For tourists
For tourists
Ýolagçy gümrük deklarasiýasyny doldurmagyň Tertibi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2009-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran №16 buýrugy bilen tassyklanyldy

Ýolagçy gümrük deklarasiýasyny doldurmagyň Tertibi

1. Ýolagçy gümrük deklarasiýasyny doldurmagyň şu Tertibi (mundan beýläk ­- Tertip) ýolagçy gümrük deklarasiýasyny (mundan beýläk ­- deklarasiýa) doldurmagyň kadalaryny  kesgitleýär.

2. Deklarasiýa (şu Tertiniň goşundysy) ýazmaça deklarirlenmäge degişli bolan, şahsy taraplar tarapyndan telekeçilik işi bilen bagly bolmadyk hususy, hojalyk we beýleki hajatlar üçin Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar, şol sanda mukdaryna we bahasyna garamazdan, el goşunda geçirilýän harytlar üçin doldurylýar.

Hususy telekeçileriň el goşy görnüşinde Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirýän harytlaryny gümrük edaralaryna ýük gümrük deklarasiýasyny bermek bilen deklarirlemegine ýol berilýär.

Deklarasiýa harytlaryň eýesi (daşaýjy) ýa-da onuň tabşyrygy boýunça gümrük brokeri tarapyndan iki nusgada doldurylýar. Deklarasiýada Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar hakda anyk maglumatlar, şeýle-de gümrük maksatlary üçin zerur bolan beýleki maglumatlar görkezilýär.

Deklarasiýa el bilen dürs we düşnükli doldurylýar ýa-da kompýuteriň kömegi bilen doldurylyp we ýazylyp bilner.

Deklarasiýa türkmen, rus we iňlis dillerinde doldurylyp bilner. Deklarasiýa girirzilen islendik üýtgetmeler we goşmaçalar harytlary beýan edýän tarapyň goly, şeýle­-de gümrük resmileşdirmesini amala aşyrýan gümrük edarasynyň wezipeli işgäriniň goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklanýar.

3. Eger gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň ählisi baradaky maglumatlar deklarasiýanyň bir blankyna ýerleşmese, deklarasiýanyň blanklaryny zerur möçberde goşmaça ulanmaga rugsat berilýär.

Deklarasiýanyň goşmaça blanklary doldurylanda olaryň ähli blanklarynyň ýüzünde ýokarky sag burçda «Jemi __ blank» diýip bellik edilýär.

4. Harytlary beýan edýän tarap deklarasiýany doldurmak üçin ü ya-da Ï belgileri ulanmalydyr (belgilenen öýjük tassyklaýjy jogaby, belgilenmedik öýjük - inkär ediji jogaby aňladýar).

5. «Giriş», «çykyş» we «üstaşyr» ýazgyly öýjüklerde Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň geçirilýän ugry görkezilýär. Harytlary beýan edýän tarap, harytlar üstaşyr geçirilende, «üstaşyr» ýazgyly öýjükden başga ýene-de «giriş» ýa-da «çykyş» ýazgyly öýjükleriň biriniň üstüni belgiläp, harytlaryň barýan ugruny görkezýär.

6. Deklarasiýanyň 1-nji bölüminde harydyň eýesi ýa-da harytlary beýan edýän tarap baradaky maglumatlar (pasportynyň ýa-da şahsyýeti tassyklaýan resminamanyň maglumatlary) görkezilýär, «Sany» ýazgyly setirde onuň ýany bilen barýan on alty ýaşa ýetmedik adamlaryň (eger bar bolsa) sany görkezilýär.

7. Deklarasiýanyň 2-nji bölüminiň 2.1-nji bölümçesinde şahsy tarapyň öz ýany bilen geçirýän bagažynda, el goşunda harytlaryň bardygy ýa-da ýokdugy görkezilýär. Harytlar bolanda deklarasiýanyň 2-nji bölüminiň 2.1-nji bölümçesindäki «Orun sany» ýazgyly setirde san bilen bagažyň umumy orun sany görkezilýär.

