Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2010-njy ýylyň 29-njy dekabrynda çykaran № 522 buýrugy bilen tassyklanyldy
I. Umumy düzgünler
1. Şu Düzgünnama, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna esaslanýar we paçsyz söwda dükanlarynda we beýleki paçsyz söwda nokatlarynda (mundan beýläk-paçsyz söwda dükanlary) harytlary ýerleşdirmegiň we olary hasaba almagyň tertibini belleýär.
2. Şu Düzgünnamanyň maksatlary üçin ulanylýan düşünjeler:
- paçsyz söwda-Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen daşary ýurt harytlarynyň ýa-da türkmen harytlarynyň Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary gidýän fiziki şahslara gös-göni paçsyz söwda dükanlarynda gümrük paçlaryny, salgytlary tölemezden, şeýle hem harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklary we çäklendirmeleri ulanmazdan bölekleýin satylýan gümrük düzgüni;
- paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýän-paçsyz söwda işini ýerine ýetirmäge hukuk berýän ygtyýarnamany alan ýuridiki şahs.
3. Paçsyz söwda dükanlarynyň jaýlary söwda zalyndan, kömekçi jaýdan, ammardan ybarat bolup biler.
4. Paçsyz söwda dükanlarynyň jaýlary gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýar.
II. Harytlary paçsyz söwda dükanlaryna ýerleşdirmek
5. Paçsyz söwda dükanlaryna ýerleşdirilýän harytlar paçsyz söwdanyň gümrük düzgüninde resmileşdirilmelidir.
6. Paçsyz söwdanyň gümrük düzgüninde ýerleşdirmek üçin Türkmenistanyň çägine getirilen harytlara gümrük gözegçiliginiň we resmileşdirmesiniň amala aşyrylýan ýeri paçsyz söwda dükanlaryň ammary bolup biler. Harytlar ammara gümrük edarasynyň işgäriniň gatnaşmagynda ýa-da rugsat bermegi bilen ýerleşdirilýär. Paçsyz söwdanyň gümrük düzgüninde resmileşdirilen harytlar we bellenen resminamalaryň berilmegi bilen, bu gümrük düzgüninde gümrük edarasyna deklarirlenilmedik harytlar aýratyn ammarda saklanmalydyr.
7. Paçsyz söwda dükanlara ýerleşdirilýän harytlar ýük gümrük deklarasiýasyny bermek bilen, gümrük edarasyna paçsyz söwdanyň gümrük düzgüninde deklarirlenmäge degişlidir. Harytlary paçsyz söwdanyň gümrük düzgünine diňe paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýän ýerleşdirip bilýär. Harytlary bu gümrük düzgünine laýyklykda deklarirlemegi paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýän özbaşdak, şeýle-de gümrük dellalyň hyzmatyndan peýdalanmak arkaly amala aşyryp biler. Ýük gümrük deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan kesgitlenýär.
8. Paçsyz söwda dükanlaryna ýerleşdirmek maksady bilen:
1) Türkmenistanyň çägine getirilen daşary ýurt harytlarynyň paçsyz söwdanyň gümrük düzgüninde resmileşdirilmegi üçin şu resminamalar:
- bellenen tertipde doldurylan ýük gümrük deklarasiýasy;
- ýük gümrük deklarasiýasyna goşulýan resminamalaryň sanawy;
- gümrük edarasynda resmileşdirilen üstaşyr resminamasy;
- ulag resminamasy;
- harytlaryň ýany bilen iberilýän resminamalar;
- Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilýän laýyklyk güwänamasy;
- Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki resminamalar gümrük edarasyna berilmelidir;
2) türkmen harytlarynyň paçsyz söwdanyň gümrük düzgüninde resmileşdirilmegi üçin şu resminamalar:
- bellenilen tertipde doldurylan ýük gümrük deklarasiýasy;
- ýük gümrük deklarasiýasyna goşulýan resminamalaryň sanawy;
- paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýän bilen Türkmenistanyň dahyllysynyň (rezidentiniň) arasynda baglaşylan we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alnan şertnama;
- Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilýän laýyklyk güwänamasy, şeýle hem harytlaryň Türkmenistanyň çäginden alnyp gidilmegi ygtyýarnama we (ýa-da) rugsatnama boýunça amala aşyrylýan bolsa, şeýle ygtyýarnama we (ýa-da) rugsatnama;
- Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki resminamalar gümrük edarasyna berilmelidir.
Harytlar paçsyz söwdanyň gümrük düzgüninde gümrük taýdan resmileşdirilende gümrük tölegleri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda tölenýär.
9. Döwlet gözegçiliginiň weterinariýa, fitosanitariýa we beýleki görnüşlerine degişli harytlar babatda gümrük taýdan resmileşdirmek diňe şeýle gözegçiligi amala aşyrýan degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylandan soň tamamlanylyp bilner.
