Customs Control
Harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni hakynda düzgünnama

Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň 1999-njy ýylyň 5-nji martynda çykaran № 6 buýrugy bilen tassyklanyldy

Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 1999-njy ýylyň 25-nji martynda 208-1 san bilen bellige alyndy. 

Harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni hakynda düzgünnama

 

1. Umumy düzgünler

1.1. Harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemek-gümrük düzgünidir, şunda daşary ýurt harytlary, soňra erkin dolanyşyga goýbermek bilen, gümrük gözegçiligi astynda harytlara ykdysady syýasatyň çäreleriňi ulanmak arkaly Türkmenistanyň gümrük territoriýasynda gaýtadan işlemek üçin bellenilen tertipde peýdalanylýar.

2. Harytlary gaýtadan işlemegiň operasiýalary

2.1. Harytlary gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar şulary öz içine alýar:

  • harytlary taýýarlamagy, şol sanda montažlamagy, ýygnamagy we beýleki harytlara laýyklaşdyrmagy;
  • harytlaryň özüni gaýtadan işlemegi we işläp bejermegi;
  • harytlary abatlamagy, şol sanda dikeltmegi we tertipleşdirmegi;
  • gaýtadan işlemegiň önümlerini öndürmäge ýardam edýän ýa-da hatda, eger bu harytlar gaýtadan işlenende doly ýa-da kem-käsleýin sarp edilýän bolsa-da, ony ýeňilleşdirýän käbir harytlary peýdalanmagy.

3. Harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni astynda harytlary ýerleşdirmek

3.1. Harytlar gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni astynda Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň ygtyýar bermegi bilen ýerleşdirilýär.

3.2. Ygtyýarnama Türkmenistanyň rezidentine şu şertler berjaý edilen mahaly berilýär:

  • getirilen harytlar gaýtadan işlemegiň önümlerine laýyklaşdyrylan;
  • gaýtadan işlemek Türkmenistanyň önümçilik kuwwatlyklaryny peýdalanmaga ýardam eden;
  • daşary ýurt harytlary Türkmenistanyň territoriýasyna gaýtadan işlemek boýunça operasiýalary gönüden-göni amala aşyrýan kärhanalar tarapyndan gaýtadan işlemek üçin getirilen;
  • gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar kärhananyň adaty tehnologik prosesine laýyklykda geçirilen;
  • gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemek üçin harytlary kabul edip alan karhana olaryň hasabyny ýöreden hem-de wagtal-wagtal, ýöne azyndan aýda bir gezek şeýle harytlar hakyndaky hasabatlylygy harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni astynda ýerleşdirmek üçin ygtyýar beren gümrük edarasyna, şol gümrük edarasynyň bellän görnüşinde we möhletlerinde berlen. Hasaba almagyň we hasabatlylygyň dokumentlerinde gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni astynda ýerleşdirilen harytlaryň ady, mukdary, gaýtadan işlemek boýunça operasiýalar we gaýtadan işlemegiň barşy hakyndaky maglumatlar, şeýle hem gözegçilik etmek maksady bilen gümrük edarasyna zerur bolan beýleki maglumatlar bolmalydyr.
  • gümrük edarasynyň wezipeli adamlarynyň gümrük gözegçiligi astynda harytlaryň gaýtadan işlenişiniň we saklanyşynyň ýagdaýyna hakyky (wizual we dokumental) gözegçiligi geçirmäge hakyky mümkinçiligi bolsa;
  • kärhana gümrük gözegçiligi astynda harytlary gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni astynda ýerleşdirilen harytlaryň we olary gaýtadan işlemegiň önümleriniň gümrük gözegçiliginden sowlup, alynmak mümkinçiligini aradan aýyrmagy iş ýüzünde üpjün etse.

3.3. Gümrük gözegçiligi astynda harytlary gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni astynda ýerleşdirilen harytlar şu aşakdakylary bermek bilen, Türkmenistanyň gümrük edaralaryna deklarirlenmäge degişlidir:

  • Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň bellän tertibinde doldurylan ýük gümrük deklarasiýasyny;
  • ýük gümrük deklarasiýasyna goşulýan dokumentleriň ýazgysyny;
  • harytlaryň ýany bilen iberilýän dokumentleri;
  • Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alnan tolling kontraktyny (gaýtadan işlemek üçin kontrakty);
  • Türkmenistanyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa, ýerasty baýlyklaryny goramak we halk hojalygynda işleri howpsuz alyp barmak baradaky Baş döwlet inspeksiýasynyň edaralary tarapyndan berlen laýyklyk güwänamasyny we Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 49-njy maddasynyň talaplaryny berjaý etmek bilen;
  • möhletlerini görkezmek bilen (Türkmenistanyň DHÇMB-da bellige alnan tolling kontraktynyň şertlerine laýyklykda), gümrük düzgüni astynda gaýtadan işlemegiň önümlerini erkin dolanyşyga goýbermek üçin ýerleşdirmek baradaky borçnamany, ol gaýtadan işlemek üçin harytlary alýan kärhananyň blankynda erkin görnüşde berilýär we şu kärhananyň möhüri hem-de ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanylýar, şeýle hem deklarant tarapyndan ýük gümrük deklarasiýasynda görkezilýär;
  • Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen beýleki dokumentleri.

