News

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
24 Mar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy

2016-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Çaý – melhem hem ylham” diýen täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Halkara Nowruz gününiň öňýanynda çapdan çykan türkmen halkynyň lezzet alyp içýän bejeriş hasiýetli çaýy baradaky owadan bezelen neşir milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza baýramçylyk sowgady boldy.

Dabaranyň başynda Mukamlar köşgüniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda çeper işler, amaly-haşam sungatynyň önümleri, çaý baradaky neşir önümleri görkezildi.

Türkmenistanda ýerli dermanlyk ösümlikleriniň esasynda çykarylýan  milli Liderimiz tarapyndan köp jiltli ensiklopedik işde beýan edilen çaýlaryň köp görnüşleriniň görkezilmegi serginiň ähmiýetini artdyrdy. Şu ýerde dabara gatnaşyjylara bejeriji häsiýetli täze demlenen çaýlar hödürlenildi, olar mähriban topragymyzyň dermanlyk otlarynyň ýakymly tagamyndan lezzet aldylar.

Soňra maslahatlat zalynda hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda uly maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda ylmyň, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň, şol sanda şypahana işi ýaly ugurly ulgamyň wekilleri bar.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, özboluşly däp-dessurlaryna goýýan çuňňur sarpasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda  jemgyýeti ruhy taýdan ösdürmek, milli gymmatlyklary wagyz etmek, türkmen halkymyzyň adatlaryny we gadymy dessurlaryny gorap saklamak boýunça köp taraply işleriň täze depgine eýe bolandygyny bellediler.

Dabara gatnaşanlar mähriban halkymyzyň saglygy we bagtyýar bolmagy üçin edýän aladalaryna çuňňur hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize   Ýüzlenme kabul etdiler.