Customs Control
Harytlaryň içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna we gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen bagly gümrük operasiýalaryny amala aşyrmagyň tertibi

(Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 30-njy dekabrynda çykaran 159-njy buýrugy bilen tassyklanyldy)


I bap. Umumy düzgünler

1. Harytlaryň içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna we gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen bagly gümrük operasiýalaryny amala aşyrmagyň tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 9-njy babyna we 16-njy babynyň 3-nji paragrafyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
2. Şu Tertip üstaşyr deklarasiýasyny bermek we ony bellige almak, harytlary içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna we gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirmek hem-de içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyny we gümrük üstaşyry gümrük düzgünini tamamlamak boýunça gümrük operasiýalary amala aşyrylanda hereketleriň yzygiderliligini kesgitleýär.
Harytlar içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna we gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilende gümrük taýdan resmileşdirmek we gümrük gözegçiligi şu Tertibiň düzgünlerini göz öňünde tutmak bilen Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Şu Tertibiň maksatlarynda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
    1) gümrük üstaşyry - içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amaly we (ýa-da) gümrük üstaşyry gümrük düzgüni;
    2) üstaşyr deklarasiýasy - daşary ýurt harytlaryny gümrük üstaşyryna ýerleşdirmek we bu harytlary Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça daşamak (geçirmek) üçin zerur bolan maglumatlar görkezilýän resminama;
    3) bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasy - görnüşi we doldurmagyň tertibi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan bellenilýän üstaşyr deklarasiýasy;
    4) ugradylyş gümrük edarasy - gümrük üstaşyryna laýyklykda iş zolagynda harytlaryň daşalmagy başlanýan gümrük edarasy;
    5) barylmagy bellenilen gümrük edarasy - gümrük üstaşyrynyň tamamlanýan gümrük edarasy;
    6) haryt tapgyry - bir ulag (daşaýyş) resminamasy boýunça bir ugradyjydan bir alyjynyň salgysyna daşalýan harytlar;
    7) maglumat ulgamy - gümrük edaralarynda ulanylýan «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy.
Şu Tertipde ulanylýan beýleki düşünjeler Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde kesgitlenilendir.

II bap. Üstaşyr deklarasiýasynyň berilmegi we bellige alynmagy

4. Bir üstaşyr deklarasiýasynda bir haryt tapgyrynda bar bolan harytlar barada maglumatlar mälim edilip bilner.
Ugradylyş gümrük edarasy üstaşyr deklarasiýasy hökmünde Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 46-njy maddasynyň ikinji böleginde görkezilen maglumatlary özünde jemleýän aşakdaky resminamalary kabul edýär:
    1) bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasy;
    2) 1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky HÝD kitapçasyny ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky Gümrük konwensiýasynyň (mundan beýläk - ÝHD-niň Konwensiýasy) düzgünlerine laýyklykda doldurylan HÝD kitapçasy, oňa goşulýan ulag (daşaýyş), täjirçilik resminamalary we gümrük resminamalary;
    3) ulag (daşaýyş), täjirçilik resminamalary we gümrük resminamalary. Şonda ulag (daşaýyş) resminamasy üstaşyr deklarasiýasynyň esasyny düzýär, galan resminamalar bolsa onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Üstaşyr deklarasiýasy hökmünde şu bölegiň ikinji tesiminiň 2-nji we 3-nji bendinde görkezilen resminamalar kabul edilende, üstaşyr deklarasiýasyny düzýän resminamalaryň ýazgysy (şu Tertibe goşundy) iki nusgada doldurylýar.
Bir ulag serişdesinde birnäçe haryt tapgyrlary daşalanda ugradylyş gümrük edarasy üstaşyr deklarasiýasy hökmünde diňe bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasyny kabul edýär.
5. Harytlary gümrük üstaşyryna ýerleşdirmäge rugsady (mundan beýläk - gümrük üstaşyryna rugsat) almak üçin üstaşyr deklarasiýasy daşaýjy ýa-da ekspeditor tarapyndan ugradylyş gümrük edarasyna berilýär.
Daşaýjynyň ýa-da ekspeditoryň adyndan we olaryň tabşyrmagy boýunça gümrük dellaly tarapyndan üstaşyr deklarasiýasynyň doldurylmagyna we (ýa-da) onuň ugradylyş gümrük edarasyna berilmegine ýol berilýär.
6. Üstaşyr deklarasiýasynyň berilmegi ugradylyş gümrük edarasyna şol bir wagtda aşakdakylaryň berilmegi bilen üpjün edilmelidir:
    1) üstaşyr deklarasiýasyny berýän şahsyň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan resminamalar;
    2) ulag (daşaýyş) resminamalarynyň üç nusgasy;
    3) täjirçilik resminamalarynyň iki nusgasy;
    4) harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen bagly gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilendigini tassyklaýan resminamalar (eger bu resminamalaryň bolan halatynda harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegine ýol berilýän bolsa);
    5) harytlaryň gelip çykan ýurduny tassyklaýan resminamalaryň iki nusgasy (eger Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda şeýle resminamalaryň berilmegi talap edilýän bolsa);
    6) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, gümrük tölegleriniň tölenendigini ýa-da olaryň tölenilmeginiň üpjün edilendigini tassyklaýan resminamalaryň iki nusgasy;
    7) harytlaryň kybaplanylmagyna mümkinçilik berýän resminamalaryň (harytlaryň beýany, çyzgylar, masştably şekiller, fotosuratlar, illýustrasiýalar, harydyň ýany bilen iberilýän resminamalar we ş.m.) iki nusgasy (eger kybaplaýyş serişdeleri hökmünde plombalaryň, möhürleriň we kybaplaýyş belgileriň ýa-da başga belgileriň ulanyp bolmaýan halatynda);
    8) ulag serişdesiniň bellige alnandygy we milli degişliligi hakyndaky resminama (harytlaryň daşalmagy awtomobil ulagy bilen amala aşyrylan ýagdaýynda);
    9) üstaşyr deklarasiýasyny düzýän resminamalaryň ýazgysynyň iki nusgasy (eger onuň bolmagy şu Tertipde göz öňünde tutulan bolsa).
