Customs Control
Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi

24.07.2019 ý. herekete girýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 64 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

I bap. Umumy düzgünler

1. Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 46-njy maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we harytlar içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna we gümrük üstaşyry gümrük düzgünine (mundan beýläk - gümrük üstaşyry) ýerleşdirilen mahalynda şu Tertibiň goşundysynda bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasyny (mundan              beýläk - ÜD) doldurmagyň tertibini kesgitleýär.

2. ÜD-e gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahs tarapyndan ýa-da onuň adyndan we tabşyrygy boýunça gümrük dellaly tarapyndan doldurylýar.

Gümrük dellaly tarapyndan ÜD-eniň doldurylmagy, harydyň ýany bilen iberilýän resminamalarda bar bolan maglumatlara laýyklykda amala aşyrylýar.

3. ÜD-e esasy we goşmaça sahypalardan ybaratdyr. ÜD-ede iki we ikiden köp harytlar barada maglumatlar mälim edilende goşmaça sahypalar esasy sahypa goşmaça hökmünde ulanylýar.

Bir ÜD-ede 99-dan köp bolmadyk harytlar barada maglumatlar mälim edilip bilner.

Goşmaça sahypalary doldurmagyň tertibi, eger şu Tertipde olary doldurmagyň aýratynlyklary bellenilmedik bolsa, esasy sahypalaryň degişli öýjüklerini doldurmagyň tertibine laýyk gelýär.

4. Bir ÜD-ede bir haryt tapgyrynda bolan harytlar barada maglumat mälim edilip bilner. Şunda bir iberijiden bir alyjynyň salgysyna bir ulag (daşaýyş) resminamasy boýunça daşalýan harytlara bir haryt tapgyry hökmünde garalýar.

5. ÜD-e türkmen dilinde, çap ediji enjamlary ulanmak bilen, A4 görnüşdäki sahypalarda iki nusgada doldurylýar. Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy bilen bellenilen halatlarda ÜD-e elde basma harplar bilen doldurylyp bilner. Daşary ýurtly şahslaryň atlarynyň we salgylarynyň latyn elipbiýiniň harplary bilen görkezilmegine ýol berilýär. Latyn elipbiýiniň harplaryny özünde saklaýan, harytlary doly beýan etmek üçin hyzmat edýän maglumatlar (haryt nyşany, artikul, kysym we şuňa meňzeşler), şeýle hem ulag serişdeleriniň belgileri, gatnaw belgileri, resminamalaryň belgileri we şolara meňzeş maglumatlar latyn elipbiýiniň harplaryny ulanmak bilen görkezilýär.

ÜD-e düşnükli doldurylmalydyr, onda bozulyp aýrylan we çyrşalan ýazgylar bolmaly däldir.

ÜD-e doldurylanda onuň elektron nusgasy döredilýär, ÜD-eniň elektron nusgasyndaky maglumatlar ÜD-edäki maglumatlara laýyk gelmelidir we ol gümrük edarasyna ÜD-e berilmeginden öň ýa-da onuň berilmegi bilen bir wagtda berilmelidir.

6. ÜD-ede mälim edilýän maglumatlar gümrük maksatlary üçin zerurdyr. ÜD-ede maglumatlary mälim etmek üçin gümrük maksatlary üçin peýdalanylýan we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ulanylmaga degişli bolan klassifikatorlar we kadalaşdyryjy-habar beriş maglumatlarynyň sanawlary ulanylýar.

7. Eger ÜD-eniň 18, 21, 31, 40, 44, «C», «D», «I» öýjüklerinde maglumatlary mälim etmek üçin ýa-da gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan gulluk belliklerini goýmak üçin ýeterlik ýer bolmasa, onda zerur bolan maglumatlar ÜD-eniň arka tarapynda ýa-da ÜD-eniň aýrylmaz bölegi bolup durýan, A4 görnüşdäki goşmaça goşulýan sahypalarda (mundan beýläk - ÜD-ä goşmaça) görkezilýär. Şunda, ÜD-eniň degişli öýjüginde ýa-da öýjüginiň degişli setirinde «arka tarapyna (goşmaça) seret» diýen ýazgy edilýär.

ÜD-eniň arka tarapynda ÜD-eni dolduran şahs tarapyndan görkezilen maglumatlar şol şahsyň goly, şeýle hem, eger ÜD-e gümrük dellalynyň işgäri ýa-da harytlar demir ýol ulagy arkaly daşalanda demir ýol menziliniň jogapkär işgäri tarapyndan doldurylan bolsa, degişlilikde gümrük dellalynyň möhüri ýa-da demir ýol menziliniň senenama ýazgyly möhürçesi we gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň belgili şahsy möhüri bilen tassyklanylmalydyr.

Eger ÜD-eniň arka tarapyndaky maglumatlar gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan görkezilýän bolsa, onda görkezilýän maglumatlar şol adamyň goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklanylmalydyr.

ÜD-ä goşmaça iki nusgada düzülýär we ÜD-ä goşmaçanyň hemme sahypalary belgilenmelidir.

