News

Milli ykdysadyýet
21 Dec
Milli ykdysadyýet

Dünýä ykdysadyýetindäki çökgünli ýagdaýa garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýeti oňyn görkezijilere eýe bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Taryhy jähtden gysga wagtyň dowamynda Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüş babatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Esasan-da, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bazar ykdysadyýetiniň nusgasy kemala getirildi hem-de yzygiderli kämilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek bilen, Türkmenistanyň saýlap alan ugrunyň jemi içerki önümiň ösüş depginini, senagat önüminiň öndürilişiniň möçberlerini, daşary söwda dolanyşygyny ýokary derejede saklamaga, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarynda bahalaryň durnuklylygyny üpjün etmäge, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtamak gerek. 

Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmegiň strategiýasy ýurdumyza ilatyň bähbidini goramaga gönükdirilen wezipeleri çözmäge giň mümkinçilik berýär. Mysal üçin, soňky ýyllarda býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk haklary, şeýle hem döwlet kömek pullary, pensiýalar, talyp haklary her ýylda yzygiderli ýokarlandyrylýar. Dogry saýlanyp alnan bu özgertmeler ýoly ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösmegini üpjün edip, onuň uzakmöhletleýin geljek üçin abadançylygyny berkidýär we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

Ylmy edebiýatlarda bellenilişi ýaly, ýokary ykdysady ösüşleri gazanmak maksady bilen anyk maksatnamalary, çäreleri, konsepsiýalary işläp taýýarlamak zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türk¬menistanyň Prezidentligine saýlanan ilkinji günlerinden başlap halkymyz hakda alada ýugrulan beýik başlangyçlaryň başyny başlady. Kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri we hususy telekeçiligi ösdürmeklige gönükdirilen uly göwrümli maksatnamalar, konsepsiýalar we çäreleriň toplumlary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

Sebitleri özgertmek boýunça giň möçberli maksatnama döwlet Baştutanymyzyň özgertmeleriniň täsirli guralynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Sebitleri özgertmek baradaky maksatnamanyň çäklerinde täze türkmen obasynyň anyk keşbi kemala geldi. Hormatly Prezidentimiziň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, obany ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler tutuş milli-döwlet strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda içerki bazaryň, şeýle hem eksportuň anyk isleglerine laýyk gelýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, iş orunlarynyň sanyny artdyrmaga gönükdirilen her bir welaýat boýunça täze ösüş Meýilnamalary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebitleri ösdürmegiň meýilnamalaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň işläp taýýarlan we durmuşa geçirýän döwlet gurluşynyň özboluşly milli nusgasynyň örän oýlanyşyklydygyny we ylmy taýdan esaslandyrylandygyny görkezýär. 

Aýratyn alnan pudaklary däl-de, eýsem, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem döwletimiziň durnukly hem-de depginli ösüşiniň ähmiýetli şertleriniň biridir. 

Häzirki zaman senagat düzümleriniň kemala getirilmegi, şol sanda önümleri gaýtadan işleýän iri kärhanalaryň döredilmegini göz öňünde tutýan ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ägirt uly möçberdäki maýa goýumlary täze kärhanalary gurmaga hem-de häzir işläp gelýänleriň durkuny täzelemäge goýulýar. Tebigy gaz bilen işleýän energiýa bilen üpjün ediji kuwwatlyklary artdyrmak işjeň depginler bilen alnyp barylýar. Önümleriň täze görnüşlerini öndürmek boýunça taslamalar işlenip taýýarlanylýar. 

Türkmenistanyň amatly ýerde ýerleşmegi hem-de ýurdumyzyň üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça uly geljeginiň bardygyny nazara almak bilen, ulag ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatda iň öňdebaryjy gazanylan üstünlikleriň we bu ugurdaky innowasion tehnologiýalaryň esasynda degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak amala aşyrylýar.

Degişli önümçilik düzümlerini giňeltmegi, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegi, alyjylar bazaryny ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli we ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmegi maksat edinen obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir.

Umuman aýdylanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan, Türkmenistanda kabul edilen ösüş maksatnamalary ýurdumyzyň ýakyn we uzak möhletli geljek üçin durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň, türkmen halkynyň maddy-hal ýagdaýyny belli bir maksada gönükdirip ýokarlandyrmagyň ygtybarly kepillendirmesi bolup durýar. Bu strategiki meýilnamalar halk hojalygynyň ähli pudaklaryny gurşap alan hem-de anyk netijeleri gazanmagy maksady bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri çaltlandyrmak üçin mäkäm esas bolup çykyş edýär.