Harytlar demirýol ulagy bilen daşalanda (eger üstaşyr deklarasiýasynyň gümrük edarasyna berilmegi ýük daşaýjy tarapyndan amala aşyrylýan bolsa) we ulag (daşaýyş) resminamasynda goşulýan täjirçilik resminamalarynda olaryň sany görkezilen ýagdaýynda, üstaşyr deklarasiýasyny düzýän resminamalaryň ýazgysynyň berilmegi talap edilmeýär.
Täjirçilik resminamalary hökmünde daşary söwda we (ýa-da) başga iş amala aşyrylan mahalynda ulanylýan, şeýle hem harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşykly geleşikleriň amala aşyrylmagyny tassyklamak üçin peýdalanylýan hasap-fakturalar (inwoýslar), ýöriteleşmeler, ýükläp ugradyş we gaplaýyş listleri we başga resminamalar berlip bilner.
Ulag (daşaýyş) resminamalary hökmünde halkara ýa-da içerki ýol-ulag resminamasy, konosament ýa-da deňiz (derýa) daşamasynyň şertnamasynyň bardygyny we onuň mazmunyny tassyklaýan başga resminama, awia ýük ýol-ulag resminamasy, demir ýol ýol-ulag resminamasy, Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalarynda göz öňünde tutulan resminamalar, ekspeditor resminamalary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan beýleki resminamalar berlip bilner.
7. Üstaşyr deklarasiýasynyň elektron nusgasy gümrük edarasyna üstaşyr deklarasiýasynyň berilmeginden öň ýa-da onuň berilmegi bilen bir wagtda berilmelidir, şeýle hem üstaşyr deklarasiýasynyň elektron nusgasyndaky maglumatlar ýazmaça görnüşde berilýän üstaşyr deklarasiýasyndaky maglumatlara laýyk gelmelidir.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan bellenilen ýagdaýlarda, eger üstaşyr deklarasiýasynyň elektron nusgasynyň berilmegi talap edilmeýän bolsa, şeýle nusga ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamlary tarapyndan düzülýär.
8. Üstaşyr deklarasiýasynyň berlen senesi we wagty maglumat ulgamynda elektron görnüşinde ýöredilýän üstaşyr deklarasiýalaryny bellige alyş kitabynda görkezilýär.
9. Üstaşyr deklarasiýasynyň kabul edilmegi aýratyn gümrük operasiýasy bolup durýar we ony ugradylyş gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy tarapyndan amala aşyrylýar. Ugradylyş gümrük edarasy üstaşyr deklarasiýasynyň berlen gününde bellige alýar.
10. Üstaşyr deklarasiýasynyň bellige alynmagy üstaşyr deklarasiýalaryny bellige alyş kitabynda bellige alyş belgisiniň berilmegi arkaly amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, üstaşyr deklarasiýasynyň bellige alyş belgisi üstaşyr deklarasiýasynda çyzykly şertli belgi görnüşinde ýa-da ýörite etiketkanyň goşmaça goýulmagy bilen goşmaça görkezilip bilner.
Üstaşyr deklarasiýasynyň bellige alyş belgisi ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan aşakdaky resminamalarda görkezilýär we ony öz goly hem-de belgili şahsy möhüri bilen tassyklaýar:
    1) bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasynyň degişli öýjüginde, bu resminama üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulanylan ýagdaýynda;
    2) ulag (daşaýyş) resminamalarynyň üç nusgasynda;
    3) üstaşyr deklarasiýasynyň düzümine girýän beýleki resminamalaryň iki toplumynda;
    4) harytlar HÝD kitapçasyny ulanmak bilen daşalanda, HÝD kitapçasynyň 1 we 2 belgili ýyrtylyp aýrylýan sahypalarynyň 21-nji öýjüginiň sag kiçi böleginde - üstaşyr deklarasiýasynyň diňe tertip belgisi;
    5) üstaşyr deklarasiýasyny düzýän resminamalaryň ýazgysynyň iki nusgasynda (eger onuň bolmagy şu Tertipde göz öňünde tutulan bolsa).
11. Gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahs tarapyndan, harytlaryň gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen mahalynda gümrük edarasyna üstaşyr deklarasiýasynda harytlar baradaky maglumatlaryň mälim edilmegi harytlaryň deklarirlenilmegi bolup durýar. Şonda üstaşyr deklarasiýasy gümrük deklarasiýasy diýlip hasap edilýär we bu resminama kabul edilen pursatyndan başlap, ýuridik ähmiýeti bolan faktlar hakynda şaýatlyk edýän mälim etmä öwrülýär.
12. Ugradylyş gümrük edarasy aşakdaky ýagdaýlarda üstaşyr deklarasiýasyny bellige almakdan ýüz öwürýär:
    1) üstaşyr deklarasiýasy üstaşyr deklarasiýalaryny kabul etmäge hukugy bolmadyk gümrük edarasyna berlende;
    2) üstaşyr deklarasiýasy degişli däl şahs tarapyndan berlende;
    3) üstaşyr deklarasiýasynda zerur maglumatlar, şol sanda Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 46-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan maglumatlar görkezilmedik bolsa;
    4) üstaşyr deklarasiýasyna gol çekilmedik we (ýa-da) tassyklanylmadyk
we (ýa-da) bellenilen görnüşde düzülmedik bolsa;
    5) üstaşyr deklarasiýasy berlende gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar berilmedik bolsa;
    6) harytlar babatda Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda, üstaşyr deklarasiýasy berilmezinden öň ýa-da onuň berilmegi bilen bir wagtda amala aşyrylmaly hereketler amala aşyrylmadyk bolsa;
    7) üstaşyr deklarasiýasynda bar bolan maglumatlar onuň elektron nusgasyndaky maglumatlara laýyk gelmeýän bolsa.