ÜD-ä goşmaçanyň her sahypasynda aşakdakylary görkezmek zerur:

    1) ýokarky sag böleginde «__belgili ÜD-ä goşmaça»;

    2) «__-nji (njy) haryt» ýazgy etmek bilen mälim edilýän harydyň tertip belgisini we her haryt boýunça - öýjügiň tertip belgisini we doldurmagyň tertibine laýyklykda bu öýjüge girizilýän maglumatlary. Eger görkezilýän maglumatlar birnäçe harytlara degişli bolsa, onda «__-nji (njy) haryt» ýazgysyndan soň harytlaryň tertip belgileri oturyň goýulmagy we (ýa-da) harytlaryň tertip belgileri ikiden köp yzygiderli gelýän halatynda «-» kese çyzygyň goýulmagy arkaly görkezilýär.

ÜD-ä goşmaçanyň hemme nusgasynyň her sahypasy ÜD-eni dolduran şahsyň goly, şeýle hem, eger ÜD-e gümrük dellalynyň işgäri ýa-da harytlar demir ýol ulagy arkaly daşalanda demir ýol menziliniň jogapkär işgäri tarapyndan doldurylan bolsa, degişlilikde gümrük dellalynyň möhüri ýa-da demir ýol menziliniň senenama ýazgyly möhürçesi bilen tassyklanmalydyr.

ÜD-ä goşmaça gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan düzülende, ÜD-ä goşmaçanyň hemme nusgasynyň her sahypasy gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklanylmalydyr.

ÜD-eniň elektron nusgasyna ÜD-eniň arka tarapynda we ÜD-ä goşmaçalarda bar bolan hemme maglumatlar girizilmelidir.

8. Ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan harytlary gümrük üstaşyryna ýerleşdirmäge rugsat (mundan beýläk - gümrük üstaşyryna rugsat) berlenden soň we ulag serişdesiniň eltilmeli ýerine barýan pursadyna çenli, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy bilen kesgitlenilen ýagdaýlarda, harydyň ýany bilen iberilýän ÜD-eniň esasy sahypasynyň 55-nji öýjügine belli bir maglumatlar girizilip bilner. Bu maglumatlar harytlar bilen ýük operasiýalarynyň geçirilmegine degişli bolýar we gümrük üstaşyryna rugsat alan şahs tarapyndan girizilýär. Maglumatlar basma harplar bilen elde girizilýär.

Eger ýük operasiýalary geçirilende ÜD-eniň 50-nji öýjüginde görkezilen şahs (şahslar) üýtgemese, onda 55-nji öýjük doldurylýar.

9. Eger ýük operasiýalarynyň geçirilmegi netijesinde we (ýa-da) başga sebäplere görä ÜD-eniň 50-nji öýjüginde görkezilen şahs (şahslar) üýtgän bolsa, şeýle hem Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda we şonda harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden soňraky daşalmagyna degişli bolsa, onda gümrük üstaşyryna rugsady almak üçin täze ÜD-eniň doldurylmagy zerurdyr.

10. Gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahsyň delillendirilen ýazmaça ýüz tutmasy boýunça kabul edilen ÜD-ede mälim edilen maglumatlar diňe gümrük edarasynyň rugsady bilen üýtgedilip ýa-da oňa goşmaça girizilip bilner.

Kabul edilen ÜD-ede görkezilen maglumatlara üýtgetme we goşmaça girizilmegine şu şertlerde ýol berilýär, eger:

    1) gümrük üstaşyryna ýerleşdirmäge rugsat alýan şahsyň ýüz tutmasy alnan pursatyna çenli gümrük edarasy üstaşyr deklarasiýasynda görkezilen maglumatlarda ýalňyşlygyň bardygyny anyklamadyk bolsa, gümrük üstaşyryna rugsat bermek hakynda çözgüdiň kabul edilmegine täsir etmeýän nätakyklyklaryň ýüze çykarylan halaty muňa girmeýär;

    2) gümrük üstaşyryna ýerleşdirmäge rugsat alýan şahsyň ýüz tutmasy alnan pursatyna çenli gümrük edarasy harytlaryň barlagyna başlamadyk bolsa;

    3) girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar gümrük üstaşyryna rugsat bermek hakynda çözgüdiň kabul edilmegine täsir etmeýän we gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün edýän pul möçberini kesgitlemäge we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň ulanylmagyna täsir edýän maglumatlary üýtgetmek zerurlygyna getirmeýän bolsa.

ÜD-ä üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar elde basma harplar bilen, ýalňyş maglumatlaryň üstüni çyzmak we täze maglumatlary girizmek arkaly amala aşyrylýar. Üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar ÜD-eniň her bir sahypasyna olary girizen şahs tarapyndan gol çekmek, şeýle hem, eger ÜD-ä üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar gümrük dellalynyň işgäri ýa-da harytlar demir ýol ulagy arkaly daşalanda demir ýol menziliniň jogapkär işgäri tarapyndan girizilen bolsa, degişlilikde gümrük dellalynyň möhürini ýa-da demir ýol menziliniň senenama ýazgyly möhürçesini we gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň belgili şahsy möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar.

ÜD-ä üçden köp üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar bolanda gümrük edarasy täze ÜD-eniň doldurylmagyny talap edip biler.

