Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän harytlar boýunça:
Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň atlary |
Goşmaça tölegleriň möçberleri |
Piwo |
Gümrük bahasynyň 92%-i, emma 1 litri üçin azyndan 9 manat |
Düzüminde aşakdaky möçberde alkogol bolan üzüm çakyrlary we alkogolly içgiler: 20 göterim we şoňa çenli 20 göterimden ýokary |
Gümrük bahasynyň 168%-i, emma 1 litri üçin azyndan 39 manat Gümrük bahasynyň 168%-i, emma 1 litri üçin azyndan 61 manat |
Spirtli içgiler taýýarlanylanda ulanylýan spirt (saglygy goraýyş maksady bilen getirilýänlerinden, şeýle hem döwlet kärhanalary, alyjylar birleşmeleriniň kärhanalary tarapyndan getirilýänlerinden beýlekileri) |
1 litri üçin 8 amerikan dollary |
Temmäki önümleri |
Gümrük bahasynyň 116%-i, emma 1 gutusy üçin azyndan 5 amerikan dollar |
Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylary |
1 kg üçin 24,4 amerikan dollary |
Ýeňil awtoulaglar (tiz kömek awtoulaglaryndan we maýyplar üçin ýörite enjamlaşdyrylan ýörite ulaglardan başga) |
Hereketlendirijiniň iş göwrüminiň 1 kub sm-i üçin ABŞ-nyň 0,3 dollary |
Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň sanawy daşary ykdysady işiň haryt sanawynyň kodlaryna laýyklykda toparlara bölünýär.