13. Üstaşyr deklarasiýasyny bellige almakdan ýüz öwürmek üçin esas bar bolan halatynda ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamy ýüz öwürmekligi üstaşyr deklarasiýalaryny bellige alyş kitabynda resmileşdirýär.
Şonda ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamy aşakdaky hereketleri amala aşyrýar:
    1) üstaşyr deklarasiýasyny bellige almakdan ýüz öwrülendigi barada maglumat ulgamyna bellikleri girizýär;
    2) bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasynyň ýa-da ulag (daşaýyş) resminamalarynyň (üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulag (daşaýyş), täjirçilik resminamalarynyň ulanylan ýagdaýynda) ýa-da HÝD kitapçasynyň 1 belgili ýyrtylyp aýrylýan sahypasynyň, şeýle hem üstaşyr deklarasiýasynyň ýanyna goşulýan beýleki resminamalaryň göçürme nusgalaryny taýýarlaýar;
    3) üstaşyr deklarasiýasyny bellige almakdan ýüz öwürmegiň sebäpleri barada üstaşyr deklarasiýasynyň berlen gününiň yzyndan gelýän günden gijä galman, üstaşyr deklarasiýasyny beren şahsa habar berýär, şeýle hem üstaşyr deklarasiýasyny we onuň düzümine girýän beýleki resminamalary bu şahsa gaýtaryp berýär.
14. Gümrük üstaşyryna rugsat alýan we (ýa-da) üstaşyr deklarasiýasyny beren şahsyň ýüz tutmasy boýunça, üstaşyr deklarasiýasyny bellige almakdan ýüz öwürmegiň sebäpleri barada habar ýazmaça görnüşde berilýär.
Ýazmaça ýüz öwürme erkin görnüşde düzülýär, gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklanylýar. 
15. Üstaşyr deklarasiýasyny bellige almakdan ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edilende, şu Tertibiň on üçünji böleginiň ikinji tesiminiň 2-nji bendinde görkezilen resminamalaryň göçürme nusgalary gümrük edarasynyň iş kagyzlarynda bir ýyldan az bolmadyk döwürde saklanylýar.

III bap. Gümrük üstaşyryna rugsat berilmegi

16. Ugradylyş gümrük edarasy, üstaşyr deklarasiýasy bellige alnandan we harytlar ugradylyş gümrük edarasyna görkezilenden soň, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 45-nji maddasynyň üçünji böleginde, şeýle hem harytlar gümrük üstaşyry gümrük düzgüni astynda ýerleşdirilende Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 89-njy maddasynyň birinji böleginde we 113-nji maddasynda bellenilen şertleriň berjaý edilýändigine göz ýetirenden soň, gümrük üstaşyryna rugsat berýär. Gümrük üstaşyryna rugsat üstaşyr deklarasiýasy kabul edilen gününden başlap üç günden gijä galynman berilýär.
Gümrük üstaşyryna rugsat berlende gümrük gözegçiligi Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň peýdalanylmagy bilen geçirilýär.
Ugradylyş gümrük edarasy gümrük üstaşyryna rugsat berende, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 47-nji we 50-nji maddalaryna laýyklykda gümrük üstaşyrynyň möhletini belleýär, harytlaryň eltilmeli ýerini kesgitleýär hem-de olary üstaşyr deklarasiýasynda we (ýa-da) ulag (daşaýyş) resminamasynda görkezýär.
17. Ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamy gümrük üstaşyryna rugsady berende aşakdaky görkezilenleri amala aşyrýar:
    1) bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasynyň degişli öýjüklerini doldurýar (onuň üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulanylýan ýagdaýynda);
    2) ulag (daşaýyş) resminamasynyň üç nusgasynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda degişli möhürçeleri goýýar we doldurýar, ony öz belgili şahsy möhüri bilen tassyklaýar;
    3) harytlar HÝD kitapçasyny ulanmak bilen daşalanda, ÝHD-niň Konwensiýasynyň düzgünlerine laýyklykda HÝD kitapçasynyň ýyrtylyp aýrylýan sahypalarynyň we bu sahypalaryň kitapçada galýan böleklerindäki degişli öýjüklerini doldurýar;
    4) üstaşyr deklarasiýasyny düzýän resminamalaryň ýazgysynda degişli bellikleri edýär (eger onuň bolmagy şu Tertipde göz öňünde tutulan bolsa).
18. Gümrük üstaşyryna rugsat berilmegi maglumat ulgamyndaky üstaşyr deklarasiýalarynyň bellige alyş kitabynda hasaba alynýar.
19. Gümrük üstaşyryna rugsat berlenden soň aşakdaky resminamalar barylmagy bellenilen gümrük edarasyna bermek üçin daşaýja gaýtarylyp berilýär:
    1) bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasynyň bir nusgasy (onuň üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulanylýan ýagdaýynda);
    2) gümrük bellikleri edilen ulag (daşaýyş) resminamasynyň iki nusgasy;
    3) üstaşyr deklarasiýasynyň düzümine girýän we ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan kybaplanylan beýleki resminamalaryň bir toplumy;
    4) harytlar HÝD kitapçasyny ulanmak bilen daşalanda, ÝHD-niň Konwensiýasynyň düzgünlerine laýyklykda resmileşdirilen HÝD kitapçasy;
    5) gümrük bellikleri edilen üstaşyr deklarasiýasyny düzýän resminamalaryň ýazgysynyň bir nusgasy (eger onuň bolmagy şu Tertipde göz öňünde tutulan bolsa).