ÜD-ä girizilen hemme üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar ÜD-eniň elektron nusgasyna hem girizilmäge degişlidir.

11. Harytlar gümrük üstaşyryna ýerleşdirilen mahalynda:

    1) doldurylan ÜD-eniň birinji nusgasy ugradylyş gümrük edarasynda galýar;

    2) doldurylan ÜD-eniň ikinji nusgasy gümrük üstaşyryna rugsat alan şahsa gaýtarylýar we onuň daşaýjy tarapyndan barylmagy bellenilen gümrük edarasyna berilmegi üçin gümrük üstaşyry maksatlarynda ulanylýar.

12. Gümrük üstaşyry tamamlanandan soň ÜD-eniň ikinji nusgasy barylmagy bellenilen gümrük edarasynda galýar.

II bap. ÜD-eniň öýjüklerini gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahs ýa-da gümrük dellaly tarapyndan doldurylmagynyň tertibi

13. ÜD-eniň 1, 2, 3, 5, 6, 7, 8, 14, 15, 17, 18, 19, 20, 21, 22, 26, 28, 31, 32, 33, 35, 40, 42, 44, 50, 52, 53, 54 we 55-nji öýjükleri gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahs ýa-da gümrük dellaly tarapyndan şu tertibe laýyklykda doldurylýar:

1-nji öýjük. «Deklarasiýa»

Harytlar gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen halatynda birinji kiçi böleginde «T1» harplar, harytlar içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna ýerleşdirilen halatynda «T2» harplar goýulýar.

2-nji öýjük. «Iberiji/Eksport ediji»

Ulag (daşaýyş) resminamalaryna laýyklykda harytlaryň iberijisiniň ady we ýerleşýän ýeri (fiziki şahs üçin - familiýasy, ady, atasynyň ady we salgysy) görkezilýär.

Eger harytlaryň iberijisi Türkmenistanyň şahsy bolup durýan bolsa we Utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda bu şahs barada maglumatlar bolanda, onda öýjükde Utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyndaky maglumatlara laýyklykda, aşakdaky maglumatlar goşmaça görkezilýär:

    1) öýjügiň ýokarky böleginde «№» belgisinden soň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda iberijä berlen hususy salgyt belgisi (mundan beýläk - HSB) goýulýar;

    2) öýjügiň aşaky böleginde «№» belgisinden soň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda iberijä berlen, Hojalyk subýektleriniň umumy klassifikatoryna laýyklykda kody (mundan beýläk - HSUK kody), Türkmenistanyň dolandyryş edaralarynyň işleriniň döwlet klassifikatory boýunça kody (mundan beýläk - DEIDK kody) we Türkmenistanyň eýeçilik görnüşleriniň döwlet klassifikatory boýunça kody (mundan beýläk - EGDK kody) görkezilýär, eger iberiji fiziki şahs, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan şahs bolup durýan bolsa, fiziki şahsyň şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlar goşmaça (ýokarda görkezilen maglumatlaryň arasynda «/» bölüji belgisini goýmak bilen) görkezilýär.

3-nji öýjük. «Görnüşler»

Öýjügiň birinji kiçi böleginde ÜD-eniň sahypasynyň tertip belgisi, ikinji kiçi böleginde, esasy we goşmaça sahypalaryň ählisini goşmak bilen, ÜD-eniň sahypalarynyň umumy sany görkezilýär.

5-nji öýjük. «Jemi harytlar»

ÜD-ede doldurylýan 31-nji öýjükleriň sany görkezilýär.

6-njy öýjük. «Jemi orun»

Haryt tapgyrynda bolan ýük orunlarynyň umumy mukdary görkezilýär. Ýükler gapgarylyp, guýlup, üýşürilip daşalanda öýjükde «0» goýulýar. Eger harytlar gapyrjaklarda, haltalarda, çeleklerde ýa-da astlyklaryň üstünde daşalýan bolsa, gapyrjaklaryň, haltalaryň, çelekleriň ýa-da astlyklaryň mukdary görkezilýär.

7-nji öýjük. «Habar beriji belgi»

Öýjükde berlen ÜD-eniň onuň elektron nusgasy bilen gümrük edarasy tarapyndan kybaplanylmagyna mümkinçilik berýän maglumatlar görkezilýär.

Görkezilen maglumatlary özünde saklaýan çyzykly şertli belginiň ýa-da ýörite etiketkanyň ÜD-ede goýulmagyna ýol berilýär.

8-nji öýjük. «Alyjy»

Ulag (daşaýyş) resminamalaryna laýyklykda harytlaryň alyjysynyň ady we ýerleşýän ýeri (fiziki şahs üçin - familiýasy, ady, atasynyň ady we salgysy) görkezilýär.

Bu maglumatlar goşmaça sahypanyň «2 Iberiji/Eksport ediji 8 Alyjy» öýjügine geçirilýär.

