Gümrük gözegçiligi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň buýrugy bilen Harytlar demir ýol ulag serişdelerinde daşalanda içerki gümrük üstaşyrynyň aňryçäk möhleti bellenildi
Harytlar demir ýol ulag serişdelerinde daşalanda içerki gümrük üstaşyrynyň aňryçäk möhletini içerki gümrük üstaşyryna rugsat alnan gününden şu aýratyn halatlarda ýigrimi gün diýip bellenildi:
- harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilende, serhetleşýän goňşy döwletiň kabul edip ýetişmeýändigi ýa-da deňiz gämileriniň daşap ýetişmeýändigi sebäpli demir ýol ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň serhetýaka demir ýol bekedinde kadadan artyk toplanan ýagdaýlarynda;
- harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilende, ýük alyjynyň düşürip ýetişmeýändigi sebäpli, demir ýol ulag serişdeleriniň barylmagy bellenilen demir ýol bekedinde kadadan artyk toplanan ýagdaýlarynda;
- awariýa ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde demir ýoluň abatlaýyş, arassalaýyş işleri geçirilýän ýagdaýlarynda;
- demir ýol beketlerinde saýlama-jemleme işleri ýerine ýetirilende, doly hereketli otly düzümini düzmek üçin demir ýol ulag serişdeleriniň kada laýyk möçberini toplamak maksady bilen, olaryň adaty möhletinden artyk saklanan ýagdaýlarynda.