News

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş sapary
29 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş sapary

2016-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy, onuň barşynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şu etrapda ýerleşýän Mebel toplumynyň açylyşyna gatnaşdy, şeýle hem Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjigindäki desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmak, ýurdumyzda haryt hem-de azyk bolçulygyny döretmek boýunça wezipeleri  çözmekde telekeçilige möhüm orun degişlidir. Täze taryhy eýýamda hususy ulgamyň wekilleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşup, dürli pudaklarda--senagat, gurluşyk, oba hojalygy, syýahatçylyk, söwda, durmuş hyzmaty ulgamlarynda üstünlikli işleýärler we şunda iň gowy işewürlik häsiýetlerini görkezýärler.



Türkmen telekeçileri we hususy kärhanalar içerki alyjylaryň isleglerini kanagatlandyryp, eksport ugurly önümleri öndürmek babatda uly tejribe topladylar. Häzir Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara derejesindäki çärelere işjeň gatnaşýarlar, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňelmegine ýardam edýär.