Customs Service News

Türkmenistanyň gümrük serhedinden ýük daşamalaryny amala aşyrýan ýük awtoulag serişdeleriniň sürüjileriniň dykgatyna
28 Dec
Türkmenistanyň gümrük serhedinden ýük daşamalaryny amala aşyrýan ýük awtoulag serişdeleriniň sürüjileriniň dykgatyna

      Hormatly sürüjiler! 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň çägine ýük getirýän we bu çäkden ýük alyp gidýän hem-de Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän, halkara gatnawy boýunça ýük daşaýan ýükli ýa-da ýüksiz awtoulag serişdeleriniň ählisi babatda awtoulag serişdeleriniň geoýerleşişini anyklaýan ulgamyň enjamyny ulanmak çäresi girizilýär.

     Şu bilen bagly, awtoulag serişdeleriniň geoýerleşişini anyklaýan ulgamyň enjamlarynyň ulanylmagy bilen edilen hyzmat üçin her awtoulag serişdesine 10 (on) amerikan dollary möçberinde töleg bellenilip bu tölegi daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden amerikan dollarynda, Türkmenistanyň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden bolsa, tölegleriň geçirilýän gününde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen resmi hümmet boýunça milli pulda almak göz öňünde tutulýandygyny mälim edýäris.