Gümrük gözegçiligi
Halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlara gümrük gözegçiligini geçirmegiň Tertibi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2012-nji ýylyň 31-nji martynda çykaran 204-nji buýrugy bilen tassyklanyldy

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen ylalaşyldy

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2012-nji ýylyň 16-njy aprelinde 640 san bilen bellige alyndy.

 

I. Umumy düzgünler

1. Halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlara gümrük gözegçiligini geçirmegiň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Gümrük Kodeksine laýyklykda taýýarlandy we halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük serhedinden gecirilýän harytlara gümrük gözegçiliginiň geçirilişini düzgünleşdirýär. 
2. Türkmenistanyň Gümrük Kodeksiniň 232-nji maddasyna laýyklykda halkara poçta ugratmalary diýlip, Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna ibermek üçin kabul edilýän, Türkmenistanyň gümrük çägine gowuşýan ýa-da bu çägiň üstünden üstaşyr geçýän poçta ugratmalaryna düşünilýär we hatlar (ýönekeý, buýrulýan, gymmatlygy yglan edilen), poçta kartoçkalary (ýönekeý, buýrulýan), banderollar we "M" ýörite haltalary (ýönekeý, buýrulýan), sekogrammalar (ýönekeý, buýrulýan) we aerogrammalar, ownuk bukjalar (buýrulýan), ýollamalar (adaty, gymmatlygy yglan edilen) halkara poçta ugratmalaryna degişlidir.
3. Halkara poçta ugratmalarynyň gümrük taýdan resmileşdirilmegi we gümrük gözegçiligi, eger gümrük edaralary tarapyndan gümrük maksatlary üçin talap edilýän ähli maglumatlar Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalarynda göz öňünde tutulan we halkara poçta ugratmalarynyň ýany bilen iberilýän resminamalarda, şeýlede halkara poçta ugratmalarynda geçirilýän harydyň ýany bilen iberilýän resminamalarda bar bolsa, şol resminamalaryň ulanylmagy bilen Gümrük Kodeksine laýyklykda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. 
4. Halkara poçta ugratmalaryny kabul etmegi, aýyl-saýyl etmegi, daşamagy we eltmegi Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk kärhanasy amala aşyrýar.
5. Halkara poçta ugratmalarynda:
    1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi ýa-da bu çäkden alnyp gidilmegi gadagan edilen;
    2) Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna laýyklykda iberilmegi gadagan edilen;
    3) daşary söwda işini düzgünleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çäklendirmeler bellenen harytlaryň (çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyklaýan zerur resminamalar görkezilen halatlary muňa degişli däldir) geçirilmegine ýol berilmeýär.
6. Halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistana iberilen harytlaryň alyjylara gowşurylmagynyň mümkinçiligi bolmasa, şol sanda halkara poçta ugratmalary gümrük taýdan resmileşdirilmedik we gümrük gözegçiliginden geçirilmedik bolsa, şol  harytlar Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk kärhanasynda saklanýar.
7. Halkara poçta ugratmalary ýitirilen, zeper ýetirilen (zaýalanan ýa-da halkara poçta ugratmalarynyň içine salnan zatda ýetmezçilik bolsa), gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan alyja berlen mahalynda gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenmegi üçin, görkezilen poçta ugratmalaryny ýitiren, zeper ýetiren ýa-da alyja beren Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk kärhanasy jogapkärçilik çekýär.
8. Halkara poçta ugratmalarynda geçirilýän harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutulmak tertibinde we iň gysga möhletde amala aşyrylýar. Bu möhlet, şeýle harytlar gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin mälim edilen pursatyndan başlap üç günden artyk bolmaly däldir.
9. Halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýeriniň gümrük gözegçiligine degişli halkara poçta ugratmalarynyň ýerleşýän ýerleri gümrük gözegçiliginiň zolagydyr. Halkara poçta ugratmalaryna gümrük gözden geçirmesiniň we gümrük barlagynyň geçirilmegi hem-de olaryň resmileşdirilmegi ýörite enjamlaşdyrylan, keseki adamlaryň aralaşyp bilmegini aradan aýyrýan jaýda amala aşyrylmalydyr.
10. Halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýerini Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi kesgitleýär.