8. Deklarasiýanyň 2-nji bölüminiň 2.2-nji bölümçesinde şahsy tarapyň öz ýany bilen geçirmeýän (aýry alnyp gidilýän) bagažynda harytlaryň bardygy ýa-da ýokdugy görkezilýär. Harytlar bolanda deklarasiýanyň 2-nji bölüminiň 2.2-nji bölümçesindäki «Orun sany» ýazgyly setirde san bilen bagažyň umumy orun sany görkezilýär. Bu maglumatlaryň görkezilmegi şahsy tarapyň öz ýany bilen geçirmeýän  bagažynda harydynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny gümrük edarasyna habar berendigini aňladýar.

Ýany bilen alnyp gidilmeýän bagaž hökmünde geçirilýän, haryt görnüşindäki awtomobil (ulag serişdesi) baradaky maglumat deklarasiýanyň 4-nji bölüminiň          4.2-nji bölümçesinde görkezilýär.

9. Deklarasiýanyň 3-nji bölüminiň 3.1-nji bölümçesinde şu maglumatlar görkezilýär:

  1. gümrük edarasyna mälim edilen senesinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bellän hümmeti boýunça hasaplananda umumy jemi ABŞ-nyň 3000 dollaryna barabar mukdardan geçýän, gümrük serhedinden geçirilýän nagt görnüşindäki daşary ýurt puly we/ýa-da milli pul baradaky;
  2. ýol çekleri, resminamalaýyn görnüşde daşarky we/ýa-da içerki gymmatbaha kagyzlar baradaky;
  3. wagtlaýyn alyp gitmek/getirmek maksady bilen geçirilýän şahsy hajatly zergärçilik we beýleki durmuşda ulanylýan önümlerden başga, islendik görnüşdäki we ýagdaýdaky gymmatbaha metallar, gymmatbaha daşlar baradaky.

10. Deklarasiýanyň 3-nji bölüminiň 3.2-3.12-nji bölümçelerinde, deklarasiýanyň 3-nji bölüminiň 3.1-nji bölümçesinde görkezilenlerden başga, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şahsy tarapyň ýazmaça deklarirlenmäge degişli  harytlarynyň bardygy görkezilýär.

11. Deklarasiýanyň 4-nji bölüminiň 4.1-nji bölümçesinde şu maglumatlar görkezilýär:

  1. deklarasiýanyň 3-nji bölüminiň 3.2-3.11-nji bölümçelerinde görkezilen harytlaryň (tapawutlandyryjy alamatlar, olaryň ýasalan materiallary, reňki, görnüşi, harydyň kysymy, agramy we ş.m.) anyk beýany, rugsat beriji resminamalar barada maglumat, harytlaryň mukdary, bahasy (milli pulda, ýewroda ýa-da ABŞ-nyň dollarynda);
  2. deklarasiýanyň 3-nji bölüminiň 3.1-3.12-nji bölümçelerinde görkezilenlerden başga, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýazmaça deklarirlenmäge degişli harytlar baradaky;
  3. ulag serişdesinde halkara daşamagy amala aşyrýan daşaýja (sürüjä) degişli harytlar baradaky, onuň haryt-ulag ýanhaty boýunça daşaýan ýükleri muňa girmeýär;
  4. ýazmaça deklarirlenmäge degişli bolmadyk harytlar baradaky (şahsy tarapyň islegi boýunça).

12. Deklarasiýanyň 3-nji bölüminiň 3.12-nji bölümçesinde görkezilen awtomobiller (ulag serişdeler) barada maglumatlar deklarasiýanyň 4-nji bölüminiň 4.2-nji bölümçesinde jikme-jik görkezilýär.

13. Deklarasiýanyň ähli nusgalaryna doldurylan senäni görkezmek bilen, harytlary deklarirlän adam gol çekýär. Harytlar gümrük resmileşdirmesine gümrük brokeri tarapyndan berlende, deklarasiýada goşmaça şular görkezilýär: gümrük brokeriniň bellige alnan belgisi, gümrük resmileşdirmesi boýunça hünarmeniň ady, familiýasy we gümrük brokeriniň gümrük işiniň çygrynda şahsy tarapa hyzmat etmek baradaky şertnamasynyň belgisi.

14. Ýazmaça deklarirlenmäge degişli harytlary Türkmenistanyň gümrük serhedinden kämillik ýaşyna ýetmedigiň geçiren halatynda, bu harytlar barada maglumatlary onuň ýany bilen barýan adamyň (ata-enesiniň biri, ogullyga-gyzlyga alan, hossar ýa-da howandar) deklarasiýasynda görkezilýär.