20. Ugradylyş gümrük edarasynda aşakdaky resminamalar galýar:
    1) bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasynyň bir nusgasy (onuň üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulanylýan ýagdaýynda);
    2) gümrük bellikleri edilen ulag (daşaýyş) resminamasynyň bir nusgasy;
    3) üstaşyr deklarasiýasynyň düzümine girýän we ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan kybaplanylan beýleki resminamalaryň bir toplumy;
    4) harytlar HÝD kitapçasyny ulanmak bilen daşalanda, ÝHD-niň Konwensiýasynyň düzgünlerine laýyklykda resmileşdirilen HÝD kitapçasynyň
1 belgili ýyrtylyp aýrylýan sahypasy;
    5) gümrük bellikleri edilen üstaşyr deklarasiýasyny düzýän resminamalaryň ýazgysynyň bir nusgasy (eger onuň bolmagy şu Tertipde göz öňünde tutulan bolsa).
21. Gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirmek üçin mälim edilip, olar babatda ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan gümrük üstaşyryna rugsat berlen harytlar şertli goýberilen hasaplanylýar.
22. Şu Tertibiň on altynjy böleginde görkezilen şertleriň berjaý edilmedik
ýa-da gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahs tarapyndan üstaşyr deklarasiýasy yzyna gaýtarylyp alynmagy hakynda ýazmaça arza beren ýagdaýlarynda, ugradylyş gümrük edarasy gümrük üstaşyryna rugsat bermekden (gümrük üstaşyry gümrük düzgünine laýyklykda harytlary goýbermekden) ýüz öwürýär.
Şonda ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamy aşakdaky hereketleri ýerine ýetirýär:
    1) üstaşyr deklarasiýalaryny bellige alyş kitabyna ýüz öwrülendigi barada ýazgyny, şeýle hem ýüz öwürmek hakynda çözgüdiň kabul edilen senesini we wagtyny girizýär;
    2) üstaşyr deklarasiýasyna «__________ sebäbe görä harytlary ýerleşdirmekden ýüz öwrüldi» diýen ýazgyny girizýär, ony goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklaýar (HÝD kitapçasy ulanylanda, görkezilen ýazgy HÝD kitapçasynyň 1 we 2 belgili ýyrtylyp aýrylýan sahypalaryň «Resmi peýdalanmak üçin» öýjügine girizilýär, şonda bu ýyrtylyp aýrylýan sahypalaryň üsti çyzylýar);
    3) bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasynyň ýa-da ulag (daşaýyş) resminamasynyň (üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulag (daşaýyş), täjirçilik resminamalarynyň ulanylan ýagdaýynda) ýa-da HÝD kitapçasynyň 1 belgili ýyrtylyp aýrylýan sahypasynyň, şeýle hem üstaşyr deklarasiýasynyň ýanyna goşulýan beýleki resminamalaryň göçürme nusgalaryny taýýarlaýar;
    4) üstaşyr deklarasiýasyny beren şahsa üstaşyr deklarasiýasyny we onuň düzümine girýän beýleki resminamalary gowşurmak arkaly, gümrük üstaşyryna rugsat bermekden ýüz öwürmek barada çözgüdiň kabul edilendigi hakynda habar berýär.
Gümrük üstaşyryna rugsat bermekden ýüz öwürmek barada çözgüt kabul edilende, şu bölegiň ikinji tesiminiň 3-nji bendinde görkezilen resminamalaryň göçürme nusgalary, üstaşyr deklarasiýasy yzyna gaýtarylyp alnan halatynda rugsat alýan şahsyň bu barada ýazan arzasynyň asyl nusgasy hem gümrük edarasynyň iş kagyzlarynda bir ýyldan az bolmadyk döwürde saklanylýar.
23. Gümrük üstaşyryna rugsat berlenden soň, rugsat alan şahsyň ýazmaça arzasy boýunça ugradylyş gümrük edarasyna berlen üstaşyr deklarasiýasy, gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagyndan öň yzyna gaýtarylyp alnyp bilner.
Üstaşyr deklarasiýasyny yzyna gaýtarylyp alynmagy hakynda çözgüt gümrük edarasynyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ýerine galan şahs tarapyndan gümrük üstaşyryna rugsat alan şahsyň arzasyna rezolýusiýa goýmak arkaly ýazmaça görnüşde kabul edilýär.
Şonda ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamy aşakdaky hereketleri ýerine ýetirýär:
    1) üstaşyr deklarasiýalaryny bellige alyş kitabyna üstaşyr deklarasiýasynyň yzyna gaýtarylyp alnandygy barada bellikleri girizýär;
    2) yzyna gaýtarylyp alnan senesini görkezmek bilen, üstaşyr deklarasiýasyna «Yzyna alyndy» diýen ýazgyny girizýär, ony goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklaýar (HÝD kitapçasy ulanylanda, görkezilen ýazgy HÝD kitapçasynyň 1 we
2 belgili ýyrtylyp aýrylýan sahypalaryň «Resmi peýdalanmak üçin» öýjügine girizilýär, şonda bu ýyrtylyp aýrylýan sahypalaryň üsti çyzylýar);
    3) bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasynyň ýa-da ulag (daşaýyş) resminamasynyň (üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulag (daşaýyş), täjirçilik resminamalarynyň ulanylan ýagdaýynda) ýa-da HÝD kitapçasynyň 1 belgili ýyrtylyp aýrylýan sahypasynyň, şeýle hem üstaşyr deklarasiýasynyň ýanyna goşulýan beýleki resminamalaryň göçürme nusgalaryny taýýarlaýar;
    4) üstaşyr deklarasiýasyny beren şahsa üstaşyr deklarasiýasyny we onuň düzümine girýän beýleki resminamalary gowşurmak arkaly, üstaşyr deklarasiýasyny yzyna gaýtarylyp alynmagy hakynda çözgüdiň kabul edilendigi barada habar berýär.
