Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2009-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran № 15 buýrugy bilen tassyklanyldy
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda 481 san bilen bellige alyndy.
Gümrük gözegçiligine degişli harytlary wagtlaýyn saklamagyň tertibi hakynda düzgünnama
1. Umumy düzgünler
1.1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hakyndaky Düzgünnama laýyklykda işlenip düzüldi we gümrük gözegçiligine degişli harytlary (mundan beýläk-harytlar) wagtlaýyn saklamagyň tertibini kesgitleýär.
1.2. Raýatlaryň el goşlarynda we öz ýanlary bilen gümrük serhedinden geçirýän harytlary şu Düzgünnamanyň täsirine düşmeýär.
1.3. Harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýerleri:
- gümrükhananyň ygtyýarnamasy esasynda döredilýän, harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýörite ammarlary (mundan beýläk-ýörite ammar);
- ýük alyjylara* (ýük alyjy* - harytlara ygtyýarlyk hukugy bolan tarap ýa-da onuň wekili) degişli ammarlar we goralýan territoriýalar;
- harytlary gümrük edaralarynyň arasynda daşamagy amala aşyran ulag serişdeleri (birwagtda iki ýa-da birnäçe ýük alyja degişli harytlaryň daşalmagyny amala aşyran ulag serişdelerinden başga) bolup biler.
Harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýerleri gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýar.
1.4. Harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýerlere ýerleşdirilmegi, harytlaryň gowşandygy hakynda gümrük edarasy habardar edilip, harytlar gümrük gözegçiligine hödürlenen pursadyndan başlap amala aşyrylýar we gümrük taýdan resmileşdirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen resminamalar berlip, gümrük taýdan resmileşdirmek işi tamamlanýança şol ýerde tükel ýagdaýda saklanylýar.
1.5. Gümrük taýdan resmileşdirmek, ýagny saýlanyp alnan gümrük düzgünine laýyklykda resmileşdirmek işi tamamlanyp, harytlar ýük alyjynyň ygtyýaryna berilýänçä, wagtlaýyn saklanylýan ýerlere ýerleşdirilen harytlaryň tükel ýagdaýda saklanmagy, şeýle hem ol ýerlere gümrük edarasy tarapyndan goýlan gümrük üpjünçiligi belgileriniň (birmeňzeş nyşanlaryň, plombalaryň, möhürleriň) zaýalanandygy we ýitirilendigi üçin harytlary wagtlaýyn saklamaga kabul eden tarap Türkmenistanyň ulanylýan kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
1.6. Wagtlaýyn saklanylýan ýerlere ýerleşdirilen harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmezden ýerlenip ýa-da ulanylyp, wagtlaýyn saklanylýan ýerinde hakykatda ýokdugy ýüze çykarylsa, munuň üçin Türkmenistanyň ulanylýan kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekileninden soň jogapkär tarap, tölenmäge degişli gümrük töleglerini tölemek bilen, gümrük edarasyna gümrük deklarasiýasyny bermek arkaly ol harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegini üpjün edýär. Gümrük taýdan şeýle resmileşdirmek, harytlaryň ýerlenendigi ýa-da ulanylandygy sebäpli gümrük edarasyna berilmegi bellenilen resminamalaryň berilmeginiň mümkin bolmaýandygyna garamazdan, gümrük deklarasiýasy esasynda amala aşyrylýar.
1.7. Ýük alyjynyň gatnaşmagynda gözegçilik ediji döwlet edaralarynyň wekilleri şol gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, gümrük edarasynyň rugsat bermeginde wagtlaýyn saklanylýan ýerlere ýerleşdirilen harytlaryň synag üçin böleklerini ýa-da nusgalaryny erkin görnüşde delilnama düzmek bilen alyp bilerler.
2. Harytlaryň gowşandygy hakynda gümrük edarasyny habardar etmek
2.1. Harytlaryň gowşandygy hakynda gümrük edarasy şol harytlar niýetlenen ýerine getirilip, gümrük edarasynyň iş wagty başlanandan soň 1(bir) sagatdan gijä galynman ýük alyjy ýa-da ýük daşaýjy tarapyndan habardar edilýär.
2.2. Harytlaryň gowşandygy hakynda gümrük edarasy habardar edilýänçä we habardar edilenden soň ulag serişdelerini hem-de harytlary gözegçiliksiz galdyrmaga ýük daşaýjynyň haky ýokdur. Ulag serişdeleriniň durýan ýerini üýtgetmäge, ulag serişdesine goýlan üpjünçilik belgilerini aýyrmaga, harytlary düşürmäge, gaýtadan ýüklemäge, olaryň ilkibaşdaky goýlan ýerini üýtgetmäge we gaplanan harytlary açmaga diňe gümrük edarasynyň rugsat bermegi bilen ýol berilýär.