II. Halkara poçta ugratmalarynyň içerki gümrük üstaşyry

11. Türkmenistanyň çägine getirilýän we alnyp gidilýän hem-de bu çäkden yzyna gaýtarylýan halkara poçta ugratmalarynyň gümrük gözegçiligi astynda daşalmagy içerki gümrük üstaşyry gümrük amalyna laýyklykda amala aşyrylýar. 
Halkara poçta ugratmalaryna içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amaly Türkmenistanyň Gümrük Kodeksinde bellenilen talaplar we çäklendirmeler göz öňünde tutulyp ulanylýar.
12. Halkara poçta ugratmalary gümrük gözegçiliginde daşalan mahalynda kybaplaýyş serişdeleri hökmünde gümrük plombalary we möhürler ulanylyp bilner. Gümrük edarasynyň wezipeli adamlary tarapyndan görkezilen kybaplaýyş serişdeleri ulag serişdeleriniň ýük bölümine we zerurlyk ýüze çykanda halkara poçta ugratmalaryna goýulýar.
13. Halkara poçta ugratmalaryny ugradylyş gümrük edarasydan barylmagy bellenilen gümrük edarasyna eltmegiň möhleti, Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk kärhanasynyň hödürlän möhletini göz öňünde tutmak bilen Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda gümrük edarasy tarapyndan kesgitlenilýär. 
14. Halkara poçta ugratmalarynyň içerki gümrük üstaşyryna laýyklykda daşalmagyna päsgel berýän awariýanyň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da başga ýagdaýlar bolan mahalynda, daşaýjy Türkmenistanyň Gümrük Kodeksiniň 41-nji maddasynda göz öňünde tutulan çäreleri görýär.

III. Halkara poçta ugratmalarynda gowuşýan harytlara halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýerinde geçirilýän gümrük operasiýalary

15. Türkmenistanyň gümrük çägine halkara poçta ugratmalarynda gowuşýan harytlara gümrük gözegçiligi halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýerinde geçirilýär. Görkezilen ýeriň işgärleri tarapyndan halkara poçta ugratmalary, onuň poçta we ýany bilen iberilýän resminamalary gümrük gözden geçirmesiniň we gümrük barlagynyň geçirilmegi üçin gümrük edarasynyň wezipeli adamyna görkezilýär.
16. Gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň rugsat bermegi we onuň gatnaşmagynda halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýeriniň işgärleri tarapyndan halkara poçta ugratmalary açylýar. Halkara poçta ugratmalary açylanda harytlara doly ýa-da bölekleýin zeper ýetendigi ýa-da olaryň zaýalanandygy ýüze çykarylan mahalynda, halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýeriniň işgäri halkara poçta ugratmalaryna ýa-da olaryň içinde saklanýan harytlara ýetirilen zeperi görkezmek bilen üç nusgada bellenilen tertipde degişli delilnamany düzýär. Delilnamanyň birinji nusgasy halkara poçta ugratmalarynyň ýany bilen iberilýän resminamalara goşulýar, ikinji nusgasy gümrük edarasynda we onuň üçünji nusgasy halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýerinde galýar.
17. Halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýerine gowşan halkara poçta ugratmalary, olaryň poçta we ýany bilen iberilýän resminamalary kabul edilen we aýyl-saýyl edilen mahalynda gümrük edaralary tarapyndan poçta ugratmalarynyň şu görnüşleriniň:
poçta kartoçkalaryny we hatlaryň;
körler üçin edebiýatyň gümrük edaralaryna görkezilmegi talap edilmän bilner.
Görkezilen poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen ýa-da çäklendirilen harytlaryň bardygyna ýeterlik esas bolanda, şeýle hem saýlamak bilen ýa-da tötänden geçirilýän barlaglaryň esasynda gümrük gözden geçirmesi ýa-da gümrük barlagy geçirilen mahalynda gümrük edaralary görkezilen poçta ugratmalarynyň görkezilmegini talap etmäge haklydyr.
18. Halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýeriniň işgärleri tarapyndan halkara poçta ugratmalary gümrük gözden geçirmesini we gümrük barlagyny geçirmegi üçin gümrük edarasynyň wezipeli adamyna görkezilýär, ýagny:
özleri babatynda gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylýan harytlary;
halkara poçta ugratmalarynyň ýany bilen iberilýän resminamalarda özleri barada görkezilen maglumatlar (ady, agramy, gymmaty we ş.m.) şol halkara poçta ugratmalarynda hakykatda iberilýän harytlara gabat gelmeýän harytlary ýüze çykarmak maksady bilen.
19. Gümrük gözden geçirmesiniň we gümrük barlagynyň netijesi boýunça gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan bellenilen tertipde delilnama düzülýär we bu barada gümrük deklarasiýasynda (eger bar bolsa) erkin görnüşde beýan etmek bilen bellik edilýär hem-de delilnama we bellik gümrük edarasynyň görkezilen wezipeli adamynyň goly bilen tassyklanýar. 
20. Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi çäklendirilen harytlar babatda görkezilen harytlary alyjylar ýa-da olaryň ynanylan wekilleri, gümrük taýdan resmileşdirmekde görkezilen çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyklaýan zerur rugsatnamalary, ygtyýarnamalary, güwänamalary we beýleki resminamalary bermäge borçludyr. Eger görkezilen resminamalar gümrük edarasyna bellenilen tertipde we möhletlerde berilmese, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi çäklendirilen harytlar Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan yzyna çykarylmaga degişlidir.  
21. Halkara poçta ugratmalarynda iberilmegi gadagan edilen we (ýa-da) çäklendirilen harytlaryň alynmagy, şeýle hem olara ygtyýarlyk edilmegi Türkmenistanyň Gümrük Kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň çägine getirilmegi gadagan edilen harytlary özünde saklaýan halkara poçta ugratmalary Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan iberijä yzyna gaýtarylmaga degişlidir.
22. Gümrük taýdan resmileşdirilmegi tamamlanan halkara poçta ugratmalary halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýeri tarapyndan alyja gowşurylýar.

