Customs Control
Harytlary erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri hem-de ol gümrük düzgünini ulanmagyň we tamamlamagyň Tertibi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2018-nji ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran 114 belgili buýrugy bilen tassyklandy

(Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2018-nji ýylyň 25-nji dekabrynda 1180 san bilen bellige alnan)

I bap. Umumy düzgünler

1. Harytlary erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri hem-de ol gümrük düzgünini ulanmagyň we tamamlamagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 103-nji maddasyna we «Erkin ykdysady zolaklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we harytlary erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgünine (mundan beýläk - Düzgün) ýerleşdirmegiň şertlerini, Düzgüni ulanmagyň we tamamlamagyň tertibini kesgitleýär.

2. Düzgün deňiz (derýa) portunda, aeroportda gämi gatnawynyň howpsuzlygyny, howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyny, deňiz (derýa) portunyň, aeroportyň aragatnaşyk desgalaryny ulanmagyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wezipeleri ýa-da deňiz portunda, derýa portunda, aeroportda iş amala aşyrmak bilen bagly başga wezipeleri amala aşyrýan döwlet häkimiýet edaralary, deňiz (derýa) portunyň, aeroportyň administrasiýalary hem-de ulag-logistik erkin ykdysady zolagynyň (mundan beýläk - EYZ) gatnaşyjysy bolup durmaýan şahslar tarapyndan ulag-logistik EYZ-na ýerleşdirilen we (ýa-da) ulanylýan türkmen harytlary babatda ulanylmaýar.

3. Şu Tertibiň maksatlary üçin düşünjeler Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 5-nji maddasynda kesgitlenilen manylarda ulanylýar.

II bap. Harytlary Düzgüne ýerleşdirmegiň şertleri

4. Düzgüne şu harytlar ýerleşdirilýär:

    1) EYZ-yň çägine daşary ýurtlaryň çäklerinden getirilýän harytlar;

    2) EYZ-yň çägine Türkmenistanyň gümrük çäginiň bu EYZ-dan beýleki böleginiň çäklerinden (mundan beýläk - Adaty çäk) getirilýän harytlar;

    3) senagat-önümçilik ýa-da tehnika-ornaşdyryş EYZ-da ýerleşýän we EYZ-yň gatnaşyjysy bolup durmaýan şahslardan satyn alynýan harytlar;

    4) EYZ-yň çägine abatlamak, şol sanda düýpli abatlamak we (ýa-da) kämilleşdirmek maksady bilen getirilýän ulag serişdeleri.

5. EYZ-yň çägine daşary ýurtlaryň çäklerinden Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi gadagan edilen harytlaryň getirilen ýagdaýlarynda, EYZ-yň gatnaşyjylary we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda kesgitlenilen şahslar Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde bellenilen hereketleri amala aşyrmaga borçludyrlar.

6. Senagat-önümçilik ýa-da tehnika-ornaşdyryş EYZ-a getirilen we Düzgüne ýerleşdirilip bilinmeýän daşary ýurt harytlary Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda bellenen talaplara laýyklykda beýleki gümrük düzgünlerine ýerleşdirilmäge degişlidir.

III bap. Düzgüniň hereket ediş möhleti

7. Düzgün EYZ-yň hereket edýän möhletiniň tamamlanmagyna çenli hereket edip bilýär, Düzgüniň şu Tertibiň VIII babynyň düzgünlerine laýyklykda tamamlanýan halatlary muňa degişli däldir.

IV bap. Düzgüne ýerleşdirilen harytlar bilen geçirilýän operasiýalar

8. Düzgüne ýerleşdirilen harytlar bilen EYZ döredilende Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan gadagan edilmedik hem-de erkin ykdysady zolaklaryň çäginde iş alyp barmak, ýer bölegini we (ýa-da) döwlet emlägini kärendesine almak hakynda şertnamanyň (mundan beýläk – şertnama) şertlerine laýyk gelýän islendik operasiýalaryň geçirilmegine ýol berilýär.