10. Paçsyz söwdanyň gümrük düzgüninde Türkmenistana getirilmegi, Türkmenistandan alnyp gidilmegi, Türkmenistanyň çäginde dolanyşygy gadagan edilen we önümçilik-tehniki maksatly harytlaryň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.
11. Bellenen tertipde paçsyz söwda dükanlaryna ýerleşdirilen harytlar paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýän tarapyndan paçsyz söwda işine hukuk berýän ygtyýarnamala bildirilýän talaplaryň berjaý edilmegi bilen ýerlenilýär (satylýar).
III. Hasaba almak we hasabatlylyk
12. Paçsyz söwda dükanlarynda harytlaryň hasaba alnyşy we hasabaty Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Mundan başga-da, paçsyz söwdanyň gümrük düzgüninde resmileşdirilen harytlar paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýän we paçsyz söwda dükanlary öz iş zolagyna degişli bolan gümrük edarasy tarapyndan hökmany hasaba alynmaga degişlidir.
13. Paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýän şu Düzgünnamanyň 1-nji goşundysynda getirilen görnüş boýunça paçsyz söwda dükanlaryna gowşan harytlary hasaba alnyş kitabyny ýöredýär. Kitap deslapdan bagjyklanan, belgilenen hem-de paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýäniň möhüri we onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan bolmalydyr.
Paçsyz söwda dükanlaryna gowşan harytlary hasaba alnyş kitaby senenama ýyly boýunça ýöredilýär. Paçsyz söwda dükanlaryna gowşan harytlary hasaba alnyş kitabyna soňky ýazgy girizilenden soň, barlag üçin gümrük edarasyna berilýär we barlagyň tamamlanmagy boýunça bu hasaba alnyş kitaby paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýäne yzyna gaýtarylýar. Barlag geçirilenden soň, şol hasaba alnyş kitabyna goşmaça ýazgylary ýa-da düzedişleri girizmäge ýol berilmeýär.
Paçsyz söwda dükanlaryna gowşan harytlary hasaba alnyş kitaby gümrük edarasynyň talap etmegi boýunça görkezilýär.
14. Paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýän gümrük edarasy bilen ylalaşylan görnüşde we tertipde paçsyz söwda dükanlarynda ýerlenilýän(satylýan) harytlaryň hasabyny ýöredýär.
15. Gümrük edarasy ýük gümrük deklarasiýasyny we hasaba almagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny peýdalanmak bilen, harytlary hasaba almagy ýöredýär.
16. Paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýän üç aýda bir gezek gümrük edarasyna paçsyz söwda dükanlaryna ýerleşdirilen we onda ýerlenilen (satylan) harytlar barada şu Düzgünnamanyň 2-nji goşundysynda getirilen görnüş boýunça hasabaty berýär.
17. Gümrük edarasy paçsyz söwda dükanlarynda ýerleşýän harytlaryň tükelligini barlamaga haklydyr.
IV. Jemleýji düzgünler
18. Paçsyz söwda işine hukuk berýän ygtyýarnamanyň hereketi togtadylanda, onuň togtadylmagyna getiren düzgün bozmalar düzedilýänçä, şeýle hem ygtyýarnamanyň hereketi ýatyrylanda paçsyz söwda dükanlary ýapylýar.
19. Paçsyz söwda dükanlary ýapylan halatynda paçsyz söwdanyň gümrük düzgünine ýerleşdirilen daşary ýurt harytlary paçsyz söwda dükanynyň ýapylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap on bäş günüň dowamynda başga gümrük düzgünine ýerleşdirilmäge degişlidir. Şonda gümrük tölegleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölenýär.
20. Paçsyz söwda dükanlarynyň ýapylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap paçsyz söwdanyň gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlara gümrük maksatlary üçin, wagtlaýyn saklanylmakda duran harytlar hökmünde garalýar. Şeýle harytlaryň satylmagyna, şeýle hem paçsyz söwda dükanlaryna başga harytlaryň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär. Şonda paçsyz söwda dükanlarynyň söwda zallarynda we kömekçi jaýlarynda ýerleşýän harytlar haýal edilmän paçsyz söwda dükanlarynyň ammaryna geçirilmäge degişlidir.
21. Paçsyz söwda dükanlarynyň ýapylmagy paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýäni Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen talaplary berjaý etmekden we borçlary ýerine ýetirmekden boşatmaýar.
22. Paçsyz söwda işine hukuk berýän ygtyýarnamanyň hereketi togtadylanda, onuň hereketiniň dikeldilmegi Türkmenistanyň ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
23. Paçsyz söwda işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygynyň we şu Düzgünnamanyň talaplarynyň paçsyz söwda dükanlaryna eýelik edýän tarapyndan berjaý edilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2011-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda 547 san bilen bellige alyndy.