Customs Service News

 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk
13 Apr
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 13-nji aprelinde Döwlet gümrük gullugynda Rajeş Wasudewanyň ýolbaşçylygyndaky Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň maksady 2017-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurtlaýyn strategiýasyny taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmakadan ybarat.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege ähli gowulyklary arzuw edip, Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda gatnaşyklaryň işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.