4. Gümrük gozegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni astynda ýerleşdirilen harytlara gümrük gözegçiligini etmek we olaryň gaýtadan işlenen önümlerini gutarnykly gümrük düzgüni astynda ýerleşdirmek

4.1. Gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni astynda harytlary ýerleşdirmäge ygtyýar beren, gümrük taýdan resmileşdirmegi geçiren gümrük edarasy gaýtadan işlemegiň önümleriniň bellenilen möhletlerde erkin dolanyşygy üçin hakykatda berilmegine gözegçiligi amala aşyrýar.

4.2. Gaýtadan işlemegiň möhletleri Türkmenistanyň DHÇMB-da bellige alnan tolling kontraktynyň şertleri bilen, gaýtadan işlemek boýunça operasiýalaryň häsiýetinden ugur alnyp we harytlary gaýtadan işlemek prosesiniň ykdysady taýdan özüni ödän dowamlylygyna esaslanyp bellenilýär.

4.3. Harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni astynda ýerleşdirilen harytlary gaýtadan işlemegiň önümleri Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň bellän tertibinde doldurylan ýük gümrük deklarasiýasyny, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda resmileşdirilen we bellige alnan daşary ykdysady söwda kontraktyny bermek bilen, erkin dolanyşyk üçin goýbermegiň gümrük düzgüninde gümrük taýdan resmileşdirmek üçin, gümrük edaralaryna bellenilen möhletlerde berilmelidir, onuň predmeti tolling kontrakty (onda nomerini we senesini, gümrük gözegçiliginde gaýtadan işlemek üçin Türkmenistana getirilen harytlaryň tolling kontraktynyň Türkmenistanyň DHÇMB-da bellige alnan nomerini we senesini görkezmek bilen)* (*Türkmenistanyň harytlary gaýtadan işlän rezidentiniň harytlary gaýtadan işlemek  üçin eden hyzmatlarynyň  paýy-taýýar önüm  erkin dolanyşyga  goýberilen  halatynda  daşary ykdysady kontrakty baglaşmak we Türkmenistanyň DHÇMB-da bellige alnan  tolling kontraktynda görkezilen bolsa) boýunça gaýtadan işlemegiň önümlerini satyn almak-satmak bolup durýar, şeýle hem erkin dolanyşyk üçin harytlar gümrük düzgüninde gümrük taýdan resmileşdirilen mahaly berilýän, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen beýleki zerur dokumentleri bermek bolup durýar.

4.4. Saýlanylyp alnan gümrük düzgünine laýyklykda, gaýtadan işlemegiň önümlerini gümrük taýdan resmileşdirmegi harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni astynda harytlary ýerleşdirmäge ygtyýarnama beren, olary gümrük taýdan resmileşdirmegi geçiren gümrük edarasy amala aşyrýar.

5. Gümrük ýygymlary we gümrük düzgüniniň bozulmagy üçin jogapkärçilik

5.1. Gümrük gözegçiligi astynda harytlary gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni astynda harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen möçberlerde gümrük ýygymlary alynýar, olar Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine geçirilýär.

5.2. Şu gümrük düzgüni astynda ýerleşdirilen harytlar ýitirilen ýa-da kem gelen, şeýle hern satylan ýa bolmasa başgaça aýrybaşgalanan mahaly, ýa-da görkezilen harytlar olaryň gümrük düzgünine laýyk bolmadyk ýagdaýda başgaça peýdalanylýan mahaly, harytlary gaýtadan işlemek üçin alan tarap Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda bellenilen tertipde jogapkärçilige çekilýär we harytlar erkin dolanşyga
goýberilen mahaly tölemäge degişli bolan gümrük töleglerini we salgytlaryny tölemelidir, harytlaryň awariýa ýa-da ýeňip bolmaýan güýjüň täsiri netijesinde ýok edilen, dolanuwsyz ýitirilen, ýa-da ýetmezçilik saklamagyň kadaly şertlerinde tebigy taýdan könelmegiň netijesinde bolup geçen, ýa-da ýitirilen halatlary muňa girmeýär.