Üstaşyr deklarasiýasyny yzyna gaýtarylyp alynmagy hakynda çözgüt kabul edilende, şu bölegiň üçünji tesiminiň 3-nji bendinde görkezilen resminamalaryň göçürme nusgalary we gümrük üstaşyryna rugsat alan şahsyň arzasynyň asyl nusgasy gümrük edarasynyň iş kagyzlarynda bir ýyldan az bolmadyk döwürde saklanylýar.

IV bap. Harytlary gümrük üstaşyryna ýerleşdirmegiň aýratynlyklary

24. Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän we dürli ugradylyş gümrük edaralaryndan ýüklenilip ugradylýan birnäçe haryt tapgyrlary bir awtomobil ulagynda geçirilen ýagdaýynda şu hereketler ýerine ýetirilýär:
    1) aralykdakylary goşmak bilen, her bir ugradylyş gümrük edarasynda ýüklenilip ugradylýan her bir haryt tapgyry üçin aýratyn üstaşyr deklarasiýasy (bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasy) berilýär, onda harytlaryň eltilmeli ýeri - harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidiljek serhetýaka gümrük edarasy görkezilýär. Bir awtomobil ulagy bilen daşalýan harytlar üçin resmileşdirilen hemme üstaşyr deklarasiýalarynda şol bir barylmagy bellenilen gümrük edarasy görkezilýär;
    2) ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamy, geljekki ýükläp ugratmalar boýunça ýagdaýlary hasaba almak bilen, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 47-nji maddasyna laýyklykda gümrük üstaşyrynyň möhletini belleýär;
    3) soňraky haryt tapgyrlary ýüklemek maksady bilen, aralykdaky ugradylyş gümrük edaralarynda ozal goýlan plombalar aýrylýar, harytlar ýüklenilenden soň täze plombalar goýulýar we bu barada ulag serişdesindäki haryt tapgyrlaryna resmileşdirilen üstaşyr deklarasiýalarynyň daşaýjyda bolan nusgalaryna bellenilen tertipde bellik edilýär;
    4) ugradylyş (aralykdaky ugradylyş) gümrük edarasynyň wezipeli adamy, her bir üstaşyr deklarasiýasynyň degişli öýjüginde beýleki hemme üstaşyr deklarasiýalarynyň bellige alyş belgilerini bellenilen tertipde görkezýär.
25. Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän (getirilen) birnäçe haryt tapgyrlary, şol sanda bu çäkden üstaşyr geçirilmäge we dürli eltilmeli ýerlere eltilmäge degişli bolan harytlar, bir awtomobil ulagynda geçirilende aşakdaky hereketler ýerine ýetirilýär:
    1) ugradylyş gümrük edarasyna her bir haryt tapgyry üçin aýratyn üstaşyr deklarasiýasy (bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasy) berilýär, onda harytlaryň eltilmeli ýeri - iş zolagynda, ulag (daşaýyş) resminamalaryna laýyklykda, barylmagy bellenilen ýeriň ýerleşýän gümrük edarasy görkezilýär;
    2) ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamy Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 47-nji maddasyna laýyklykda, harytlar bilen geljekki geçiriljek ýük operasiýalaryny hasaba almak bilen, gümrük üstaşyrynyň möhletini belleýär;
    3) ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamy bellenilen tertipde, her bir üstaşyr deklarasiýasynyň degişli öýjüginde beýleki hemme üstaşyr deklarasiýalarynyň bellige alyş belgilerini görkezýär;
    4) harytlary düşürmek maksady bilen, aralykdaky gümrük edaralarynda ozal goýlan plombalar aýrylýar, degişli haryt tapgyry düşürilenden soň täze plombalar goýulýar we bu barada ulag serişdesinde galan harytlara resmileşdirilen üstaşyr deklarasiýalarynyň daşaýjyda bolan nusgalaryna bellenilen tertipde bellik edilýär.
26. Şu Tertibiň ýigrimi dördünji we ýigrimi bäşinji böleklerinde görkezilen haryt tapgyrlary HÝD kitapçasyny ulanmak bilen daşalanda, HÝD kitapçasy ÝHD-niň Konwensiýasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilen tertipde resmileşdirilmelidir.
Şonda gümrük edarasynyň wezipeli adamy HÝD kitapçasynyň 1 we 2 belgili ýyrtylyp aýrylýan sahypalarynyň «Resmi peýdalanmak üçin» öýjüginde ulag serişdesindäki haryt tapgyrlaryna resmileşdirilen üstaşyr deklarasiýalarynyň bellige alyş belgilerini görkezýär we ony öz goly hem-de belgili şahsy möhüri bilen tassyklaýar, şeýle hem HÝD kitapçasynyň 1 we 2 belgili ýyrtylyp aýrylýan sahypalarynyň 21-nji öýjüginiň sag kiçi böleginde aşakdaky maglumatlary görkezýär:
    1) Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän haryt tapgyrlary babatda HÝD kitapçasynyň «Resmi peýdalanmak üçin» öýjüginde görkezilen soňky resmileşdirilen üstaşyr deklarasiýasynyň tertip belgisi;
    2) Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän (getirilen), şol sanda bu çäkden üstaşyr geçirilýän haryt tapgyrlary babatda harytlaryň barýan ýolunyň ugrunda ýerleşýän nobatdaky eltilmeli ýere eltilmäge degişli bolan harytlara HÝD kitapçasynyň «Resmi peýdalanmak üçin» öýjüginde görkezilen soňky resmileşdirilen üstaşyr deklarasiýasynyň tertip belgisi.
