Customs Control
Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda çykaran 83-nji buýrugy

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 19.08.2020 ý. 1372 san bilen bellige alnan.

Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertlerini we ol Sanawy ýöretmegiň tertibini tassyklamak hakynda

Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 177-nji maddasynyň birinji bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertlerini we ol Sanawy ýöretmegiň tertibini tassyklamaly (goşulýar).
2. Aýry-aýry gümrük düzgünleriniň çäklerinde amala aşyrylýan we gümrük hyzmatlaryny bitirmek boýunça işi – paçsyz söwda dükanynyň işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany alan ýuridik şahslar ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletine paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawyna goşulan hasap etmeli.
3. 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň herekete girizilen gününden öň paçsyz söwda dükanynyň işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany alan ýuridik şahslar, şu buýruk bilen tassyklanylan paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertlerini we paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänlere bildirilýän talaplary berjaý etmek boýunça zerur işleri şu buýrugyň herekete giren gününden başlap 90 (togsan) senenama gününiň dowamynda geçirmeli, şeýle hem paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawyny ýöretmek üçin zerur bolan resminamalary we maglumatlary görkezilen möhlete çenli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna bermeli.
4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D.Baýryýew gözegçilik etmeli. 
5. Buýrugy degişli şahslaryň dykgatyna ýetirmeli.

 

Gullugyň başlygy                    M.Hudaýkulyýew

 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda çykaran 83 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

1. Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň Sanawyna goşmagyň şertleri we ol Sanawy ýöretmegiň tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 17-nji babynyň 7-nji paragrafyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we ýuridik şahslary paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawyna (mundan beýläk - Sanaw, şu Tertibe 1-nji goşundy) goşmagyň şertlerini hem-de ol Sanawy ýöretmegiň, ýagny ýuridik şahslary Sanawa goşmagyň, Sanawdan çykarmagyň we Sanawa üýtgetmeleri girizmegiň kadalaryny kesgitleýär.
2. Sanawy ýöretmek boýunça işler Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy (mundan beýläk - Gulluk) tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Ýuridik şahslary Sanawa goşmak we goşmakdan ýüz öwürmek, olary Sanawdan çykarmak, Sanawa üýtgetmeleri girizmek barada, şeýle hem ol Sanawy ýöretmek barada beýleki çözgütler Gullugyň başlygynyň buýrugy bilen bellenilen Gullugyň merkezi edarasynyň bölümleriniň ylalaşmagy we Gullugyň başlygynyň orunbasarynyň tassyklamagy arkaly kabul edilýär. Ol çözgütler, görnüşi Gulluk tarapyndan tassyklanylýan ylalaşyk namasy bilen resmileşdirilýär.
4. Ýuridik şahsyň paçsyz söwda dükanynyň (mundan beýläk - Dükan) işini amala aşyrmaga hukugy Sanawa goşulan pursadyndan başlap ýüze çykýar we ol hukuk şahsyň Sanawdan çykarylmagy bilen bes edilýär.
5. Sanawa goşulmadyk şahslar tarapyndan Dükanyň işiniň amala aşyrylmagy bikanun bolup durýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
6. Şu Tertipde ulanylýan düşünjeler Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde kesgitlenen manylarda ulanylýar.

II bap. Sanawa goşmagyň şertleri

7. Şu aşakdakylar Dükanyň işini amala aşyrmaga isleg bildiren ýuridik şahsy Sanawa goşmagyň şertleri bolup durýar:
    1) ýuridik şahsyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilmegi;
    2) ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamasynda Dükanyň işiniň, ýagny Türkmenistanyň gümrük çäginde paçsyz söwda dükanlarynda harytlaryň bölek satuw söwdasynyň ýerine ýetirilmegi bellenilen bolmagy;
    3) ýuridik şahsyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilkibaşdaky tertipnama maýasynyň, tertipnama gaznasynyň ýa-da paýly gatançlarynyň bolmagy;
    4) ýuridik şahsyň Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 183-nji we 184-nji maddalarynda bellenilen talaplara laýyk gelýän paçsyz söwda dükany hökmünde ulanmak üçin ýaramly bolan jaýlara eýelik etmegi (hususy eýeçiliginde ýa-da kärendesinde bolmagy);
    5) Sanawa goşmak hakynda arza (mundan beýläk - Arza, şu Tertibe 2-nji goşundy) berlen gününde ýuridik şahs tarapyndan gümrük işi babatdaky administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça administratiw temmini bermek hakynda güýje giren kararlardan ýerine ýetirilmedik kararyň (kararlaryň) we gümrük töleglerini tölemek boýunça ýerine ýetirilmedik borjunyň bolmazlygy;
    6) ýuridik şahsyň Internet torunda elýeterli saýtynyň bolmagy.
8. Eger şu Tertibiň ýedinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen jaýlara eýelik etmek kärende şertnamasynyň esasynda amala aşyrylýan bolsa, onda şeýle şertnamanyň hereket ediş möhleti Arzanyň berlen gününden bir ýyldan az bolmaly däldir.