15. Ýazmaça deklarirlenmäge degişli harytlary Türkmenistanyň gümrük serhedinden kamillik ýaşyna ýetmedikleriň topary geçirende, olaryň ýanynda         ata-ene­si, ogullyga-gyzlyga alanyň, hossary ýa-da howandary bolmadyk halatynda, bu harytlar baradaky maglumatlary toparyň ýolbaşçysy öz deklarasiýasynda görkezýär.

Bu görkezilen ýagdaýda toparyň ýolbaşçysyna, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň toparynyň geçirýän harytlary baradaky maglumatlary, her bir kämillik ýaşyna ýetmedige degişliligi boýunça aýratynlykda erkin düzülen sanawda görkezmäge ýol berilýär. Bu sanaw toparyň ýolbaşçysynyň deklarasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

16. Soňraky ýazgylary we düzedişleri girizmek mümkinçiliginiň öňüni almak üçin, şu Tertibiň 2-nji bölümine laýyklykda girizilen üýtgetmelerden başga, deklarasiýany kabul edýän gümrük edarasynyň wezipeli işgäri şahsy tarapyň deklarasiýanyň 3-nji bölüminiň 3.1-nji bölümçesinde we 4-nji bölüminiň 4.1-nji bölümçesinde eden ýazgylarynyň daşyny üznüksiz çyzyk bilen çyzýar we bu ýazgylary belgili şahsy möhüri bilen tassyklaýar.

17. Gümrük edarasynyň wezipeli işgäri deklarasiýany barlap bolandan we harytlary goýbermek barada çözgüdi kabul edenden soň, deklarasiýanyň iki nusgasyna «Gulluk bellikleri üçin» atly böleginde belgili şahsy möhürüni basýar we deklarasiýanyň bir nusgasyny harydy geçirýän tarapa gaýtaryp berýär. Deklarasiýanyň ikinji nusgasy gümrük resmileşdirmesini amala aşyran gümrük edarasynda bellenilen tertipde saklanýar.

Deklarasiýanyň bu böleginde gümrük edarasynyň wezipeli işgäri gümrük maksatlary üçin zerur bolan beýleki maglumatlary (gümrük kadalarynyň bozulmalary, resmileşdirilen beýleki gümrük resminamalary we ş.m. hakynda) hem görkezýär.

18. Gümrük edaralarynyň ygtyýarlygyna girýän maglumatlaryň girizilmeginden, şeýle hem maglumatlaryň hasaba alynmagyny awtomatlaşdyrmakda ulanylýan, kodlaşdyrmak üçin girizilýän goşmaçalaryndan başga, gümrük edaralarynyň wezipeli işgärleriniň öz isleglerine göra ýa-da dahylly taraplaryň tabşyrygy ýa bolmasa haýyşy boýunça deklarasiýany doldurmaga, deklarasiýada görkezilen maglumatlary üýtgetmäge ýa-da goşmaça maglumatlary girizmäge haky ýokdur.

19. Gümrük edaralary tarapyndan gümrük resmileşdirmesi geçirilýän ýerlerde şahsy taraplaryň gümrük resmileşdirmesi üçin harytlary görkezmegi we olaryň deklarirlenmegi bilen bagly zerur maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilmelidir.

Şahsy taraplara deklarasiýany doldurmakda kömek bermek üçin olaryň doldurylýan ýerlerinde ýa-da ýakyn ýerlerinde gümrük edarasynyň iş ýüzündäki tejribeli işgärleri hemişe bolmalydyr.

 Gümrük işgäri şahsy tarapyň ýüztutmagy boýunça gümrük resmileşdirmesine degişli harytlar, harytlary gümrük serhedinden geçirmegiň düzgüni we şertleri, şeýle hem harytlary geçirmegiň bellenen kadalarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik barada şahsy tarapa doly düşündiriş bermäge borçludyr.

20. Şahsy tarap tarapyndan deklarasiýanyň berilmezligine, bu tarapyň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirýän harytlarynyň ýazmaça deklarirlenmäge degişli harytlar bolup durmaýandygy barada gümrük edarasyna beýan etmegi diýip düşünilýär.

Attachments
oops
YGD_ru

oops
YGD_tm