Customs Control
Awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary, tehnikalary Türkmenistanyň çägine goýbermegiň tertibi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministriniň,

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda çykaran 638/197-Ö/275 belgili buýrugy bilen tassyklandy

 

I. Umumy düzgünler

1. Awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary, tehnikalary Türkmenistanyň çägine goýbermegiň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksi, «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» we «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Кanunlary, «Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegi düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran 10716-njy karary, «Ulag serişdeleriniň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 14-nji aprelinde çykaran         11599-njy karary, «Ýol hereketiniň kadalaryny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 3-nji dekabrynda çykaran       11924-nji karary esasynda taýýarlanyldy we Türkmenistanyň çäginde dolandyrylmagy üçin daşary ýurt döwletlerinden getirilýän awtoulag serişdeleriniň, motosiklleriň, traktorlaryň hem-de ýörite ulaglaryň, tehnikalaryň (mundan beýläk - awtoulag serişdesi) Türkmenistanyň çägine goýberilmegini düzgünleşdirýär.

2. Şu Tertibiň düzgünleri halkara gatnawy boýunça ýük we ýolagçy daşaýan hem-de Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilýän awtoulag serişdelerine degişli däldir.

3. Şu Tertipde göz öňünde tutulan amallar Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ýerleşýän gümrük edaralarynda amala aşyrylýar.

4. Şu Tertibiň maksatlary üçin ulanylýan düşünjeler:

ýolsuz ýerlerde sürmäge niýetlenen awtoulag - diňe ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen, batgalyk we ş.m. ýerlerden ýokary geçijiligi bolan ýörite awtoulag serişdesi (esasan ýolda sürmek üçin niýetlenip, ýolsuz ýerlerde hem ulanylýan adaty awtoulag serişdeleri muňa degişli däldir).

motosikl - gapdal tirkegli ýa-da gapdal tirkegi bolmadyk iki tigirli, hereketlendirijili mehaniki ulag. Enjamlaşdyrylan ýagdaýyndaky agramy           400 kg-dan ýokary geçmeýän üç we dört tigirli, hereketlendirijili mehaniki ulaglar motosikller bilen deňleşdirilýär;

moped - iş göwrümi 50 sm3-dan uly bolmadyk hereketlendiriji bilen herekete getirilýän we aňryçäk dörediliş tizligi 50 km/sagatdan ýokary geçmeýän iki ýa-da üç tigirli ulag. Asma hereketlendirijili tigirler we beýleki şuňa meňzeş häsiýetnamaly ulaglar mopedler bilen deňleşdirilýär.

II. Türkmenistanyň çägine goýberilmegi gadagan edilýän ýa-da çäklendirilýän awtoulag serişdeleri

5. Şu awtoulag serişdelerini Türkmenistanyň çägine goýbermek gadagan edilýär:

öndürilen ýyly hasaba alynmanda 5 ýyly dolan hem-de öndürilen ýylyna garamazdan, zyýan ýetendigi ýa-da zaýalanandygy sebäpli, zyýan ýetmeginiň      ýa-da zaýalanmagynyň derejesini bellenen tertipde kesgitlemek arkaly, ýol hereketiniň kadalaryna laýyk gelmeýän awtoulag serişdeleri (Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilýänlerden we reeksportdan başga);

sport nusgadaky ýokary tizlikli awtoulaglary hem-de hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3 500 kub sm-den ýokary bolan ýeňil awtoulaglar (ýolsuz ýerlerde sürmäge niýetlenen awtoulaglardan, kiçi awtobuslardan, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilýänlerden we reeksportdan başga);

öndüriji tarapyndan sürüji we öňdäki oturgyçdaky ýolagçy üçin niýetlenen, azyndan iki sany howpsuzlyk ýassygy göz öňünde tutulmadyk ýa-da bolmadyk ýeňil awtoulag serişdeleri (Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilýänlerden başga);

mopedler we tizligi 120 km/sagatdan ýokary bolan motosikller (oba hojalygynda ulanyljak gozakly we nowaly motosiklden we mopedden hem-de Türkmenistanyň çäginden üştaşyr geçirilýänlerden we reeksportdan, reimportdan başga);

öndüriji zawod tarapyndan göz öňünde tutulmadyk goşmaça enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy bilen bagly ýa-da başga alamatlary boýunça Türkmenistanyň çäginde ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän awtoulag serişdeleri;

Türkmenistanyň başga kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen Türkmenistanyň çägine getirilmegi (mundan beýläk - Getirilmegi) gadagan edilen awtoulag serişdeleri.