V bap. Gümrük paçlarynyň ulanylmagy

9. Eger Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda daşary ýurt harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary alnyp gidilende getiriliş gümrük paçlarynyň yzyna gaýtarylmagy göz öňünde tutulan bolsa, onda senagat-önümçilik ýa-da tehnika-ornaşdyryş EYZ-laryň gatnaşyjylary tarapyndan Adaty çäkden EYZ-a getirilen ýa-da EYZ-yň gatnaşyjysy bolup durmaýan şahslardan alnan şeýle daşary ýurt harytlary Düzgüne ýerleşdirilende, olar babatda öň tölenilen getiriliş gümrük pajynyň pul möçberi yzyna gaýtarylýar.

Eger Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda daşary ýurt harytlarynyň Adaty çäkde ýerleşdirilen gümrük düzgüniniň hereketiniň tamamlanmagy bilen getiriliş gümrük pajynyň pul möçberini yzyna gaýtarmak göz öňünde tutulan bolsa hem-de Düzgüne ýerleşdirilende ol harytlaryň deklarirlenilmegi gümrük deklarasiýasynyň berilmegi bilen amala aşyrylan bolsa, onda Adaty çäkden ulag-logistik EYZ-a getirilen şeýle daşary ýurt harytlary babatda öň tölenilen getiriliş gümrük pajynyň pul möçberi yzyna gaýtarylýar.

10. Düzgüne ýerleşdirilen daşary ýurt harytlary Adaty çäge erkin dolanyşyk üçin goýberilende (şol sanda olary gaýtadan işlemegiň önümleri, olaryň galyndylary, eger harytlar EYZ-da gadagan edilmedik amallara sezewar edilen bolsa) ýa-da olar deklarantyň islegi boýunça senagat-önümçilik, tehnika-ornaşdyryş ýa-da söwda EYZ-yň gatnaşyjysy bolup durmaýan şahsyň peýdasyna aýrybaşgalananda, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda harytlaryň EYZ-yň çäginden Adaty çäge alnyp gidilmegi ýa-da olaryň senagat-önümçilik, tehnika-ornaşdyryş ýa-da söwda EYZ-yň gatnaşyjysy bolup durmaýan şahsyň peýdasyna aýrybaşgalanmagy bilen bagly gümrük deklarasiýasynyň gümrük edarasy tarapyndan kabul edilen senesine görä hereket edýän getiriliş gümrük pajynyň möçberi boýunça gümrük paçlary tölenilýär.

11. Şu Tertibiň onunjy bölegine laýyklykda tölenilýän gümrük paçlaryny hasaplamak üçin, töleýjiniň saýlamagy boýunça, senagat-önümçilik ýa-da tehnika-ornaşdyryş EYZ-a getirilen daşary ýurt harydy üçin bellenen gümrük pajynyň möçberi ýa-da gadagan edilmedik amallaryň ýerine ýetirilmeginiň netijesinde senagat-önümçilik ýa-da tehnika-ornaşdyryş EYZ-da öndürilen haryt üçin bellenen gümrük pajynyň möçberi ulanylýar.

12. Senagat-önümçilik, tehnika-ornaşdyryş ýa-da söwda EYZ-dan Adaty çäge alnyp gidilýän harytlar babatda şu Tertibiň onunjy bölegine laýyklykda tölenilýän gümrük paçlaryny hasaplamak üçin daşary ýurt harytlarynyň gümrük bahasy we mukdary (şol sanda EYZ-da gadagan edilmedik amallara sezewar bolanlary) olaryň Düzgüne ýerleşdirilen gününe görä gadagan edilmedik amallar ýerine ýetirilende goşulan bahasy we mukdary, şol sanda türkmen harytlarynyň bahasy we mukdary göz öňünde tutulman kesgitlenýär.

13. Gümrük maksatlary üçin harytlaryň statusyny türkmen harydy diýip tassyklaýan resminamalaryň bolmadyk ýagdaýynda, getiriliş gümrük pajyny tölemek maksatlary üçin, harytlara daşary ýurt harytlary hökmünde garalýar.

