Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 26-njy dekabrynda 1285 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 5-nji dekabrynda çykaran 142 belgili buýrugy
Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 75-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda we «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly ýük gümrük deklarasiýasyny doldurmagy düzgünleşdirmek we kämilleşdirmek maksady bilen,
BUÝURÝARYN:
1. Ýük gümrük deklarasiýasyny doldurmagyň tertibini tassyklamaly (goşulýar).
2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2011-nji ýylyň 25-nji iýunynda 576 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Ýük gümrük deklarasiýasyny we üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi hakynda gollanmany tassyklamak barada» Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2011-nji ýylyň 8-nji iýunynda çykaran 193 belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
3. Şu buýrugyň birinji we ikinji böleklerini 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizmeli.
4. Şu buýrugy Türkmenistanyň gümrük edaralaryna ýerine ýetirmek üçin ibermeli.
5. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.
6. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarlary we gümrükhanalaryň başlyklary gözegçilik etmeli.
Gullugyň başlygy M. Hudaýkuliýew