III bap. Sanawa goşmagyň kadalary

9. Özüniň Sanawa goşulmagy üçin şu Tertibiň II babynda bellenilen şertlere laýyk gelýän ýuridik şahs (mundan beýläk - Arza beriji) Arza bilen Gullugyň merkezi edarasyna ýazmaça ýüz tutýar hem-de şu resminamalary we maglumatlary Arza goşup berýär:
    1) kärhananyň esaslandyryş resminamasynyň, ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň we kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerinden başgalara - daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň şahadatnamasynyň nusgalary; 
    2) ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamanyň (esaslandyryş resminamasynda ýuridik şahsyň ýolbaşçysy görkezilmedik halatynda) we bu ýolbaşçynyň pasportynyň nusgasy;
    3) Türkmenistanyň bank edaralaryndaky milli we daşary ýurt pulunda hasaplarynyň bardygy barada bankyň tassyknamasynyň asyl nusgasy hem-de ýuridik şahsyň tölege ukyplylygyny, şol sanda onuň Arzany beren gününde salgyt tölegi boýunça býujete möhleti geçirilen bergisiniň ýokdugyny tassyklaýan resminamalaryň (hyzmat edýän bankyň we hasaba alnan ýeri boýunça salgyt edarasynyň delilhaty) asyl nusgalary;
    4) töledip alynmagy gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen gümrük we beýleki tölegleriniň Türkmenistanyň Gümrük kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen Dükana eýelik edýän tarapyndan tölenmegi bellenen ýagdaýlarda, şol tölegleri tölejekdigi hakynda kepilliklerini berýändigi barada maglumat;
    5) Dükan üçin niýetlenen jaýlaryň ýerleşýän ýeri, söwda zallarynyň, kömekçi jaýlarynyň (bar bolanda), ammarlaryň (bar bolanda) her biriniň aýratynlykdaky we umumy tutýan meýdany baradaky maglumat;
    6) Dükan üçin niýetlenen jaýlaryň çäkleriniň çyzgylary;
    7) Dükan üçin niýetlenen jaýlara eýelik etmek hukugyny (eýeçiligindedigini 
ýa-da kärendä alnandygyny) tassyklaýan resminamalaryň nusgalary; 
    8) ekologiýa, sanitariýa-epidemiologiýa we ýangyna garşy kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilýändigini tassyklaýan degişli döwlet edaralarynyň delilhatlary;
    9) Türkmenistanyň çäklerinde harytlaryň bölek satuw söwdasy boýunça işe Türkmenistanyň kanunçylygynda ygtyýarnama we (ýa-da) beýleki rugsat beriji resmi namany almak bellenen bolsa, şol ygtyýarnamanyň we (ýa-da) rugsat beriji resmi namanyň nusgasy;
    10) Dükanyň işini amala aşyrmagyň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerinde bellenen düzgüne laýyk gelýändigini tassyklaýan, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň edaralary tarapyndan berlen ylalaşyk haty;
    1) Arza berijiniň wekiliniň ygtyýarlylygyny tassyklaýan ynanç haty ýa-da buýruk.
Arza ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we kärhananyň möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar.
Arza bilen bilelikde berilýän resminamalaryň nusgalary (pasportdan başgalary) we maglumatlar ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we kärhananyň möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar.
10.  Sanawa goşulmagy üçin Arza beriji her bir Dükan boýunça aýratyn Arza bilen Gulluga ýüz tutmalydyr.
11. Arza kabul edilenden soň, Gullugyň başlygynyň ýa-da onuň orunbasarynyň tabşyrygy boýunça, öwrenilmegi üçin Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümine berilýär.
Arza seretmek möhleti, onuň kabul edilen gününden başlap otuz senenama gününden uzak bolmaly däldir, şu Tertibiň on dördünji böleginde bellenilen halatlar muňa degişli däldir.
12. Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi Arzanyň we oňa goşulan resminamalaryň, şeýle hem mälim edilen maglumatlaryň şu Tertibiň dokuzynjy böleginde bellenilen talaplara laýyk gelýändigini barlaýar.