2.3. Ýük alyjy tarapyndan:
- gowşan harytlaryň ady, mukdary, wagtlaýyn saklanyljak ýeriniň salgysy, iberilen ýurdy, ulag we harytlaryň ýany bilen iberilýän resminamalaryň belgileri we senesi, ýük alyjynyň doly salgysy görkezilen hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möhletde harytlary gümrük taýdan resmileşdirjekdigi baradaky borjy beýan edilen kepillik hatynyň;
- gümrük edarasynda resmileşdirilen üstaşyr resminamasynyň;
- ulag resminamasynyň;
- harytlaryň ýany bilen iberilýän resminamalaryň gümrük edarasynyň başlygyna ýa-da onuň ornuny tutýan wezipeli gümrük işgärine berilmegi harytlaryň gowşandygy hakynda gümrük edarasy habardar edildigi hasap edilýär.
2.4. Tabynlygyndaky gümrük edaralarynyň iş aýratynlyklaryny hasaba almak bilen kepillik hatynyň mysaly (birkysymly) nusgasyny gümrükhananyň ýolbaşçysy tassyklaýar.
3. Harytlara gümrük gözegçiligini amala aşyrmak
3.1. Harytlaryň gowşandygy barada gümrük edarasy habardar edilen mahaly berilýän resminamalar gözden geçirilenden soň, gümrük edarasynyň başlygy ýa-da onuň ornuny tutýan wezipeli gümrük işgäri şu Düzgünnamanyň kadalaryny berjaý etmek bilen, harytlaryň wagtlaýyn saklanylmaly ýerini kesgitleýär hem-de harytlar babatda gümrük gözegçiligini amala aşyrmaga ygtyýarly edilýän gümrük işgärini belläp, bu barada ýük alyjynyň kepil hatynda ýazgy ýazýar we ony öz goly bilen tassyklaýar.
3.2. Harytlara dahylly resminamalary öwrenmek (resminamalaryň dogry doldurylandygyny barlamak, olarda görkezilen maglumatlary seljermek) we harytlary gümrük barlagyndan geçirmek gümrük gözegçiliginiň çäreleri bolup durýar. Gümrük gözegçiliginiň çäreleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3.3. Harytlaryň iberilen sebitini, harytlara dahylly resminamalary öwrenmegiň netijesini, ýük daşaýjy we ýük alyjy taraplardan dilden alynýan maglumatlary, harytlaryň getirilmeginiň maksadyny, ulag serişdesini we harytlary daşky gözden geçirmegiň netijesini, gözegçilik ediji we hukuk goraýjy edaralaryň maglumatlaryny (eger-de şeýle maglumat bar bolsa) hem-de gümrük gözegçiliginiň maksatlary üçin peýdalanylyp bilinjek beýleki maglumatlary göz öňünde tutmak bilen, harytlary gümrük barlagyndan geçirmek ýa-da geçirmezlik baradaky töwekgelçilik gümrük gözegçiligini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen gümrük işgäri tarapyndan kabul edilýär.
3.4. Gümrük barlagy, harytlar ulag serişdesinden düşürilip wagtlaýyn saklanylýan ýerlere ýerleşdirilýän pursadynda ýa-da ýerleşdirileninden gümrük taýdan resmileşdirilýän wagtyna çenli döwürde, şeýle hem gümrük taýdan resmileşdirmek işi tamamlanyp harytlar ulag serişdesinden ýa-da wagtlaýyn saklanylýan ýerinden ýük alyja berilýän pursadynda amala aşyrylyp bilner.
3.5. Harytlar gümrük barlagyndan geçirilen halatynda gümrük barlagynyň saýlanyp alnan usulyny, gümrük barlagynyň geçirilen ýerini, başlanan we tamamlanan wagtyny, gümrük barlagyna gatnaşan taraplary görkezmek hem-de gümrük barlagynyň netijesini beýan etmek bilen, gümrük barlagynyň geçirilendigi hakynda delilnama düzülýär.
3.6. Harytlar gümrük barlagyndan geçirilmedik halatynda şu Düzgünnamanyň №1 goşundysyna laýyklykda düzülýän delilnamanyň arka ýüzünde gümrük barlagynyň geçirilmändigi barada gümrük işgäri tarapyndan bellik edilýär we onuň belgili şahsy möhri bilen tassyklanýar.