IV. Halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary iberilýän harytlara gümrük gözegçiligi

23. Ýönekeý we buýrulýan hatlar, poçta kartoçkalary, içine ýazmaça habarlar we çap önümleri salnan "M" ýörite haltalar, sekogrammalar we aerogrammalar olaryň ýany bilen iberilýän resminamalara laýyklykda bellenilen tertipde gümrük taýdan resmileşdirilip Türkmenistanyň çäginden daşary iberilýär.
Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi gadagan edilen ýa-da çäklendirilen harytlaryň bardygyna ýeterlik esas bolanda, şeýle hem saýlamak bilen ýa-da tötänden geçirilýän barlaglaryň esasynda gümrük gözden geçirmesi ýa-da gümrük barlagy geçirilen mahalynda gümrük edaralary görkezilen poçta ugratmalarynyň görkezilmegini talap etmäge haklydyr.
24. Halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary iberilýän harytlara gümrük gözegçiligi halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýeri öz iş çäginde ýerleşýän gümrük edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
25. Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk kärhanasynyň işgärleri Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary iberilýän halkara poçta ugratmalaryny gümrük gözden geçirmesiniň ýa-da gümrük barlagynyň geçirilmegi üçin gümrük edarasynyň wezipeli adamyna açyp görkezmelidir we onuň netijesi boýunça bellenilen tertipde delilnama düzülmelidir. Şeýle hem, gümrük edarasynyň wezipeli adamy resminamalaryň hakykylygyny we maglumatlaryň dogrulygyny, şeýle hem olaryň resmileşdirilişiniň dogrulygyny anyklamak maksady bilen harytlar gümrük taýdan resmileşdirilende halkara poçta ugratmalarynyň ýany bilen iberilýän resminamalary we berilýän maglumatlary barlaýar.
26. Halkara poçta ugratmalarynda hakykatda iberilýän harytlaryň olaryň ýany bilen iberilýän resminamalarda görkezilen maglumatlara laýyk gelýändigini we bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilendigini tassyklaýan resminamalaryň bardygyny barlamak üçin, şeýle hem Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi gadagan edilen harytlary ýüze çykarmak üçin halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýerinde ýerleşýän gümrük edarasynyň wezipeli adamy halkara poçta ugratmalaryna şu Tertibiň 25-nji bölüminde agzalan gümrük gözden geçirmesini we gümrük barlagyny geçirýär.
27. Halkara poçta ugratmalarynda iberilýän harytlara gümrük gözegçiligi geçirilenden soň, olary goýbermek barada çözgüt kabul edip, gümrük edarasynyň wezipeli adamy halkara poçta ugratmalarynyň ýany bilen iberilýän resminamalara degişli möhürçeleri basýar hem-de oňa goly we belgili şahsy möhri bilen güwä geçýär. Şol resminamalaryň bir nusgasy gümrük edarasynda galýar we galanlary halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýeriniň işgärlerine berilýär.
28. Gümrük taýdan resmileşdirilmegi geçirilen harytlary kybaplamagy üpjün etmek üçin, gümrük taýdan resmileşdirilmegi tamamlanan halkara poçta ugrtatmalaryna gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan goýulýan gümrük plombalary, möhürleri we kybaplaýyşyň beýleki serişdeleri ulanylyp bilner. 
29. Türkmenistanyň çäginden alnyp gidilmegi gadagan edilen harytlary özünde saklaýan halkara poçta ugratmalary Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan iberijä yzyna gaýtarylmaga degişlidir.
30. Halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlara gümrük gözegçiligini geçirmek boýunça şu Tertipde göz öňünde tutulmadyk beýleki kadalar Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.