Eger harytlaryň alyjysy Türkmenistanyň şahsy bolup durýan bolsa we Utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda bu şahs barada maglumatlar bolanda, onda öýjükde, Utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda maglumatlara laýyklykda, aşakdaky maglumatlar goşmaça görkezilýär:

    1) öýjügiň ýokarky böleginde «№» belgisinden soň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alyja berlen HSB goýulýar;

    2) öýjügiň aşaky böleginde «№» belgisinden soň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alyja berlen HSUK kody, DEIDK kody we EGDK kody görkezilýär, eger alyjy fiziki şahs, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan şahs bolup durýan bolsa, fiziki şahsyň şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlar goşmaça (ýokarda görkezilen maglumatlaryň arasynda «/» bölüji belgisini goýmak bilen) görkezilýär.

14-nji öýjük. «Deklarant/Wekil»

Öýjükde ÜD-eni dolduran şahsyň ady we ýerleşýän ýeri görkezilýär.

ÜD-eni dolduran şahs baradaky aşakdaky maglumatlar öýjüge goşmaça girizilýär:

    1) öýjügiň ýokarky böleginde «№» belgisinden soň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ÜD-eni dolduran şahsa berlen HSB goýulýar;

    2) eger ÜD-e gümrük dellaly tarapyndan doldurylýan bolsa, öýjügiň aşaky böleginde «№» belgisinden soň gümrük dellaly hökmünde işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamanyň belgisi, berlen senesi we hereket edýän möhleti (ýokarda görkezilen maglumatlaryň arasynda «/» bölüji belgisini goýmak bilen) görkezilýär.

15-nji öýjük. «Ugradyjy ýurt»

Öýjükde, dünýä ýurtlarynyň klassifikatoryna laýyklykda, harytlaryň ugradylýan ýurdunyň gysgaça ady görkezilýär.

Harytlaryň ugradylýan ýurdy barada maglumatlar, harytlaryň halkara daşalmasy başlanan ulag (daşaýyş) resminamalarynda görkezilen maglumatlaryň esasynda kesgitlenilýär.

17-nji öýjük. «Barýan ýurdy»

Öýjükde, dünýä ýurtlarynyň klassifikatoryna laýyklykda, harytlaryň barýan ýurdunyň gysgaça ady görkezilýär.

Harytlaryň barýan ýurdy barada maglumatlar ulag (daşaýyş) resminamalarynda görkezilen maglumatlaryň esasynda kesgitlenilýär.

18-nji öýjük. «Iberilende/gowşanda ulag serişdesini kybaplamak we onuň bellige alnan ýurdy»

Öýjükde gümrük üstaşyryna laýyklykda harytlaryň daşalýan ulag serişdesi (ulag serişdeleri) barada maglumatlar görkezilýär.

Öýjügiň birinji kiçi böleginde ulag serişdeleriň sany we «:» belgisi goýlandan soň aşakdaky maglumatlar görkezilýär:

    1) awtomobil ulagy arkaly daşalanda - ulag serişdesiniň bellige alyş belgisi;

    2) demir ýol ulagy arkaly daşalanda - demir ýol wagonynyň (ýarym wagonyň, platformanyň, çelegiň we ş.m.) belgisi; harytlar konteýnerde daşalanda ÜD-eniň berilýän pursatynda ýarym wagonyň ýa-da platformanyň belgisi barada maglumatlar bolmadyk halatynda konteýneriň belgisi barada maglumatlaryň görkezilmegine ýol berilýär;

    3) harytlar deňiz (derýa) ulagy arkaly daşalanda - deňiz (derýa) gämisiniň ady;

    4) harytlar howa ulagy arkaly daşalanda - gatnawyň belgisi.

Öýjügiň ikinji kiçi böleginde, dünýä ýurtlarynyň klassifikatoryna laýyklykda, ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdunyň kody görkezilýär, eger harytlary daşamakda ulag serişdeleriniň düzümi peýdalanylýan bolsa, onda, beýleki ulag serişdesini (ulag serişdelerini) herekete getirýän ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdunyň kody görkezilýär. ÜD-eniň doldurylýan pursatynda ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdy näbelli bolsa iki nol («00») goýulýar. Eger harytlar dürli ýurtlarda bellige alnan birnäçe ulag serişdeleri arkaly daşalýan bolsa iki dokuz («99») goýulýar.

Harytlar demir ýol ulagy bilen daşalanda öýjügiň ikinji kiçi bölegi doldurylmaýar.

Konteýner bir demir ýol wagonyndan başgasyna düşürilip ýüklenilende, täze demir ýol wagony barada maglumatlaryň girizilmegi talap edilmeýär.

19-njy öýjük. «Konteýner»

Öýjükde şu belgiler goýulýar:

    1) «1», eger harytlar konteýnerde daşalýan bolsa;

    2) «0», eger harytlar konteýnerde daşalmaýan bolsa.

20-nji öýjük. «Ibermegiň şertleri»

Öýjük täjirçilik resminamalarynda daşalýan harytlary ibermegiň şertleri barada maglumatlar bar bolan halatynda doldurylýar.

Öýjükde şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:

    1) öýjügiň birinji kiçi böleginde ibermegiň şertleriniň klassifikatoryna laýyklykda harytlary ibermegiň şertiniň kody görkezilýär.