3.7. Harytlaryň gümrük barlagyndan geçirilendigi ýa-da geçirilmändigi ýük alyjy we ýük daşaýjy taraplary Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden harytlary geçirmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibini berjaý etmek borjundan hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilikden boşatmaýar.
4. Harytlary ýük alyjylara degişli ammarlarda, goralýan territoriýalarda wagtlaýyn saklamak
4.1. Gümrük edarasy harytlaryň ýük alyjynyň ammarynda ýa-da goralýan territoriýasynda wagtlaýyn saklanylmagyna şu halatlarda rugsat berip biler:
- ýük alyjy, döwlet eýeçiligine degişli edara görnüşindäki tarap bolup durýan bolsa;
- harytlar Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary esasynda önümçilik we önümçilik däl maksatly desgalary gurmak, düýpli abatlamak we olaryň durkuny täzelemek işlerini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň çäklerine getirilýän bolsa;
- harytlar Türkmenistanda işleýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, konsullyk edaralarynyň we olar bilen deňleşdirilen wekilhanalaryň, şol wekilhanalaryň diplomatik we administratiw-tehniki işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň resmi taýdan peýdalanmagy üçin getirilýän bolsa;
- harytlar daşary ýurt döwletleri, hökümetleri, halkara guramalary tarapyndan tölegsiz kömek hökmünde, haýyr-sahawat maksatlary, şol sanda tehniki ýardam üçin, şeýle hem ynsanperwerlik ýardamy hökmünde Türkmenistanyň gümrük territoriýasyna getirilýän bolsa;
- saklamagyň aýratyn şertlerini talap edýän ýa-da beýleki harytlara zyýan ýetirip biljek harytlar getirilip, gümrük edarasyna amatly ýakynlykda şeýle harytlary saklamak üçin enjamlaşdyrylan ýörite ammar ýok bolsa.
4.2. Ýük alyjylara degişli ammarlarda, goralýan territoriýalarda wagtlaýyn saklanylýan harytlar üçin gümrük töleglerini deslapdan töletmäge gümrük edarasynyň haky bardyr.
4.3. Ýük alyjy harytlary öz ammarynda ýa-da goralýan territoriýasynda wagtlaýyn saklamaga almak üçin şu Düzgünnamanyň 2.3.-nji bölüminde görkezilen resminamalary, şol sanda harytlaryň ýany bilen iberilýän resminamalaryň daşary ýurt dillerinde düzülen asyl nusgalaryny hem-de göçürme nusgalaryny gümrük edarasyna berýär. Zerurlyk ýüze çykanda gümrük edaralaryna olaryň terjimeçi tarapyndan tassyk edilen resmi terjimesi berilýär.
4.4. Harytlaryň wagtlaýyn saklanmagy üçin ýük alyjynyň ammaryna ýa-da goralýan territoriýasyna ýerleşdirilendigi hakynda şu Düzgünnamanyň 1-nji goşundysyna laýyklykda delilnama düzülýär. Delilnama türkmen dilinde iki nusgada harytlary wagtlaýyn saklamaga kabul eden ýa-da ýük alyjy tarapyndan düzülýär we gümrük işgäri tarapyndan gümrük edarasynda ýöredilýän ýörite bellige alyş žurnalynda bellige alnyp, bellige alyş belgisi berilýär (bellige alyş žurnalynyň nusgasy şu Düzgünnamanyň №2 goşundysynda getirilýär).
4.5. Gümrük edarasynyň ygtyýarly işgäri ulag we harytlaryň ýany bilen iberilýän resminamalaryň asyl nusgasyna we göçürme nusgasyna, şeýle hem şu Düzgünnamanyň 4.4-nji bölüminde görkezilen delilnama gümrük edarasynyň degişli möhürçelerini we belgili şahsy möhürini basýar. Delilnamanyň birinji nusgasy, ulag we harytlaryň ýany bilen iberilýän resminamalaryň göçürme nusgalary kepillik haty bilen bilelikde gümrük edarasynda galýar, delilnamanyň ikinji nusgasy hem-de ulag we harytlaryň ýany bilen iberilýän resminamalaryň asyl nusgasy bolsa ýük alyja gaýtarylyp berilýär.
