlerinde (hereketsizliginde) gös-göni we aýratynlykda bähbitleri aralýan şahslar;

        2) daşary ýurt harytlary – şu bölegiň 25-nji bendine laýyklykda türkmen harytlary bolup durmaýan harytlar;

        3) daşary ýurtly şahs – şu bölegiň 26-njy bendine laýyklykda Türkmenistanyň şahsy bolup durmaýan şahs;

        4) daşaýjy – Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden harytlary daşamagy we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük çäginde gümrük gözegçiligindäki harytlary daşamagy amala aşyrýan ýa-da ulag serişdesiniň ulanylmagy üçin jogapkär bolup durýan şahs;

        5) deklarant – gümrük deklarasiýasyny berýän şahs ýa-da adyndan gümrük deklarasiýasy berilýän şahs;

        6) erkin dolanyşyk – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan Türkmenistanyň gümrük çäginde harytlaryň dolanyşygy;

        7) gümrük amaly – gümrük maksatlary üçin gümrük operasiýalaryny amala aşyrmagyň tertibini göz öňünde tutýan hem-de harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň statusyny kesgitleýän düzgünleriň jemi;

        8) gümrük deklarasiýasy – şu Kodekse laýyklykda gümrük edarasyna berilmegi üçin zerur bolan maglumatlar görkezilýän bellenilen görnüşdäki gümrük resminamasy;

        9) gümrük dellaly (wekili) – deklarantyň ýa-da şu Kodekse laýyklykda gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak borjy ýüklenen ýa-da şeýle hukuk berlen başga şahsyň adyndan we tabşyrygy boýunça gümrük operasiýalaryny amala aşyrýan araçy;

        10) gümrük düzgüni – harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük serhedinden geçirilmeginiň hem-de Türkmenistanyň gümrük çäginde ýa-da bu çäkden daşarda ulanylmagynyň maksatlaryna baglylykda olaryň statusyny kesgitleýän, şu Kodeksde bellenilen kadalaryň jemi;

        11) gümrük edaralary – gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy we onuň tabynlygyndaky gümrük edaralary;

        12) gümrük gözegçiligi – Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň hem-de ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan amala aşyrylýan çäreleriň jemi;

        13) gümrük işi babatdaky iş – ýuridik şahslaryň wagtlaýyn saklanylýan ammarlara eýelik edýänler, gümrük ammarlaryna eýelik edýänler we gümrük dellallary (wekilleri) hökmündäki işi;

        14) gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy – ýerine ýetiriji häkimiýetiň Türkmenistanda gümrük işine ýolbaşçylygy amala aşyrýan merkezi edarasy;

        15) gümrük maksatlary üçin harytlaryň we ulag serişdeleriniň statusy – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harytlary we ulag serişdelerini peýdalanmaga we olara ygtyýarlyk etmäge gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň bolmagy ýa-da bolmazlygy;

        16) gümrük operasiýalary – harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri gümrük taýdan resmileşdirilen mahalynda şahslar we gümrük edaralary tarapyndan şu Kodekse laýyklykda harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri babatda amala aşyrylýan aýratyn hereketler;

        17) gümrük resminamalary – diňe gümrük maksatlary üçin düzülýän resminamalar;

        18) gümrük tölegleri – gümrük paçlary, salgytlar, gümrük ýygymlary.

Salgytlara harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda töledilip alynmagy Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen goşmaça tölegler (aksizler) degişlidir;

        19) harytlar – Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän islendik gozgalýan emläk, şu bölegiň 28-nji bendinde görkezilen ulag serişdeleri muňa degişli däldir;

        20) harytlary goýbermek – gümrük edaralarynyň dahylly şahslara

harytlary ýerleşdirilen gümrük düzgünine laýyklykda peýdalanmaga we (ýa-da) olara ygtyýarlyk etmäge rugsat berilmegini özünde jemleýän hereketi;

        21) harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi – harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň islendik usul bilen Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi ýa-da bu çäkden alnyp gidilmegi boýunça hereketleriň amala aşyrylmagy:

            a) harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi – harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden hakykatdan geçirilmegi hem-de gümrük edaralary tarapyndan goýberilýänçä, harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri bilen, şu Kodeksde göz öňünde tutulan ähli soňraky hereketleriň amala aşyrylmagy;

            b) harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi – gümrük deklarasiýasynyň berilmegi ýa-da harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň alnyp gidilmegine gös-göni gönükdirilen, şu kiçi bendiň ikinji tesiminde görkezilen hereketleriň amala aşyrylmagy, şeýle hem harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň hakykatdan Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegine çenli, şu Kodeksde göz öňünde tutulan ähli soňraky hereketleriň amala aşyrylmagy.

Harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegine gös-göni gönükdirilen hereketlere Türkmenistandan çykyp gidýän fiziki şahsyň gümrük gözegçiligi zolagyna girmegi, ulag serişdesiniň Türkmenistanyň gümrük çäginden çykyp gitmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerine girmegi, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary ibermek üçin ulag kärhanalaryna ýa-da halkara poçta ugratmalarynyň poçta aragatnaşyk kärhanalaryna berilmegi, şahsyň harytlar we (ýa-da) ulag serişdeleri bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen ýerden başga ýerlerden gümrük serhedinden hakykatdan geçmäge gös-göni gönükdirilen hereketleri degişlidir;

        22) harydyň ýany bilen iberilýän resminamalar – gümrük serhedinden geçirilýän we Türkmenistanyň gümrük çäginde gümrük gözegçiliginde daşalýan harytlara degişli bolan we olaryň ýany bilen iberilýän ulag (daşaýyş), täjirçilik we gümrük resminamalary;

        23) şahs – ýuridik ýa-da fiziki şahs;

        24) täjirçilik resminamalary – eger şu Kodeksde başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna ýa-da iş dolanyşygynyň adatlaryna laýyklykda daşary söwda we başga iş amala aşyrylan mahalynda peýdalanylýan we kanunyň, taraplaryň ylalaşygynyň ýa-da iş dolanyşygynyň adatlarynyň hereketine laýyklykda harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşykly geleşikleriň amala aşyrylmagyny tassyklamak üçin peýdalanylýan hasap-faktura (inwoýs), ýükläp ugradyş we gaplaýyş listleri we başga resminamalar;

        25) türkmen harytlary – gümrük maksatlary üçin Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykda bolmak statusyna eýe bolan harytlar:

            a) dolulygyna Türkmenistanda öndürilen;

            b) Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşyga goýberilen;

            ç) Türkmenistanda dolulygyna öndürilen we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşyga goýberilen harytlardan ýasalan;

        26) Türkmenistanyň şahsy – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, Türkmenistanda ýerleşýän ýuridik şahs, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahs;

        27) ulag (daşaýyş) resminamalary – halkara daşamalary mahalynda harytlary daşamagyň şertnamasynyň bardygyny we mazmunyny tassyklaýan hem-de harydyň ýany bilen iberilýän konosament, ýol-ulag resminamasy ýa-da başga resminamalar;

        28) ulag serişdeleri – ýolagçylary we harytlary halkara gatnawy boýunça gatnatmak-daşamak üçin ulanylýan islendik deňiz (derýa) gämisi (özi ýöreýän we özi ýöremeýän lihtýorlary, baržalary hem goşmak bilen), howa ýassygy bilen hereket edýän gämi, howa gämisi, awtoulag serişdesi (tirkegleri, ýarym tirkegleri we gatyşyk ulag serişdelerini hem goşmak bilen), demir ýol ulag düzüminiň birligi ýa-da konteýnerler, şeýle hem ulag serişdeleri bilen bilelikde äkidilýän bolsa, öndüriji tarapyndan olarda göz öňünde tutulan ätiýaçlyk şaýlary, esbaplar, enjamlar we öndüriji tarapyndan göz öňünde tutulan gaplaryndaky ýangyç-ýaglaýjy materiallar we ýangyç.

2. Şu Kodeksde ähli başga düşünjeler Türkmenistanyň raýat we başga kanunçylygynda, şeýle hem şu Kodeksiň degişli maddalarynda kesgitlenilen manylarda ulanylýar.

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, ___-nji madda).

Goşundylar
oops
Kodeks üýtgeşmeler bilen RU

oops
Kodeks üýtgeşmeler bilen TM

oops
Kodeks üýtgeşmeler bilen EN