Gullugyň başlygynyň orunbasarynyň tabşyrmagy boýunça, iş zolagynyň degişliligi boýunça gümrükhana Dükan üçin niýetlenen jaýlaryň, şu Tertibiň ýedinji böleginiň 4-nji bendine laýyklykda ol jaýlaryň ýerleşýän ýerine we enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini barlaýar we barlagyň netijeleri boýunça düzülen delilnamany Gullugyň merkezi edarasyna berýär.
13. Arza beriji tarapyndan berlen resminamalardaky maglumatlar barlananda Gullugyň goşmaça resminamalary we maglumatlary, şeýle hem nusgasy berlen resminamalaryň asyl nusgalaryny sorap almaga hukugy bardyr.
Sorap alnan resminamalaryň asyl nusgalary olaryň nusgalary bilen deňeşdirmek arkaly barlanandan soňra Arza berijä gaýtarylyp berilýär. Şonda Arzany barlaýan Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň wezipeli adamy resminamanyň nusgasynda «Asyl nusga bilen deňeşdirildi» diýen ýazgyny edýär we «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenen tertipde tassyklaýar.
14. Gulluk üçünji bir şahslardan, şeýle hem döwlet edaralaryndan şu Tertibiň dokuzynjy böleginde görkezilen resminamalary we maglumatlary tassyklaýan resminamalary talap etmäge haklydyr. Şonda Gulluk Arza seretmek möhletini onuň kabul edilen gününden başlap altmyş senenama gününden köp bolmadyk wagta uzaltmaga haklydyr.
15. Arza seredilýän döwründe Arzada, oňa goşulan resminamalarda we mälim edilen maglumatlarda görkezilen islendik maglumat üýtgän ýagdaýynda, Arza beriji bu barada Gulluga ýazmaça habar bermäge borçludyr.
16. Barlagyň netijeleri boýunça Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi Arza berijini Sanawa goşmak baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar.
17. Sanawa goşmak baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.
18. Arza seretmek möhletiniň dowamynda Sanawa goşmak boýunça çözgüt kabul edilýär we Arza berijä kabul edilen çözgüt barada üç iş gününiň dowamynda ýazmaça habar berilýär.
19. Sanawa goşmak barada çözgüt kabul edilende Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi, çözgüdiň kabul edilen gününden gijä galman, Arza beriji üçin Ýuridik şahsyň Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawyna goşulandygy hakynda şahadatnama (mundan beýläk - Şahadatnama, şu Tertibe 3-nji goşundy) taýýarlaýar.
Şahadatnama Gullugyň başlygynyň goly we Gullugyň döwlet tugraly möhri bilen tassyklanylýar.
20. Her bir Dükan üçin aýratyn Şahadatnama berilýär.
21. Şahadatnama Gullukda ýöredilýän Ýuridik şahsyň Paçsyz söwda dükanyna eýelik edýänleriň sanawyna goşulandygy hakynda şahadatnamalary bellige alyş kitabynda bellige alynýar.
22. Şahadatnamanyň asyl nusgasy Arza berijä berilýär we nusgasy Gullukda saklanylýar.
Şahadatnamanyň asyl nusgasy ýuridik şahsyň ýolbaşçysyna ýa-da ol ýuridik şahsyň ynanç haty boýunça hereket edýän işgärine, Gullukda galýan Şahadatnamanyň nusgasynyň arka tarapynda Şahadatnamanyň asyl nusgasyny berlendigi barada bellikler edilip, berlen senesi görkezilip gol çekdirilip berilýär.
23. Şahadatnama diňe Sanawa goşulan ýuridik şahs babatda hakyky hasap edilýär we möhletsiz berilýär.
24. Şular Sanawa goşmakdan ýüz öwürmek üçin esas bolup durýar:
    1) şu Tertibiň II babynda bellenilen şertler berjaý edilmeýän bolsa;
    2) Arza şu Tertibiň dokuzynjy böleginiň talaplarynyň bozulmagy bilen berlen bolsa we (ýa-da) Arzada, oňa goşulan resminamalarda we maglumatlarda nädogry maglumatlar görkezilen bolsa;
    3) Arza seredilýän döwründe Arza berijiniň özüniň Sanawa goşulmazlygy hakynda Gulluga ýazmaça ýüz tutan ýagdaýynda.
25. Gulluk Sanawa goşmakdan ýüz öwürmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigi hakynda we şeýle çözgüdiň kabul edilmeginiň sebäplerini görkezmek bilen, şu Tertibiň on sekizinji böleginde görkezilen möhletde Arza berijä ýazmaça habar berýär. 
26. Sanawa goşmakdan ýüz öwürmek barada çözgüdiň kabul edilmegi üçin esas bolan kemçilikler düzedilen şertinde, Arza beriji gaýtadan Arza bilen Gulluga ýüz tutmaga haklydyr.