14. Düzgüne ýerleşdirilen daşary ýurt we türkmen harytlary EYZ-yň çäginden Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary alnyp gidilende alnyp gidiliş gümrük paçlary tölenilmeýär.

15. Harytlar ýitirilen ýa-da olaryň EYZ-yň çäginden gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan alnyp gidilen halatynda (harytlaryň awariýanyň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok bolan ýa-da hemişelik ýiten ýa-da saklamagyň kadaly şertlerinde harytlaryň tebigy azalan halatlary muňa girmeýär), EYZ-yň gatnaşyjysy şu Tertibiň on altynjy böleginde bellenilen aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan düzgünlere laýyklykda, EYZ-dan Adaty çäge alnyp gidilen mahalynda tölenilmäge degişli gümrük paçlaryny töleýär.

16. Şu Tertibiň on bäşinji bölegine laýyklykda tölenilýän gümrük paçlaryny hasaplamagyň maksatlary üçin, Düzgüniň mälim edilen gümrük deklarasiýasynyň kabul edilen günündäki, harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi gümrük deklarasiýasy berilmezden amala aşyrylan halatlarynda bolsa, görkezilen harytlaryň EYZ-da Düzgüne ýerleşdirilen günündäki hereket edýän gümrük paçlarynyň möçberleri we daşary ýurt pulunyň hümmeti ulanylýar. Harytlaryň gümrük bahasy we olaryň mukdary gümrük paçlarynyň möçberleriniň ulanylan gününe görä kesgitlenilýär.

VI bap. Gümrük bahasynyň kesgitlenilişi

17. Şu Tertibiň on üçünji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýda harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemek üçin, şu aýratynlyklar göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň umumy tertibi ulanylýar:

1) getirilýän harytlar bilen geleşigiň bahasyny kesgitlemegiň usuly boýunça gümrük bahasy kesgitlenilende, gümrük bahasy bolup geleşigiň bahasy, ýagny harytlar EYZ-yň gatnaşyjysy bolup durýan şahs tarapyndan EYZ-yň gatnaşyjysy bolup durmaýan şahsa satylanda olar üçin hakykatda tölenilen ýa-da tölenilmäge degişli baha durýar;

2) gümrük bahasyny kesgitlemek üçin bahasy kesgitlenilýän harytlaryň gümrük serhedinden geçirilen güni diýip, harytlaryň EYZ-yň çäginden Adaty çäge alnyp gidilmegi ýa-da deklarantyň islegi boýunça EYZ-yň gatnaşyjysy bolup durmaýan şahsyň peýdasyna aýrybaşgalanmagy bilen bagly gümrük deklarasiýasynyň gümrük edarasy tarapyndan kabul edilen güni hasap edilýär;

3) harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän ýeri olaryň EYZ-yň çäginden daşary alnyp gidilýän ýeri ýa-da harytlar EYZ-yň çäginden daşary alnyp gidilmezden EYZ-yň gatnaşyjysy bolup durmaýan şahsa satylanda EYZ-yň çägi hökmünde kesgitlenýär.

VII bap. Ýaramsyz hala gelen, zaýalanan ýa-da zeper ýeten harytlar

18. EYZ-yň çäginde ulanylýan döwründe awariýanyň ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýaramsyz hala gelen, zaýalanan ýa-da zeper ýeten harytlar, olaryň Türkmenistanyň gümrük çägine ýaramsyz, zaýalanan ýa-da zeper ýeten halda getirilendäkisi ýaly kesgitlenilen gümrük düzgünine ýerleşdirilmäge degişlidir.

VIII bap. Düzgüniň tamamlanmagy

19. Düzgüne ýerleşdirilen harytlar EYZ-dan daşary alnyp gidilende (harytlaryň beýleki EYZ-na olary ulanmak maksady bilen geçirilmegi we (ýa-da) Düzgüne laýyklykda ýerleşdirilmegi muňa degişli däldir) ýa-da ol harytlar senagat-önümçilik ýa-da tehnika-ornaşdyryş EYZ gatnaşyjysy bolup durmaýan şahsa geçirilende Düzgüniň hereketi Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda bes edilmelidir.