HÝD kitapçasynyň 1 we 2 belgili ýyrtylyp aýrylýan sahypalarynyň 20-nji öýjüginde görkezilýän gümrük üstaşyrynyň möhleti degişlilikde şu Tertibiň ýigrimi dördünji böleginiň 2-nji bendine we ýigrimi bäşinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda bellenilýär.
27. Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 54-nji we 115-nji maddalaryna laýyklykda, harytlary düşürip ýüklemek, düşürmek, ýüklemek, ammarda ýerleşdirmek we olar bilen başga ýük operasiýalaryny geçirmek üçin, gümrük üstaşyryna ýerleşdirilen harytlar olaryň barýan ýolunyň ugrunda ýerleşýän aralykdaky gümrük edarasyna eltilip bilner.
Eger ugradylyş gümrük edarasyna üstaşyr deklarasiýasy berlen mahalynda daşamaklygyň barşynda harytlar bilen şu bölegiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan operasiýalaryň amala aşyryljakdygy we bu ýük operasiýalary amala aşyrylandan soň gümrük üstaşyryna rugsat alan şahsyň harytlary olaryň ulag (daşaýyş) resminamalarynda görkezilen eltilmeli ýerine çenli daşamagy amala aşyrmajakdygy belli bolanda, onda berilýän üstaşyr deklarasiýasynda harytlaryň eltilýän ýeri hökmünde iş zolagynda bu ýük operasiýalarynyň geçiriljek gümrük edarasy görkezilmelidir.
28. Gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahsyň we (ýa-da) gümrük dellalynyň islegine görä täjirçilik, ulag (daşaýyş) resminamalaryna laýyklykda bir haryt tapgyrynda bolan dürli atly harytlary üstaşyr deklarasiýasynda (onuň elektron nusgasynda) Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda birinji dört belginiň derejesindäki bir toparlara bölüniş koduny (bir atly haryt hökmünde) görkezmek bilen şu aşakdaky şertlerde gümrük üstaşyryna ýerleşdirilip bilner:
    1) Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça harytlaryň toparlara bölüniş kody birinji dört belginiň derejesinde birmeňzeş bolsa;
    2) harytlar bir toparlara bölüniş kodunda görkezilip gümrük edarasyna mälim edilen mahalynda gümrük tölegleriniň pul möçberleriniň kesgitlenilmegine täsir etmeýän halatynda;
    3) bir toparlara bölüniş kodunda görkezilýän harytlar Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça daşalanda özleri babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylýan harytlara degişli bolmadyk ýagdaýynda;
    4) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy bilen bir toparlara bölüniş kodunda görkezilmäge degişli bolmadyk harytlardan başga harytlar bir toparlara bölüniş kodunda görkezilende.
Şonda bir haryt tapgyrynda bolan hemme harytlaryň atlary we mukdarlary barada maglumatlar harytlaryň sanawy görkezilen resminamanyň (resminamalaryň) berilmegi bilen gümrük edarasyna mälim edilýär. Şolar ýaly resminama (resminamalar) hökmünde üstaşyr deklarasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan ulag (daşaýyş) we (ýa-da) täjirçilik resminamalary ulanylyp bilner.

V bap. Gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagy

29. Gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagyny resmileşdirmek aýratyn gümrük operasiýasy bolup durýar, ony barylmagy bellenilen gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamlary amala aşyrýarlar.
30. Daşaýjy gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagy üçin harytlaryň eltilmeli ýerine ulag serişdesiniň gelen pursatyndan başlap bir sagadyň dowamynda, gümrük edarasynyň bellenilen iş wagtyndan başga wagtda gelen halatynda bolsa - ol gümrük edarasynyň iş wagtynyň başlaýan pursatyndan başlap bir sagadyň dowamynda, barylmagy bellenilen gümrük edarasyna harytlary görkezmäge we şu Tertibiň otuz birinji böleginde görkezilen resminamalary bermäge borçludyr. Harytlar demir ýol ulagy bilen daşalan mahalynda görkezilen resminamalary bermegiň möhleti on iki sagatdan geçmeli däldir.
31. Daşaýjy barylmagy bellenilen gümrük edarasyna aşakdaky resminamalary berýär:
    1) bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasynyň bir nusgasy (onuň üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulanylýan halatynda);
    2) gümrük bellikleri edilen ulag (daşaýyş) resminamalarynyň iki nusgasy;
    3) üstaşyr deklarasiýasynyň düzümine girýän we ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan kybaplanylan beýleki resminamalaryň bir toplumy;
    4) harytlar HÝD kitapçasyny ulanmak bilen daşalanda, HÝD kitapçasy;
    5) üstaşyr deklarasiýasyny düzýän resminamalaryň ýazgysynyň bir nusgasy (eger onuň bolmagy şu Tertipde göz öňünde tutulan bolsa).
Awariýa ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da ýük wagonlarynyň (konteýnerleriň) tehniki ýa-da täjirçilik näsazlygy bilen baglanyşykly we harytlaryň daşalmagyna päsgel berýän beýleki ýagdaýlaryň netijesinde, bir haryt tapgyrynyň bir ulag (daşaýyş) resminamasy boýunça ýük wagonlarynyň (konteýnerleriň) topary bilen daşalanda we barýan ýolunda, şolar ýaly haryt tapgyryny daşaýan, bir ýa-da birnäçe ýük wagonlary (konteýnerleri), bir ulag (daşaýyş) resminamasy boýunça barýan, ýük wagonlarynyň (konteýnerleriň) toparyndan bölünende, barylmagy bellenilen gümrük edarasyna, şu bölegiň birinji bendinde görkezilen resminamalar bilen bir wagtda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulanylýan we şolar ýaly ulag serişdeleriniň düzüminiň bölünmeginiň sebäbini tassyklaýan resminama ýa-da onuň demir ýol daşaýjysy tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasy (mundan beýläk - ýük wagonlarynyň (konteýnerleriň) bölünmegini tassyklaýan resminama) berilýär.