    2) öýjügiň ikinji kiçi böleginde ibermegiň şertine laýyklykda, dünýä ýurtlarynyň klassifikatory boýunça geografik ýeriniň ýerleşýän ýurdunyň kody hem-de «-» bölüji belgisini goýmak bilen geografik ýeriniň ady görkezilýär;

21-nji öýjük. «Serhetde aktiw ulag serişdesini kybaplamak we onuň bellige alnan ýurdy»

Öýjük harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine gelen ýerinde bir ulag serişdesinden beýlekisine düşürilip ýüklenen ýa-da harytlar düşürilip ýüklenenden soň gümrük üstaşyryna rugsat başga şahsa berilýän ýagdaýynda doldurylýar.

Öýjükde daşalýan harytlaryň düşürilip ýüklenmeginden öň olaryň ýerleşen ulag serişdesi (ulag serişdeleri) baradaky maglumatlar görkezilýär.

Öýjügiň birinji kiçi böleginde ulag serişdeleriň sany we «:» belgisi goýlandan soň aşakdaky maglumatlar görkezilýär:

    1) awtomobil ulagy arkaly daşalanda - ulag serişdesiniň bellige alyş belgisi;

    2) demir ýol ulagy arkaly daşalanda - demir ýol wagonynyň (ýarym wagonyň, platformanyň, çelegiň we ş.m.) belgisi, demir ýolunyň ininiň üýtgemegi bilen bagly düşürilip ýüklenen halatlary muňa degişli däldir;

    3) harytlar deňiz (derýa) ulagy arkaly daşalanda - deňiz (derýa) gämisiniň ady;

    4) harytlar howa ulagy arkaly daşalanda - gatnawyň belgisi.

Öýjügiň ikinji kiçi böleginde ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdunyň kody görkezilýär, eger harytlary daşamakda ulag serişdeleriniň düzümi peýdalanylýan bolsa, onda beýleki ulag serişdesini (ulag serişdelerini) herekete getirýän ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdunyň kody görkezilýär.

Harytlar demir ýol ulagy bilen daşalanda öýjügiň ikinji kiçi bölegi doldurylmaýar.

22-nji öýjük. «Pul we hasap boýunça umumy baha»

Öýjügiň birinji kiçi böleginde pullaryň klassifikatoryna laýyklykda puluň kody, ikinji kiçi böleginde - täjirçilik resminamalaryna laýyklykda daşalýan harytlaryň umumy bahasy görkezilýär.

Harytlaryň umumy bahasy tegelemegiň kadalaryna laýyklykda oturdan soň ikinji belgä çenli takyklyk bilen tegelenilýär.

Eger daşalýan harytlaryň gymmaty ÜD-eniň esasy we goşmaça sahypalarynyň
42-nji öýjüginde dürli pullarda görkezilen bolsa ýa-da daşalýan harytlaryň hemmesi babatynda 42-nji öýjük doldurylmadyk bolsa, onda şu öýjük doldurylmaýar.

26-njy öýjük. «Ýurduň içindäki ulagyň görnüşi»

Öýjügiň birinji kiçi böleginde ulaglaryň we harytlary ulagly daşamagyň görnüşleriniň klassifikatoryna laýyklykda, 18-nji öýjükde görkezilen ulag serişdesiniň görnüşiniň kody görkezilýär.

28-nji öýjük. «Maliýe we bank maglumatlary»

Öýjükde aşakdakylary hasaba almak bilen, ÜD-ede mälim edilen ähli harytlar üçin tölenen gümrük ýygymlarynyň umumy möçberi baradaky maglumatlar tölenen pulunda görkezilmelidir:

    1) hemme maglumatlar öz aralarynda «-» belgisi bilen bölünýärler, maglumatlaryň aralarynda boş ýeriň goýulmagyna ýol berilmeýär.

    2) tölegiň pul möçberi (tegelemegiň kadalaryna laýyklykda oturdan soň ikinji belgä çenli takyklyk bilen tegelenýär).

Maglumatlar aşakdaky görnüşde görkezilýär:

 

ХХХХ.ХХ

-

ХХХ

-

ХХХ…

-

ХХ.ХХ.ХХ

, bu ýerde: 

1

 

2

 

3

 

4

 

1 - tölenen gümrük ýygymynyň pul möçberi;

2 - pullaryň klassifikatoryna laýyklykda gümrük ýygymynyň möçberiniň bellenilen pulunyň kody;

3 - tölegiň tölenendigini tassyklaýan resminamanyň belgisi;

4 - tölegiň tölenendigini tassyklaýan resminama laýyklykda tölenen senesi (güni, aýy, ýylyň soňky iki sany).

31-nji öýjük. «Ýük orunlary we harytlaryň beýany»

1 belgide täjirçilik, ulag (daşaýyş) resminamalaryna laýyklykda gümrük edarasy tarapyndan kybaplanmagy üçin ýeterlik derejede bolan harydyň umumy ady we beýany görkezilýär.

2 belgide:

    1) gaby bolan harytlar üçin harydyň tutýan ýük orunlarynyň umumy mukdary görkezilýär;

    2) ulag serişdesiniň enjamlaşdyrylan gaplarynda gapsyz, gapgarylyp, üýşürilip, guýlup daşalýan harytlar üçin «Gapsyz» diýen ýazgy edilýär.

Konteýnerler ulanylan ýagdaýynda 3 belgide ÜD-eniň esasy sahypasynda konteýnerleriň belgileri görkezilýär.

