News

Türkmenistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi
21 Mar
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi

2016-njy ýylyň 21-nji marty. Türkmenistanlylar Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi ajaýyp şadyýan dabaralar bilen garşyladylar. Milli öwüşginli folklor – etnografik çykyşlar gadymy däpleriň äheňindäki sahnalaşdyrmalar, bize asyrlaryň jümmüşinden gelip ýeten milli lybaslar, aýdym-sazlar we tanslar tebigatyň ýazky oýanyşynyň hem-de janlanmasynyň hormatyna bu gadymy baýramçylygyň çuňňur özboluşlylygyny ýüze çykardy. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda bellenilýän Nowruz ajaýyp däpleriň, milli medeniýetiň nesilden-nesle geçijiligini şöhlelendirip, öz ähli durkunda has-da şugla saçdy. Nowruz kuwwatly daragt hökmünde mähriban topragymyzyň köklerine siňip, adamlara gülläp ösüşiň gözelligni hem-de bereketli miwelerini bagyş edýär.

«Bu ajaýyp halkara baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Nowruz güni mynasybetli halkymyza Gutlagynda aýdylýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de  belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edýär. 

    Häzirki baýramçylyk dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan köpsanly myhmanlary hem bu ýere ýygnady. Olar ählihalk toýuň şatlygyny hem-de milli ruhy gymmatlygyň baýlygyny paýlaşmaga, özünde Nowruzyň güneşli şöhlelerini jemleýän iň ýagty duýgulara we belent pikirlere beslenmäge çagyryldy. 

    Sebäbi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk gutlagynda nygtaýşy ýaly, Milli bahar baýramy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýaly, asyrlaryň jümmüşinden biziň genlerimize gelip ýeten asylly däplerimiziň aýdyň nyşanydyr.

    Bu günüň esasy wakalary “Nowruz ýaýlasy” meýdançasynyň tebigy dag eteklerinde geçirildi. Bu ýerlerde, açyk asmanyň astynda türkmenleriň däp bolan oba durmuşyny janlandyrýan ägirt uly ekspozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Çünki gije-gündiziň ýazky deňleşýän gününiň baýramçylygy ekerançylyk senenamasy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, meýdan işleriniň hem-de täze oba hojalyk ýylynyň başlanýandygyny aňladýar.