IV bap. Dükana eýelik edýäne bildirilýän talaplar

27. Dükana eýelik edýän şu talaplary üpjün etmelidir:
    1) şu Tertibiň II babynda bellenilen şertleri berjaý etmegi;
    2) Dükana eýelik edýäniň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi bilen tanyş bolmagy;
    3) Dükanyň işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolandyrmagy;
    4) Sanawa goşulan wagtynda we ol Sanawa üýtgetmeler girizilen wagtynda Gulluga mälim eden maglumatlar üýtgände, bu barada görkezilen maglumatlara üýtgetmeleriň girizilen gününden ýa-da oňa bu üýtgetmeleriň girizilendigi barada belli bolan gününden başlap bäş iş gününiň dowamynda Gulluga ýazmaça habar bermegi;
    5) Dükanynyň jaýlarynyň ýerleşişine, gurluşyna we enjamlaşdyrylyşyna bildirilýän talaplary berjaý etmegi;
    6) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda gümrük edaralaryna hasabatlary bermegi, şol sanda maglumat tehnologiýalary arkaly;
    7) Dükanda ýerlemäge niýetlenen harytlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde paçsyz söwda gümrük düzgüninde gümrük taýdan resmileşdirmegi;
    8) paçsyz söwda gümrük düzgüniniň talaplaryny we şertlerini berjaý etmegi;
    9) Dükanda gümrük gözegçiligini amala aşyrmak üçin amatly şertleri döretmegi;
    10) Dükana harytlaryň gelmeginiň we olaryň ýerlenilmeginiň hasabyny ýöretmegi hem-de gümrük edarasy tarapyndan bellenen görnüşde harytlar hakynda hasabaty bermegi;
    11) paçsyz söwda gümrük düzgününe ýerleşdirilen harytlary diňe Dükan üçin niýetlenen jaýlarda saklamaga; 
    12) söwda işiniň düzgünlerine laýyklykda Dükanda satylýan harytlaryň her birini ýörite nyşan bilen belgilemegi;
    13) Dükanda ýerlemek üçin niýetlenen harytlaryň başga maksatlar bilen ulanylmak mümkinçiligini aradan aýyrmagy;
    14) Dükanda diňe Türkmenistanyň gümrük çäklerinden daşary gidýän fiziki şahslara, olaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary gidip barýandygyny tassyklaýan ýol resmi namasyny görkezmegi esasynda, harytlaryň bölek satuwyny amala aşyrmagy;
    15) harytlaryň satylmagynyň diňe söwda zallarynda geçirilmegini we Dükanda harytlaryň lomaý söwdasyna ýol berilmezligini;
    16) Dükana barmaga we şol ýerde söwda işini, beýleki amallary geçirmäge ygtyýarly edilen işgärleriň sanawyny gümrük edarasyna bermegi;
    17) Dükanyň kömekçi jaýlarynda we ammarlarynda harytlaryň satylmagyna ýol berilmezligini hem-de şol ýerlere keseki adamlaryň aralaşyp bilmezligini;
    18) Dükanda ähli ýük amallaryny gümrük edarasynyň gümrük gözegçiligi bilen 
ýa-da gümrük edarasynyň rugsat bermegi bilen özbaşdak geçirmegi;
    19) paçsyz söwda gümrük düzgüninde resmileşdirilen daşary ýurt harytlary ýitirilen ýa-da olar Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna çykýan fiziki şahslara bölekleýin satylman başga maksatlar bilen ulanylan halatynda, harytlary erkin dolanyşyga goýbermek gümrük düzgüninde resmileşdirilen mahaly tölenmäge degişli gümrük tölegleriniň tölenmegini;
    20) Türkmenistanyň söwda we walýuta operasiýalaryny düzgünleşdirmek çygryndaky kanunçylygynda bellenilen talaplary berjaý etmegi;
    21) Gullukdan we (ýa-da) Türkmenistanyň gümrük edaralaryndan Dükanyň işinde kemçilikleriň bardygy hakynda gowşan habarlar boýunça haýal etmän zerur işleri geçirmegi we geçirilen işler boýunça Gullugy we görkezilen habarlary iberen gümrük edaralaryny hat üsti bilen habarly etmegi;
    22) Sanawdan çykarylan halatynda, Dükany ýapmak bilen bagly amallaryň ýerine ýetirilmegini; 
    23) Dükan ýapylan halatynda, bu barada gümrük edarasyna hat üsti bilen habar bermegi;
    24) Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen Dükana eýelik edýäniň borçlaryny we beýleki talaplary berjaý etmegi.
28. Dükana eýelik edýäniň Dükanda ýerine ýetirýän hyzmatlary (söwda ugurlary) barada aktual maglumatlar onuň Internet torundaky resmi saýtynda ýerleşdirilýär we bu barada Gulluga ýazmaça habar berilýär.

