Customs Control
Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasyny bermegiň Tertibine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2011-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 94 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasyny bermegiň Tertibine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasyny bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2011-nji ýylyň 29-njy martynda 561 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2011-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 94 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasyny bermegiň Tertibinde: 
    1) birinji böleginde «we ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylyklaryna» diýen sözleri «kodeksine» diýen söz bilen çalşyrmaly;
    2)  üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli: 
«3.Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň (mundan beýläk - Gümrük gullugy) tarapyndan gümrük dellallarynyň sanawyna goşulan ýuridik şahs gümrük dellaly bolup biler.»;
    3) ýedinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«7. Hünärmeniň ýa-da dalaşgäriň okadylandygy üçin binýatlyk mukdarynyň 5 essesi möçberde we hünär şahadatnamasynyň berlendigi üçin binýatlyk mukdarynyň 5 essesi möçberde, gümrük edaralarynyň hyzmatlary üçin töleg alynýar.»;
    4)  sekizinji böleginde:
        a) ikinji we üçünji tesimlerini şu görnüşde beýan etmeli:
«dalaşgäriň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy, umumy orta ýa-da hünär bilimini tassyklaýan resminamalaryň “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji maddasynda bellenilen tertipde şaýatlyk edilen nusgalary;
ýuridik şahsyň esaslandyryjy resminamalarynyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan nusgalaryny we Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesini;»;
        b) dördünji tesiminden soň şu mazmunly täze bentleri goşmaly: 
«dalaşgär, Gümrük gullugy tarapyndan geçirilýän, gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär taýýarlygynyň okuwyna gatnaşýar;
Gümrük gullugy tarapyndan geçirilýän, gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär taýýarlygynyň maksatnamasyny özleşdirýär.»;
    5) dokuzynjy, onunjy böleklerinde «ýazmaça» diýen sözleri «Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen aragatnaşyk serişdeleriniň üsti bilen » diýen sözler bilen çalşyrmaly;
    6) on ýedinji we on sekizinji böleklerini  şu görnüşde beýan etmeli: 
«17. Gümrük dellallarynyň sanawyna goşulan gümrük dellalynyň işi togtadylanda, onuň togtadylmagyna getiren düzgün bozmalar düzedilýänçä, şeýle hem gümrük dellaly Gümrük dellallarynyň sanawyndan çykarylan halatynda gümrük dellalyna gümrük dellaly hökmünde gümrük operasiýalaryny amala aşyrmak gadagan edilýär.
18. Gümrük dellaly gümrük dellallarynyň sanawyndan çykarylan halatynda onuň Gümrük dellallarynyň sanawyna gaýtadan goşulmagy Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.».
2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Gullugyň başlygynyň orunbasarlary gözegçilik etmeli. 

 

      Gullugyň başlygy                                  M.Hudaýkulyýew