Şu bölümiň üçünji bendinde bellenilen kada, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine degişli däldir.

Şu bölümiň dördünji bendinde görkezilen awtoulag serişdelerini Türkmenistanyň ministrlikleri, pudak edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarynyň rugsat bermegi esasynda Getirip bilerler.

III. Getirilýän awtoulag serişdeleriniň gözden geçirilmegi

6. Getirilýän awtoulag serişdeleri gümrük edarasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bilelikdäki gümrük barlagyny amala aşyrýan toparyň agzalaryndan we Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň wekilinden ybarat bolan topar (mundan beýläk - Topar) tarapyndan gözden geçirilýär.

7. Gümrük edarasyna gowşan pursadyndaky ýagdaýynda awtoulag serişdesini gözden geçirmek bilen, Topar şu Tertibiň 5-nji bölüminde görkezilen gadaganlyklary we çäklendirmeleri göz öňünde tutup, awtoulag serişdesi babatda şu çözgütleriň birini kabul edýär:

    1) bellenen tertipde içerki gümrük edarasyna ibermek barada;

    2) ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk getirilýänçä gümrük gözegçiliginde wagtlaýyn saklamak barada;

    3) yzyna - iberijä gaýtarmak barada.

8. «Bellenen tertipde içerki gümrük edarasyna ibermek baradaky» çözgüt awtoulag serişdesi şu Tertibiň 5-nji bölümine laýyklykda Türkmenistanyň çägine goýberilmegi gadagan edilýänlere degişli bolmaýan ýa-da onuň goýberilmegi üçin degişli rugsat berlen ýagdaýlarynda hem-de ýeňil awtoulaglaryň kadadan ýokary garaňkyradylan aýnalaryny ýörite awtomobil ussahanalarynda çalşyrmak zerurlygy ýüze çykanda kabul edilýär.

9. «Ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk getirilýänçä gümrük gözegçiliginde wagtlaýyn saklamak baradaky» çözgüt, öndüriji zawod tarapyndan göz öňünde tutulmadyk goşmaça enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy bilen bagly ýa-da başga alamatlary boýunça awtoulag serişdesiniň Türkmenistanyň çäginde ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän we ol enjamlaryň gözegçilik-geçiriş ýerine ýanaşyk ýerleşýän gümrük gözegçiligi zolagynda ýeňil usul bilen aýrylyp ýa-da bolmalysyna çalşyrylyp bilinýän ýagdaýlarynda hem-de şu Tertibiň 5-nji bölüminiň dokuzynjy bendinde görkezilen rugsadyň berlendigini anyklamak zerur bolan ýagdaýlarda kabul edilýär.

10. «Yzyna - iberijä gaýtarmak baradaky» çözgüt şu Tertibiň 5-nji bölümine laýyklykda awtoulag serişdesiniň Getirilmegi gadagan edilýändigi ýa-da ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigi anyklanan ýagdaýlarynda kabul edilýär.

11. Topar Getirilýän awtoulag serişdeleriniň her biriniň fotosuratyny alýar we alnan fotosuratlary elektron görnüşde saklanylmagy üçin gümrük edarasynyň ýörite maglumatlar goruna girizýär.

IV. Getirilýän awtoulag serişdesini gözden geçirmegiň delilnamasy

12. Awtoulag serişdesini gözden geçirmegi amala aşyran Topar agzalary Türkmenistanyň çägine getirilýän awtoulag serişdesini gözden geçirmegiň delilnamasyny (mundan beýläk - Delilnama) (şu Tertibe 1-nji goşundy) düzýär.

Delilnamanyň «Ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyklygy» atly bölüminde:

awtoulag serişdesiniň ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk gelýän ýagdaýlarynda «ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk gelýär» diýlip, ýazmaça bellik edilýär;

awtoulag serişdesiniň bütinleý ýa-da belli bir bölegi boýunça ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän ýagdaýlarynda, şeýle laýyk gelmezlik esaslandyrylyp, takyk beýan edilýär.

Gözden geçirilen awtoulag serişdesine degişli ulag resminamasynyň nusgasy, awtoulag serişdesiniň fotosuraty ýa-da wideoýazgysy Delilnamanyň ýanyna goşulyp bilner. Delilnama üç nusgada düzülýär we olar Topar agzalary tarapyndan tassyklanylýar. Delilnamanyň birinji nusgasy gümrük edarasynda saklanylýar, ikinji nusgasy awtoulag serişdesini getirmegi amala aşyran şahsa, üçünji nusgasy Awtomobil ulaglary ministrliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň wekiline berilýär.