32-nji öýjük. «Haryt №»

Öýjügiň birinji kiçi böleginde «1» birden başlap, 31-nji öýjükde mälim edilýän harydyň tertip belgisi görkezilýär.

33-nji öýjük. «Harydyň kody»

Öýjügiň birinji kiçi böleginde Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça dört belgiden az bolmadyk derejede aralarynda boş ýersiz harydyň kody görkezilýär.

35-nji öýjük. «Brutto agramy (kg)»

Öýjükde 31-nji öýjükde görkezilen harydyň «brutto» agramy kilogramda görkezilýär. «Brutto» agramy diýlip harytlaryň dolanyşyga gelip gowuşýan wagtyna çenli olaryň ýagdaýynyň üýtgemezligini üpjün etmek üçin zerur bolan gaplaryň ähli görnüşlerini goşmak bilen, harydyň umumy agramyna düşünilýär, ýöne muňa konteýnerler we (ýa-da) ulag enjamlary goşulmaýar.

40-njy öýjük. «Umumy deklarasiýa/Ilkibaşdaky resminama»

Eger gümrük üstaşyryndan öň haýsy-da bolsa bir gümrük düzgüni ýa-da gümrük amaly bolan bolsa, öýjükde gümrük deklarasiýasynyň ýa-da ÜD-eniň, ýa-da harytlaryň wagtlaýyn saklanylýandygyny tassyklaýan resminamanyň gümrük taýdan resmileşdirilýän mahalynda ulanylýan resminamalaryň görnüşleriniň klassifikatoryna laýyklykda kody we «-» bölüji belgisini goýmak bilen belgisi görkezilýär.

Harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine gelen mahalynda goňşy döwletiň gümrük resminamasy bar bolanda şol resminamanyň bellige alyş belgisi görkezilýär.

42-nji öýjük. «Pul we harydyň bahasy»

Birinji kiçi böleginde pullaryň klassifikatoryna laýyklykda puluň kody, ikinji kiçi böleginde, täjirçilik resminamalaryna laýyklykda 31-nji öýjükde görkezilen harydyň bahasy görkezilýär.

Harydyň bahasy tegelemegiň kadalaryna laýyklykda oturdan soň ikinji belgä çenli takyklyk bilen tegelenip görkezilýär.

Täjirçilik resminamalarynda 31-nji öýjükde görkezilen harydyň bahasy aýratyn görkezilmedik halatynda bu öýjük doldurylmaýar.

44-nji öýjük. «Goşmaça maglumat/Berilýän resminamalar»

ÜD-eniň ýanyna goşulýan resminamalar barada maglumatlar görkezilýär.

Her bir resminama barada maglumatlar täze setirden, gümrük taýdan resmileşdirilýän mahalynda ulanylýan resminamalaryň görnüşleriniň klassifikatoryna laýyklykda onuň koduny goýmak bilen görkezilýär.

Öýjüge aşakdaky resminamalar barada maglumatlar girizilýär:

    1) rugsat beriji resminamanyň (ygtyýarnamanyň, rugsatnamanyň, sertifikatyň we beýleki resminamalaryň) belgisi, berlen senesi we hereket edýän möhleti, eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda görkezilen resminamalar bolan mahalynda harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça daşalmagyna (geçirilmegine) ýol berilýän bolsa;

    2) ulag (daşaýyş) resminamalarynyň, şeýle hem 1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky HÝD kitapçasyny ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky Gümrük konwensiýasynyň düzgünlerine laýyklykda doldurylan HÝD kitapçasynyň belgileri we (seneleri bolan mahalynda) seneleri;

3) harytlaryň bahasyny tassyklaýan täjirçilik resminamalarynyň belgileri we berlen seneleri;

4) beýleki zerur resminamalar barada maglumatlar.

50-nji öýjük. «Prinsipal»

1 belgide daşaýjynyň ady we ýerleşýän ýeri görkezilýär.

2 belgide ulag serişdesini dolandyrýan fiziki şahsyň (demir ýol menziliniň jogapkär işgäriniň) - daşaýjynyň wekiliniň familiýasy, ady, atasynyň ady we onuň şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlar görkezilýär.

Öýjüge goşmaça şu maglumatlar girizilmelidir:

    1) eger harytlaryň daşaýjysy Türkmenistanyň şahsy bolup durýan bolsa we Utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda bu şahs barada maglumatlar bolanda, Utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyndaky maglumatlara laýyklykda, öýjügiň ýokarky böleginde «№» belgisinden soň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşaýja berlen HSB goýulýar;

    2) «Senesi:» ýazgyly setirde ÜD-eniň gümrük edarasyna berilýän senesi we wagty görkezilýär.

«Goly» ýazgyly setirde daşaýjynyň wekiliniň golunyň asyl nusgasy, şeýle hem harytlar demir ýol ulagy arkaly daşalanda demir ýol menziliniň senenama ýazgyly möhürçesi goýulýar.

Eger ÜD-eniň goşmaça sahypalary ulanylýan bolsa, görkezilen gol we möhürçe goşmaça sahypalardaky öýjükleriň aşagynda hem goýulýar.