20. Düzgüne ýerleşdirilen harytlar özleriniň täjirçilik gymmatlygyny ýitiren ýagdaýynda, gümrük edarasyna berilýän hasabatlylykda olary ýok etmegiň      ýa-da aýrybaşgalamagyň faktyny beýan etmek bilen, gümrük edarasynyň gözegçiligi astynda (rugsady bilen) ýok edilip ýa-da deklarantyň islegi boýunça EYZ-yň beýleki gatnaşyjysynyň peýdasyna aýrybaşgalanyp bilner.

EYZ-da Düzgüne ýerleşdirilen harytlaryň ulanylmagyna gümrük edarasyna berilýän hasabatlylykda olary ulanmagyň faktyny görkezmek bilen ýol berilýär.

21. EYZ hereketini bes edende onuň çägindäki Düzgüne ýerleşdirilen harytlar EYZ-yň hereketiniň bes edilen pursatyndan başlap üç aýyň dowamynda, Düzgüne laýyklykda, başga EYZ-a geçirilmäge ýa-da başga gümrük düzgünine ýerleşdirilmäge degişlidir.

Şu bölegiň birinji tesiminde bellenilen möhletiň dowamynda, görkezilen harytlara gümrük maksatlary üçin wagtlaýyn saklanylýan harytlar hökmünde garalýar.

EYZ-yň gatnaşyjysynyň statusyna eýe bolan şahs Düzgüne ýerleşdirilen harytlary başga EYZ-a ýa-da olary başga gümrük düzgünine ýerleşdirmedik halatynda, onda şu bölegiň birinji tesiminde bellenen möhletiň tamamlanmagy bilen gümrük edaralary EYZ-da ýerleşýän harytlara, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 39-njy babyna laýyklykda, wagtlaýyn saklanylyş möhleti tamamlanan harytlara ygtyýarlyk etmegiň kadalary boýunça ygtyýarlyk edýär.

22. Düzgüne laýyklykda EYZ-yň çägine getirilen we (ýa-da) Düzgüne ýerleşdirilen harytlardan öndürilen we EYZ hereketini bes eden pursatyna EYZ-yň gatnaşyjysy bolup durýan şahsa degişli bolan enjamlar we gozgalmaýan emläge degişli obýektler gümrük paçlary tölenmezden görkezilen şahslaryň eýeçiliginde galýar we olar Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykdaky harytlaryň statusyna eýe bolýarlar.

23. Şahs tarapyndan EYZ-yň gatnaşyjysynyň statusy ýitirilende, şol sanda şertnamanyň hereketi möhletinden öň bes edilende, ol şahsa degişli, Düzgüne ýerleşdirilen harytlar EYZ-yň gatnaşyjylarynyň sanawyna şahsyň EYZ-yň gatnaşyjysynyň statusyny ýitirendigi barada ýazgynyň girizilen gününden başlap üç aýyň dowamynda EYZ-yň başga gatnaşyjysynyň peýdasyna aýrybaşgalanmaga ýa-da başga gümrük düzgünine ýerleşdirilmäge degişlidir. Şahsyň EYZ-yň gatnaşyjysynyň statusyny ýitirendigi barada ýazgynyň EYZ-yň gatnaşyjylarynyň sanawyna girizilen gününden başlap on bäş iş gününiň dowamynda EYZ-yň gatnaşyjysynyň statusyny ýitiren şahs ol statusy ýitirendigi barada Düzgüne ýerleşdirilen we özüne degişli bolmadyk harytlaryň kanuny eýelerini habarly etmäge we ol harytlary EYZ-yň başga gatnaşyjysynyň saklamagyna geçirmäge borçludyr.

24. EYZ-yň gatnaşyjysynyň statusyny ýitiren şahs Düzgüne ýerleşdirilen harytlary aýrybaşgalamadyk ýa-da olary başga gümrük düzgünine ýerleşdirmedik ýa-da harytlary EYZ-yň başga gatnaşyjysyna saklamaga geçirmedik halatynda, şu Tertibiň ýigrimi üçünji böleginde bellenen möhletiň tamamlanmagy bilen, gümrük edaralary EYZ-yň çäginde ýerleşýän harytlara Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 39-njy babyna laýyklykda wagtlaýyn saklanylyş möhleti tamamlanan harytlara ygtyýarlyk etmegiň kadalary boýunça ygtyýarlyk edýär.

25. Şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy bilen bagly şahsyň EYZ-yň gatnaşyjysynyň statusyny ýitiren ýagdaýynda, Düzgüne laýyklykda EYZ-yň çägine getirilen we (ýa-da) Düzgüne ýerleşdirilen we şertnamanyň şertlerini ýerine ýetiren EYZ-yň gatnaşyjysy bolup durýan şahslara degişli bolan harytlardan öndürilen enjamlar we gozgalmaýan emlägiň desgalary gümrük paçlary tölenilmezden görkezilen şahsyň eýeçiliginde galýar. Görkezilen enjamlar we gozgalmaýan emlägiň desgalary Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykda bolýan harytlaryň statusyna eýe bolýarlar.

26. EYZ-yň gatnaşyjysynyň statusyny ýitirenden soň, hususy telekeçiler we ýuridik şahslar tarapyndan EYZ-yň çägine getirilýän harytlar, şahsyň EYZ-yň gatnaşyjynyň statusyny ýitirendigi hakynda EYZ-yň gatnaşyjylarynyň sanawyna ýazgynyň girizilen gününiň yzyndan gelýän günden başlap, Düzgüne ýerleşdirilip bilinmez.

IX bap. Düzgüniň ulanylyşynyň aýratynlyklary

27. EYZ-yň çägi (hyzmat ediş EYZ muňa degişli däldir) gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýar. Gümrük gözegçiligi gümrük edaralary tarapyndan Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Gümrük edarasy EYZ-yň çägine getirilýän harytlary kybaplamagy amala aşyrmaga haklydyr. Görkezilen maksatlar üçin, harytlar EYZ-yň çägine getirilende, bu çäkde ulanylanda, şeýle hem EYZ-yň çäginden alnyp gidilende, gümrük edaralary gümrük maksatlary üçin harytlaryň statusyny tassyklaýan resminamalary talap etmäge haklydyr.

28. Düzgüne ýerleşdirilen we EYZ-yň çäginden Adaty çäge alnyp gidilýän türkmen harytlarynyň gümrük taýdan resmileşdirilmegi, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşyga goýberilende gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin bellenen kadalar boýunça amala aşyrylýar.

29. Adaty çäkden EYZ-yň çägine getirilip Düzgüne ýerleşdirilen harytlar EYZ-yň çäginden Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna alnyp gidilende, ol harytlaryň gümrük taýdan resmileşdiriş işleri gümrük edarasyna ýük gümrük deklarasiýasy berilmezden amala aşyrylýar.

30. EYZ-yň çäginde işi ýerine ýetirýän şahslar (gatnaşyjylar we gatnaşyjy bolup durmaýan şahslar) EYZ-yň çägine getirilýän, alnyp gidilýän, saklanylýan, öndürilýän, gaýtadan işlenilýän, satyn alynýan we ýerlenilýän harytlaryň hasabyny ýöretmäge we bu harytlar babatda gümrük edaralaryna hasabatlylygy bermäge borçludyrlar. EYZ-yň çäginde harytlar bilen bolup geçýän islendik üýtgemeler hasaba alyş resminamalarynda beýan edilmelidir. Hasabatlylygyň görnüşi hem-de olary gümrük edarasyna bermegiň tertibi we möhleti EYZ-yň işleýiş taýdan niýetleniliş kysymyna görä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.

X bap. Jemleýji düzgünler

31. Harytlaryň senagat-önümçilik, tehnika-ornaşdyryş, ulag-logistik ýa-da söwda EYZ-laryň çäklerine getirilmegi we bu EYZ-laryň çäklerinden islendik harytlaryň alnyp gidilmegi gümrük edaralarynyň rugsady bilen amala aşyrylýar.

32. Harytlary Düzgüne ýerleşdirmek bilen bagly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.