13. Delilnama gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan Türkmenistanyň çägine getirilýän awtoulag serişdelerini gözden geçirmegiň delilnamasyny bellige alyş kitabynda (şu Tertibe 2-nji goşundy) bellige alynýar.

V. Gözden geçirilen awtoulag serişdeleri bilen geçirilýän amallar

14. Getirilýän awtoulag serişdeleri babatda Toparyň kabul eden çözgüdine laýyklykda bilelikdäki gümrük barlagyny amala aşyrýan topar bellenen tertipde degişli resmileşdiriş işlerini geçirýär.

15. Toparyň awtoulag serişdesi babatda «yzyna - iberijä gaýtarmak baradaky» çözgüdi kabul eden ýagdaýynda, ol awtoulag serişdesi Türkmenistanyň çägine goýberilmeýär. Türkmenistanyň çägine goýberilmedik awtoulag serişdesi onuň eýesi, daşaýjy ýa-da olaryň ygtyýarly eden wekili tarapyndan Türkmenistanyň çäginden haýal etmän alnyp gidilmegine degişlidir.

16. Türkmenistanyň çägine goýberilmedik awtoulag serişdesi 10 (on) günüň dowamynda Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilmese ýa-da onuň eýesi (ygtyýarly eden wekili) bu awtoulag serişdesini ýok etmek gümrük düzgünine ýerleşdirmek barada gümrük edarasyna ýüz tutmasa, gümrük edarasynyň şol awtoulag serişdesini ýok etmek gümrük düzgünine ýerleşdirmäge haklydyr.

17. Toparyň «ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk getirilýänçä gümrük gözegçiliginde wagtlaýyn saklamak baradaky» çözgüdi esasynda awtoulag serişdesi gümrük edarasy tarapyndan harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy gümrük amalyna laýyklykda gözegçilik-geçiriş ýerine ýanaşyk ýerleşýän gümrük gözegçiligi zolagynda wagtlaýyn saklanylmagy üçin goýberilýär. Şunda awtoulag serişdesiniň eýesi, daşaýjy ýa-da olaryň ygtyýarly eden wekili tarapyndan, sebäp bolan, öndüriji zawod tarapyndan göz öňünde tutulmadyk goşmaça enjamlar aýrylýar ýa-da bolmalysyna çalşyrylýar hem-de başga kemçilikleri düzedilýär. Awtoulag serişdesiniň Türkmenistanyň çäginde ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk getirilendigi barada onuň eýesi, daşaýjy ýa-da olaryň ygtyýarly eden wekili tarapyndan gümrük edarasyna ýüz tutulan güni, Topar ol awtoulag serişdesini gaýtadan gözden geçirýär we degişli çözgüdi kabul edip, Delilnama düzýär. Şunda awtoulag serişdesi, diňe, Toparyň «bellenen tertipde içerki gümrük edarasyna ibermek baradaky» çözgüdi kabul eden ýagdaýynda Türkmenistanyň çägine goýberilýär we şonda awtoulag serişdesiniň fotosuraty alnyp, şu Tertibiň 11-nji bölümine laýyklykda gümrük edarasyna saklamaga berilýär.

Awtoulag serişdesinden aýrylan enjamlar ýa-da olaryň bölekleri Türkmenistanyň çäginden çykarylýar ýa-da şu Tertibiň 16-njy bölümine laýyklykda bellenen tertipde ýok edilýär.

Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde bellenilen aňryçäk wagtlaýyn saklanylyş möhletinde Türkmenistanyň çägine goýberilmedik ýa-da Türkmenistanyň çäginden alnyp gidilmedik awtoulag serişdeleri şu Tertibiň     16-njy bölümine laýyklykda bellenen tertipde ýok edilýär.

VI. Jemleýji düzgünler

18. Zerurlygyna görä, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň degişli işgärleriniň Getirilýän awtoulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýyna bildirilýän talaplar, öndüriji zawod tarapyndan göz öňünde tutulan (ýa-da tutulmadyk) goşmaça enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy hem-de zyýan ýetendigi ýa-da zaýalanandygy bilen bagly ýa-da başga alamatlary boýunça awtoulag serişdesiniň Türkmenistanyň çäginde ýol hereketine gatnaşmaga degişli ýa-da degişli däl edilmegi barada bilelikdäki nazaryýet we amaly okuw maslahatlary geçirilip bilner.

19. Toparyň agzalary şu Tertibiň düzgünleriniň berjaý edilmegi üçin jogapkärdirler.

20. Awtoulag serişdelerini Türkmenistanyň çägine goýbermek bilen bagly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.