52-nji öýjük. «Kepillik»

Öýjügiň birinji kiçi böleginde aralarynda otury goýmak bilen gümrük üstaşyrynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek çäreleriniň ulanylandygyny tassyklaýan resminamanyň belgisi, berlen senesi we Utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda oňa berlen hasaba alyş belgisi, şeýle hem gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenmegini üpjün edýän umumy pul möçberi (tegelemegiň kadalary boýunça oturdan soň ikinji belgä çenli takyklyk bilen tegelemek arkaly) Türkmenistanyň milli pulunda görkezilýär.

Öýjügiň ikinji kiçi böleginde gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek çäreleriniň klassifikatoryna laýyklykda gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek çäresiniň kody görkezilýär.

53-nji öýjük. «Barylmagy bellenilen edarasy»

Gümrük edaralarynyň sanawyna laýyklykda barylmagy bellenilen gümrük edarasynyň kody we ady görkezilýär.

54-nji öýjük. «Ýeri we senesi»

1 belgide 14-nji öýjükde görkezilen - ÜD-eni dolduran şahsyň işgäriniň familiýasy, ady, atasynyň ady görkezilýär.

ÜD-e gümrük dellaly tarapyndan doldurylanda 2 belgide gümrük dellalynyň gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak boýunça baglaşan şertnamasynyň belgisi we baglaşylan senesi görkezilýär.

Her esasy sahypanyň 54-nji öýjüginde we her goşmaça sahypada öýjükleriň aşagyndaky setirde ÜD-eni dolduran şahsyň işgäri ÜD-ede mälim edilen maglumatlary öz goly (ÜD-e gümrük dellaly tarapyndan doldurylanda gümrük dellalynyň möhürini) goýmak arkaly tassyklamalydyr.

55-nji öýjük. «Düşürilip ýüklenilmeler»

Eger daşamagyň barşynda harytlar bir ulag serişdesinden (konteýnerden) başga ulag serişdesine (konteýnere) düşürilip ýüklenilýän bolsa, onda öýjügiň birinji üç setirleri doldurylýar, şol sanda täze ulag serişdesi (konteýner) barada maglumatlar görkezilýär.

«Ýeri we ýurdy:» ýazgyly setirde harytlaryň düşürilip ýüklenilýän ýeriň ady görkezilýär.

«Kybaplamak we täze ulag serişdesiniň bellige alnan ýurdy» ýazgyly setirde       ÜD-eniň 18-nji öýjügini doldurmagyň tertibine laýyklykda, täze ulag serişdesi barada maglumat görkezilýär.

«Konteýner» ýazgyly setirde aýratyn bellenilen kiçi öýjükde, eger harytlar bir konteýnerden başga konteýnere düşürilip ýüklenilýän bolsa «1» görkezilýär, şonda «Täze konteýneriň belgisi» ýazgyly setiri doldurylýar, galan ýagdaýda - «0» görkezilýär.

III bap. ÜD-eniň öýjüklerini gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan doldurylmagynyň tertibi

14. Şu tertip gümrük taýdan resmileşdirmek we gümrük gözegçiligi boýunça gümrük operasiýalary ýerine ýetirilende bellikleri goýmak üçin gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan ulanylýar. Gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan maglumatlar basma harplar bilen elde doldurylyp bilner.

15. «A», «C», «D», «F» we «I» öýjükleri gümrük edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan aşakdaky tertibe laýyklykda doldurylýar:

«A» öýjük. «Ugradylyş/eksport ediş edarasy»

ÜD-eniň bellige alyş belgisi aşakdaky görnüşde görkezilýär:

 

ХХХХХ

/

ХХХХХХ

/

ХХХХХХХ

, bu ýerde:

1

 

2

 

3

 

1 - gümrük edaralarynyň sanawyna laýyklykda, ÜD-eni bellige alan gümrük edarasynyň kody;

2 - ÜD-eniň bellige alnan senesi (güni, aýy, ýylyň soňky iki sany);

3 - bellige alyş kitapçasy boýunça ÜD-eniň tertip belgisi.

ÜD-eniň bellige alyş belgisi barada maglumatlary saklaýan çyzykly şertli belginiň ýa-da ýörite etiketkanyň ÜD-ede goşmaça goýulmagyna ýol berilýär.

Gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan ÜD-eniň bellige alyş belgisi goýulýar we belgili şahsy möhüri bilen tassyklanylýar:

    1) ÜD-eniň esasy we goşmaça sahypalarynyň «A» öýjüginiň birinji setirinde;

    2) ÜD-ä goşmaçanyň her nusgasynyň ýokary sag böleginde, eger şu Tertibiň ýedinji bölegine laýyklykda ÜD-ä goşmaça ulanylýan bolsa.

«C» öýjük. «Ugradylyş/Aralykdaky edarasy»

Şu öýjükde mälim edilýän maglumatlar, täze setirden maglumatlaryň arasynda «/» bölüji belgisini goýmak arkaly görkezilýär.

1 belgide gümrük edaralarynyň sanawyna laýyklykda ugradylyş (aralykdaky) gümrük edarasynyň kody we ady görkezilýär.