V bap. Sanawa üýtgetmeleri girizmegiň kadalary

29. Dükana eýelik edýän tarapyndan Gulluga mälim edilen maglumatlar üýtgände, Sanawa goşulan ýuridik şahs - Dükana eýelik edýän Sanawdaky üýtgetmäge degişli maglumatlary görkezmek bilen, şu Tertibiň ýigrimi ýedinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen möhletiň çäklerinde Sanawa üýtgetmeleri girizmek hakynda Gulluga arza berýär.
30. Sanawa üýtgetmeleri girizmek hakynda arza erkin görnüşde düzülýär
hem-de ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goly we kärhananyň möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar. Bu arza maglumatlaryň üýtgändigini tassyklaýan resminamalaryň şu Tertibiň dokuzynjy böleginiň üçünji tesimine laýyklykda tassyklanan nusgalary goşulmalydyr.
31. Sanawa üýtgetmeleri girizmek hakynda arza kabul edilen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda seredilýär. Gulluk ol arzada hem-de oňa goşulan resminamalarda görkezilen maglumatlary barlamak maksady bilen goşmaça resminamalary we maglumatlary talap etmäge haklydyr.
32. Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi Sanawa üýtgetmeleri girizmek baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar. Bu ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.
33. Sanawa üýtgetmeleri girizmek barada çözgüt şu Tertibiň otuz birinji böleginde görkezilen möhletde kabul edilýär we bu çözgüt kabul edilenden soňra «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyna (mundan beýläk - Maglumat ulgamy) degişli üýtgetmeler girizilýär.
34. Sanawa üýtgetmeleri girizmek hakynda arzany beren Dükana eýelik edýäne, onuň beren arzasy boýunça kabul edilen çözgüt hakynda, ol çözgüdiň kabul edilen gününden başlap üç iş gününiň dowamynda habar berilýär.
Eger Sanawa üýtgetmeleri girizmekden ýüz öwrülen bolsa, berilýän habarda ýüz öwürmegiň sebäpleri görkezilýär.