5. Harytlary ulag serişdesinde wagtlaýyn saklamak
5.1. Harytlaryň ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylmagyna demir ýoluň sowma şahasy öz dolanyşygynda bolan tarapyň ýa-da awtoulag serişdesinde harytlaryň getirilmegini amala aşyran tarapyň (ýük daşaýjynyň) razylyk bermegi bilen, ýük alyjynyň ýüztutmagy boýunça şu talaplaryň biri berjaý edilen halatynda gümrük edarasy tarapyndan rugsat berilýär:
- halkara ýük daşamalarynyň kitapçasy ulanylýan bolsa;
- ulag serişdesine goýlan üpjünçilik belgisi zaýalanmadyk ýa-da ýitirilmedik bolup, üpjünçilik belgisi bar mahaly harytlara aralaşylmagy mümkin bolmaýan bolsa.
5.2. Ulag serişdelerinde wagtlaýyn saklanylmagyna heniz harytlar ulag serişdesinden düşürilmedik bolsa we ulag serişdesiniň durjak ýeri gümrük edarasy bilen ylalaşylan halaty ýol berilýär. Harytlaryň ulag serişdesinden düşürilmegi ýa-da ulag serişdesiniň durýan ýeriniň üýtgedilmegi diňe gümrük edarasynyň rugsat bermegi bilen amala aşyrylýar.
5.3. Harytlary ulag serişdesinde wagtlaýyn saklamak üçin kabul eden ýük alyjy şulara borçludyr:
- ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylýan harytlara gümrük gözegçiliginden bidin aralaşylmagynyň mümkinçiliklerini aradan aýyrmaga;
- ulag serişdesine goýlan üpjünçilik belgisiniň zaýalanmazlygyny, ýitirilmezligini we wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň tükel, üýtgewsiz ýagdaýda saklanylmagyny üpjün etmäge;
- ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylýan harytlar ýitirilende ýa-da olar gümrük taýdan resmileşdirilmän berlende harytlar erkin dolanyşyga goýberilende tölenmäge degişli gümrük töleglerini tölemäge;
- ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylýan harytlara gümrük gözegçiliginiň amala aşyrylmagyna ýardam berýän şertleri döretmäge.
5.4. Harytlary ulag serişdesinde wagtlaýyn saklamaga almak üçin gümrük edarasyna ýüz tutmagyň hem-de harytlaryň ulag serişdesinde wagtlaýyn saklamaga alnandygyny resmileşdirmegiň tertibi şu Düzgünnamanyň 4.3.-4.5.-nji bölümlerinde beýan edilişi ýaly ýerine ýetirilýär.
5.5. Harytlaryň ulag serişdelerinde wagtlaýyn saklanylmagynyň möhleti 10 (on) senenama gününden uzak bolup bilmez we şu möhletiň tamamlanmagy boýunça harytlar şu Düzgünnamanyň talaplaryny berjaý etmek bilen, ýük alyjylara degişli ammara, goralýan territoriýa ýa-da ýörite ammara ýerleşdirilýär.
6. Jemleýji düzgünler
6.1. Harytlary wagtlaýyn saklamagyň umumy (aňryçäk) möhleti 6 aýdan uzak bolmaly däldir, ýöne saklamak möhleti çäkli bolan harytlar muňa girmeýär. Şu möhletiň tamamlanandygyna garamazdan, wagtlaýyn saklanylýan harytlar gümrük taýdan resmileşdirilmese ýa-da Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilmese, onda bu harytlaryň Türkmenistanyň ulanylýan kanunçylygyna laýyklykda ýerlenilmegi, döwletiň haýryna berilmegi ýa-da ýok edilmegi bilen baglanyşykly amallar ýük alyjy tarapyndan amala aşyrylýar.
6.2. Döwlet howpsuzlygyny, jemgyýetçilik tertibini, ilatyň ahlaklylygyny, adamynyň ömrüni hem-de saglygyny goramak, haýwanlary we ösümlikleri goramak, daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty gorap saklamak, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň çeperçilik, taryhy hem-de arheologiki gymmatlyklaryny goramak, getirilýän harytlary biziň ýurdumyzda sarp edijileriň bähbitlerini goramak nukdaý-nazaryndan ugur almak bilen, ýük alyjynyň hem-de ýük daşaýjynyň razylygy bolmazdan anyk harytlar üçin saklamagyň takyk möhletlerini bellemäge gümrük edarasynyň haky bardyr.
6.3. Ýük alyjylar hem-de ýük daşaýjylar şu Düzgünnamanyň talaplaryny berjaý etmek babatynda Türkmenistanyň ulanylýan kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.