2 belgide gümrük edarasy tarapyndan kabul edilen çözgüt baradaky maglumatlar aşakdaky yzygiderlilikde görkezilýär:

    1) gümrük edarasy tarapyndan kabul edilýän çözgütleriň klassifikatoryna laýyklykda gümrük edarasy tarapyndan kabul edilen çözgüdiniň kody;

    2) gümrük edarasy tarapyndan kabul edilýän çözgütleriň klassifikatoryna laýyklykda kabul edilen çözgüdiň ady;

3) çözgüdiň kabul edilen senesi (GG.AA.ÝÝ - gün, aý, ýylyň soňky iki sany).

Gümrük edarasynyň öýjükde görkezýän çözgütleri şular ýaly bolup biler: «Gümrük üstaşyryna rugsat berildi», «Gümrük üstaşyryna ýüz dönderildi», «Yzyna alyndy», şunda, eger harytlary gümrük üstaşyryna ýerleşdirmekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilen bolsa, kabul edilen çözgüdiň adyndan soň öýjükde goşmaça ýüz döndermegiň sebäbi baradaky maglumatlar «__________ sebäp boýunça gümrük üstaşyryna ýüz dönderildi» diýen ýazgy görnüşinde görkezilýär.

Bir awtomobil ulagynda birnäçe haryt tapgyrlary daşalan mahalynda 3 belgide otur goýmak arkaly, bir awtomobil ulagynda daşalýan harytlar üçin berlen beýleki hemme ÜD-eleriň bellige alyş belgileri görkezilýär.

Eger daşamagyň barşynda harytlar bilen gümrük operasiýalary geçirilen bolsa, onda bu gümrük operasiýalarynyň geçirilen senesi we onuň netijeleri barada maglumatlar görkezilýär, ÜD-eniň «F» öýjüginde görkezilýän maglumatlar muňa degişli däldir.

Görkezilen ýazgylar gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklanylýar.

«D» öýjük. «Ugradylyş edarasynyň gözegçiligi»

Harytlar daşalanda ulanylýan kybaplaýyş serişdeleri baradaky maglumatlar, eltilmeli möhleti (GG.AA.ÝÝ - gün, aý we ýylynyň soňky iki sany) we harytlaryň gümrük barlagyndan geçirilişi baradaky maglumatlar görkezilýär, olar ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklanylýar.

«Plombalar:» ýazgyly setirde kybaplaýyş serişdeleriň (goýlan plombalar (möhürler) we ş.m.) sany we «:» belgisi goýlandan soň kybaplaýyş serişdeleriniň belgileri görkezilýär.

«Görnüşi:» ýazgyly setirde ulanylýan kybaplaýyş serişdeleriň tapawutly alamatlary (bar bolanda) görkezilýär.

«Senesi:» ýazgyly setirde harytlaryň barylmagy bellenilen gümrük edarasyna eltilmegi bellenilen möhleti görkezilýär.

Eltilmeli möhleti üýtgän halatynda öň görkezilen eltilmeli möhleti baradaky ýazgynyň üsti çyzylýar, täze eltilmeli möhleti görkezilýär we gümrük üstaşyrynyň möhletini üýtgetmek hakynda çözgüt kabul eden gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklanylýar.

Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda, öýjükde başga maglumatlar görkezilip bilner.

«F» öýjük. «Ygtyýarly edaralaryň tassyklamagy»

Öýjükde täze ýa-da goşmaça kybaplaýyş serişdeleri baradaky maglumatlar, gümrük edarasynyň ady, harytlar bilen ýük operasiýalarynyň geçirilen senesi görkezilýär we bu ýazgylar ýük operasiýalarynyň geçirilmeginiň mümkinçiligi barada çözgüdi kabul eden gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklanylýar.

Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda, öýjükde başga maglumatlar görkezilip bilner.

«I» öýjük. «Barylmagy bellenilen edarasynyň gözegçiligi»

Birinji kiçi böleginde:

    1) «Gelen senesi:» ýazgyly setirde harytlaryň eltilmeli ýerine ulag serişdesiniň gelmeginiň bellige alnan senesi (GG.AA.ÝÝ - gün, aý we ýylynyň soňky iki sany) görkezilýär;

    2) «Plombalary barlamak» ýazgyly setirde kybaplama serişdeleriniň bitinliginiň barlanylmagynyň netijesi boýunça «Bozulan» diýen ýa-da «Bozulmadyk» diýen ýazgy edilýär;

3) administratiw hukuk bozulmasynyň alamatlary ýüze çykarylanda «Teswirler:» ýazgyly setirde «AHB alamatlary ýüze çykaryldy» diýen ýazgy edilýär we administratiw hukuk bozulmasy barada maglumatlar (administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamanyň belgisi we senesi, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň maddasy we onuň bölegi) görkezilýär.

Harytlaryň gümrük üstaşyryna laýyklykda daşalmagyna päsgel berýän awariýanyň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da başga ýagdaýlar bolan mahalynda, bu ýagdaýlar (awariýa, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri) barada delilnamanyň belgisi we senesi görkezilýär.

Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda öýjükde beýleki maglumatlar görkezilip bilner.

Görkezilen maglumatlar gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklanylýar.

Attachments
oops
Transit declaration form