Ozal bir ulag (daşaýyş) resminamasy boýunça ýük wagonlarynyň (konteýnerleriň) toparyndan barýan ýolunda bölünen bir ýa-da birnäçe ýük wagonlarynda (konteýnerlerinde) daşalýan harytlar eltilmeli ýerine gelen mahalynda barylmagy bellenilen gümrük edarasyna şu bölegiň birinji bendinde görkezilen we demir ýol daşaýjysy tarapyndan tassyklanan resminamalaryň göçürme nusgalary, ýük wagonlarynyň (konteýnerleriň) bölünendigini tassyklaýan resminama, şeýle hem, şeýle harytlaryň eltilmeli ýerine getirilmegine esas bolan ulag (daşaýyş) resminamasy ýa-da onuň demir ýol daşaýjysy tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasy berilýär.
32. Barylmagy bellenilen gümrük edarasyna daşaýjynyň adyndan we onuň tabşyrmagy boýunça gümrük dellaly tarapyndan resminamalaryň berilmegine ýol berilýär.
33. Şu Tertibiň otuz birinji böleginde görkezilen resminamalar barylmagy bellenilen gümrük edarasyna berlenden soň, iki sagadyň dowamynda barylmagy bellenilen gümrük edarasynyň wezipeli adamy ulag serişdesiniň harytlaryň eltilmeli ýerine gelmegini maglumat ulgamy arkaly bellige alýar we Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda, töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ulanmak bilen gümrük gözegçiligini geçirýär.
34. Gümrük gözegçiligini geçirmegiň netijeleri boýunça barylmagy bellenilen gümrük edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagyny resmileşdirmek hakynda çözgüt kabul edilýär.
Barylmagy bellenilen gümrük edarasy mümkin bolan gysga möhletlerde, ýöne, ulag serişdesiniň gelmegi bellige alnan pursatyndan başlap ýigrimi dört sagatdan gijä galman, eger bu gümrük edarasy tarapyndan resminamalar barlanan we harytlar kybaplanylan mahalynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmalary ýüze çykarylmadyk bolsa, içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalynyň tamamlanmagyny resmileşdirýär.
Gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlar babatda barylmagy bellenilen gümrük edarasy üstaşyr harytlarynyň görkezilen we resminamalaryň berlen gününde gümrük üstaşyryny tamamlamak üçin zerur bolan gümrük operasiýalaryny geçirmäge hem-de harytlaryň we ulag serişdeleriniň gitmegi üçin rugsat bermäge borçludyr.
35. Gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagy maglumat ulgamyndaky gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagyny bellige alyş kitabynda hasaba alynýar.
36. Barylmagy bellenilen gümrük edarasynyň wezipeli adamy şu Tertibiň otuz birinji böleginiň birinji tesiminiň 1-nji, 2-nji, 4-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen resminamalarda (şu Tertibiň otuz birinji böleginiň üçünji tesiminde görkezilen ýagdaýda - olaryň tassyklanan göçürme nusgalarynda) harytlaryň gelip gowşandygy barada möhürçe goýýar, ony doldurýar (şol sanda barylmagy bellenilen gümrük edarasyna ýük wagonlarynyň (konteýnerleriniň) bölünendigini tassyklaýan resminama berlen mahalynda eltilmeli ýerine hakyky gelip gowşan harytlaryň sanyny görkezmek bilen), şeýle hem Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmagynyň ýüze çykarylan alamatlaryny görkezýär, şondan soň doldurylan möhürçäni we bozulmalaryň ýüze çykarylan alamatlary baradaky maglumatlary belgili şahsy möhüri bilen tassyklaýar.
Şonda gümrük edarasynyň wezipeli adamy gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagyny bellige alyş kitabyna laýyklykda gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagynyň tertip belgisini aşakdaky resminamalarda görkezilýär:
1) bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasynyň «I» öýjüginde (onuň üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulanylýan ýagdaýynda);
2) üstaşyr deklarasiýasyny düzýän resminamalaryň ýazgysynda (eger onuň bolmagy şu Tertipde göz öňünde tutulan bolsa);
3) gümrük bellikleri edilen ulag (daşaýyş) resminamalarynyň iki nusgasynda.
Gümrük üstaşyry tamamlanan mahalynda HÝD kitapçasynyň resmileşdirilmegi (harytlar HÝD kitapçasyny ulanmak bilen daşalan ýagdaýynda), ÝHD-niň Konwensiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar. 
37. Barylmagy bellenilen gümrük edarasynda şu resminamalar galýar: 
    1) bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasynyň bir nusgasy (onuň üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulanylýan halatynda);
    2) harytlaryň gelip gowşandygy barada bellikler edilen ulag (daşaýyş) resminamasynyň bir nusgasy;
    3) gümrük deklarasiýasynyň düzümine girýän beýleki resminamalaryň bir toplumy;
    4) harytlar HÝD kitapçasyny ulanmak bilen daşalanda, ÝHD-niň Konwensiýasynyň düzgünlerine laýyklykda resmileşdirilen HÝD kitapçasynyň ýyrtylyp aýrylýan 2 belgili sahypasy;
    5) üstaşyr deklarasiýasyny düzýän resminamalaryň ýazgysynyň bir nusgasy (eger onuň bolmagy şu Tertipde göz öňünde tutulan bolsa).