VI bap. Dükana eýelik edýäni Sanawdan çykarmagyň kadalary

35. Şu ýagdaýlarda Dükana eýelik edýän Sanawdan çykarylýar, eger:
    1) şu Tertibiň II babynda bellenilen şertler berjaý edilmeýän bolsa;
    2) şu Tertibiň IV babynda bellenilen talaplary birnäçe gezek bozan bolsa;
    3) gümrük kanunçylygyny gödek ýa-da yzygiderli bozan bolsa;
    4) ýuridik şahs ýatyrylan ýa-da üýtgedilip guralan bolsa;
    5) özüni Sanawdan çykarmak hakynda arza beren bolsa.
36. Özüni Sanawdan çykarmak hakynda arza Dükana eýelik edýäniň öz islegi boýunça erkin görnüşde düzülýär. Ol arza ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň goluny we kärhananyň möhürini goýmak arkaly tassyklanylýar.
37. Dükanyna eýelik edýäni Sanawdan çykarmak barada çözgüt Sanawdan çykarmak hakynda arza kabul edilen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda, şu Tertibiň otuz bäşinji böleginiň 1-4-nji bentlerinde görkezilen ýagdaýyň (ýagdaýlaryň) ýüze çykan halatynda bolsa, bu ýagdaýyň (ýagdaýlaryň) ýüze çykandygyny tassyklaýan resminamanyň (resminamalaryň) kabul edilen gününden başlap, on senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.
38. Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi şu Tertibiň otuz bäşinji böleginde görkezilen ýagdaýlaryň ýüze çykandygyny tassyklaýan resminamalary barlaýar we barlagyň netijeleri boýunça Dükana eýelik edýäni Sanawdan çykarmak baradaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar. Ol ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.
39. Dükana eýelik edýäni Sanawdan çykarmak barada çözgüt şu Tertibiň otuz ýedinji böleginde görkezilen möhletde kabul edilýär we bu çözgüde laýyklykda Maglumat ulgamyna degişli maglumatlar girizilýär.
40. Sanawdan çykarylan ýuridik şahsa, ony Sanawdan çykarmak barada çözgüdiň kabul edilendigi hakynda habar, ol çözgüdiň kabul edilen gününden başlap üç iş gününiň dowamynda iberilýär.
Eger ýuridik şahs Sanawdan şu Tertibiň otuz bäşinji böleginiň 1-4-nji bentlerinde görkezilen ýagdaýyň (ýagdaýlaryň) ýüze çykmagy esasynda çykarlan bolsa, onda habarda şeýle çözgüdiň kabul edilmeginiň sebäpleri görkezilýär.
41.Ýuridik şahs Sanawdan çykarylanda ol ýuridik şahsa berlen Şahadatnama ýatyrylan diýip hasap edilýär.
42. Dükana eýelik edýän Sanawdan çykarylan halatynda, Dükana eýelik edýäniň Sanawdan çykarylan pursatyndan başlap, harytlaryň bu Dükana ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.
43. Dükana eýelik edýäniň Sanawdan çykarylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap on bäş günüň dowamynda, Dükanda satylman galan paçsyz söwda gümrük düzgünine ýerleşdirilen daşary ýurt harytlary başga gümrük düzgünine ýerleşdirilmäge degişlidir. 
44. Dükana eýelik edýäniň Sanawdan çykarylmagy, bu şahsy (onuň mirasdüşerini) Türkmenistanyň Gümrük kodeksine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylmaga degişli hereketlerden boşatmaýar, eger şol hereketleri ýerine ýetirmek boýunça borç, ol ýuridik şahsyň Sanawdan çykarylmagyndan öň Dükana eýelik edýän hökmünde amala aşyran işi bilen baglylykda dörän bolsa.
45. Sanawdan çykarylan ýuridik şahs özüniň Sanawa goşulmagy üçin Gulluga şu Tertibe laýyklykda Arza bermek bilen gaýtadan ýüz tutup biler.
46. Sanawdan çykarylan ýuridik şahs şu Tertibe laýyklykda gaýtadan Sanawa goşulanda oňa täze Şahadatnama resmileşdirilip berilýär.

VI bap. Jemleýji düzgünler

47. Dükanyň enjamlaşdyrylyşyna, durkuna, abadanlaşdyrylyşyna we ýerleşýän ýerine anyk talaplary bellemäge Gullugyň haky bardyr.
48. Sanawa goşmak we goşmakdan ýüz öwürmek barada çözgütleriň, şeýle hem ol Sanawy ýöretmek boýunça beýleki çözgütleriň ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleriniň başlyklarynyň ýa-da olaryň ýerine galan şahslaryň ylalaşyk namasyna gollarynyň goýulmagy arkaly ylalaşylýar.
Ylalaşyk namasynyň bellige alynmagy Gullukda ýöredilýän Ylalaşyk namalaryny bellige alyş kitabynda bellige alyş belgisiniň berilmegi arkaly amala aşyrylýar.
49. Sanaw Maglumat ulgamyny ulanmak arkaly elektron görnüşde ýöredilýär.
Sanaw ýuridik şahslary Sanawa goşmak, olary Sanawdan çykarmak we Sanawa üýtgetmeleri girizmek barada kabul edilýän çözgütler esasynda işlenip düzülýär.
Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi şu Tertibe laýyklykda kabul edilýän çözgütler boýunça degişli maglumatlary Sanawa girizýär.
Sanaw Gullugyň Internet torundaky resmi saýtynda ýerleşdirilýär we ondaky maglumatlar aýda azyndan bir gezek täzelenýär.
50. Gulluk şu Tertibiň otuz dördünji we kyrkynjy böleklerinde görkezilen habarlary Dükanyna eýelik edýäniň Arzada beýan eden aragatnaşyk serişdelerine elektron we (ýa-da) faksimil görnüşinde iberýär. Dükana eýelik edýäniň ýüz tutmasy boýunça, şeýle habar ýazmaça görnüşde berilýär.
51. Sanawy ýöretmek bilen bagly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

Attachments
oops
Paçsyz söwda Sanaw