Bir haryt tapgyrynyň bir ulag (daşaýyş) resminamasy boýunça ýük wagonlarynyň (konteýnerleriň) topary bilen daşalanda we barýan ýolunda, şolar ýaly haryt tapgyryny daşaýan, bir ýa-da birnäçe ýük wagonlary (konteýnerleri), bir ulag (daşaýyş) resminamasy boýunça barýan, ýük wagonlarynyň (konteýnerleriň) toparyndan bölünende, şu Tertibiň otuz birinji böleginiň ikinji we üçünji tesiminde görkezilen ýagdaýlarda barylmagy bellenilen gümrük edarasynda aşakdaky resminamalar galýar:
    1) şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen resminamalar we barýan ýolunda bir ýa-da birnäçe bölünmedik ýük wagonlary (konteýnerleri) bilen daşalýan harytlar babatynda - ýük wagonlarynyň (konteýnerleriň) bölünendigini tassyklaýan resminama;
    2) şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen resminamalaryň demir ýol daşaýjysy tarapyndan tassyklanan göçürme nusgalary, barýan ýolunda bir ýa-da birnäçe bölünen ýük wagonlary (konteýnerleri) bilen daşalýan harytlar babatynda - ýük wagonlarynyň (konteýnerleriň) bölünendigini tassyklaýan resminama, şeýle harytlaryň eltilmeli ýerine getirilmegine esas bolan ulag (daşaýyş) resminamasy ýa-da onuň demir ýol daşaýjysy tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasy.
38. Şu Tertibiň otuz altynjy böleginde görkezilen bellikler goýlandan soň daşaýja ulag (daşaýyş) resminamasynyň bir nusgasy berilýär, harytlar HÝD kitapçasyny ulanmak bilen daşalýan halatynda bolsa, oňa ÝHD-niň Konwensiýasynyň düzgünlerine laýyklykda resmileşdirilen HÝD kitapçasy hem gaýtarylyp berilýär. 

VI bap. Jemleýji düzgünler

39. Gümrük operasiýalarynyň amala aşyrylmagy we gümrük üstaşyryna laýyklykda daşalýan harytlara gümrük gözegçiliginiň geçirilmegi maglumat ulgamyny ulanmak arkaly amala aşyrylýar.
Şu tertibe laýyklykda amala aşyrylan gümrük operasiýalaryna degişli maglumatlar maglumat ulgamyna bu operasiýalary geçiren şahs tarapyndan öz wagtynda girizilmelidir.
Maglumat ulgamynyň işinde näsazlyklar ýüze çykanda, maglumat ulgamynyň kadaly işleýşi dikeldilýänçä harytlary gümrük üstaşyryna ýerleşdirmek we gümrük üstaşyrynyň tamamlanmagyny resmileşdirmek bilen bagly gümrük operasiýalaryny kadadan çykma şertinde, ýagny maglumat ulgamyndan peýdalanmazdan amala aşyrmaklyga ýol berilýär. Şonda bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýalary we üstaşyr deklarasiýasyny düzýän resminamalaryň ýazgylary gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahs ýa-da gümrük dellaly tarapyndan maglumat ulgamyndan peýdalanmazdan çap ediji enjamlary ulanmak bilen ýa-da elde basma harplar bilen doldurylýar hem-de gümrük edarasy tarapyndan üstaşyr deklarasiýalarynyň elektron nusgalary talap etmezden harytlar gümrük üstaşyryna ýerleşdirýär.
Kadadan çykma şertinde gümrük üstaşyryna ýerleşdirilen haryt tapgyrlaryna degişli üstaşyr deklarasiýalaryň bellige alnan pursatyndan başlap, gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahs ýa-da gümrük dellaly ýigrimi dört sagatdan gijä galman, ol üstaşyr deklarasiýalarynyň elektron nusgalaryny maglumat ulgamynyň üsti bilen gümrük edarasyna bermäge borçludyrlar.
40. Harytlaryň gümrük üstaşyryna laýyklykda daşalmagyna päsgel berýän awariýanyň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da başga ýagdaýlar bolan mahalynda daşaýjy haýal etmän golaýdaky gümrük edarasyna bu ýagdaýlar, harytlaryň ýerleşýän ýeri barada habar bermelidir we Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 41-nji maddasynda göz öňünde tutulan beýleki çäreleri görmelidir.
Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen hadysalar hakynda habary alan gümrük edarasy hadysanyň häsiýetine, harydyň hiliniň ýitiş derejesine we ulag serişdesiniň tehniki ýagdaýyna baglylykda gümrük gözegçiligini üpjün etmek üçin zerur çäreleri kesgitleýär.
Daşaýjynyň görkezilen çäreleriň görülmegi bilen bagly çeken çykdajylarynyň öwezi gümrük edarasy tarapyndan dolunmaýar.
41. Harydyň ýany bilen iberilýän resminamalarda görkezilen maglumatlaryň, şeýle hem bilermenler seljermesini amala aşyrýan guramalar tarapyndan berilýän netijenamalaryň, kepilnamalaryň, bilermenler seljermesiniň namalarynyň kömekçi (maglumat beriş) häsiýeti bardyr we olar harytlar toparlara bölünen mahalynda göz öňünde tutulyp bilner.
42. Daşaýjy ýa-da daşaýjynyň adyndan onuň tabşyrmagy boýunça hereket edýän islendik başga şahs tarapyndan daşary ýurt dilinde düzülen resminamalar berlen mahalynda, zerurlyga görä gümrük edaralary diňe gümrük taýdan resmileşdirmek üçin gerekli maglumatlaryň Türkmenistanyň döwlet diline terjime edilmegini talap etmäge haklydyr.
43. Gümrük dellaly gümrük we beýleki operasiýalaryny amala aşyran mahaly, gümrük edaralary we döwlet gözegçiligini amala aşyrýan beýleki ygtyýarly döwlet edaralary bilen özara gatnaşyklarynda özüniň bähbitlerine wekilçilik etmäge ygtyýar berýän şahsyň hukuklary ýaly hukuklara eýedir, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa. 

Attachments
oops
tranzit