News

Hormatly Prezidentimiz Eýranyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
7 Jan
Hormatly Prezidentimiz Eýranyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Saýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýeganini kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Eýran bilen   dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, ikitararaplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýan duşuşyklar we gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de diplomat özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagy, dürli pudaklardaky hyzmatdaşlyk tejribelerini baýlaşdyran birnäçe bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz we diplomat medeni gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Iki halkyň köpasyrlyk taryhy we ruhy taýdan umumylygy bu gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly binýady emele getirýär. Häzirki döwürde belli taryhy şahslara, alymlaryň we şahyrlaryň döredijilik mirasyna bagyşlanan bilelikdäki medeni çäreler, ylmy maslahatlar dostluk hem-dwe hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna  oňyn mümkinçilikler döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ilçi 2014-nji ýylda döwlet Başutanymyzyň başlangyjy bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilen giň möçberli çäreleriň netijeliligine ýokary baha berdi. Bu şahyryň döredijiligine Eýranda hem çuňňur hormat goýulýar. Bellenilişi ýaly, beýik akyldar şahyryň ýubileýi mynasybetli guralan dabaralar dünýäniň dürli ýurtlarynda köpsanly adamlaryň  Magtymguly we onuň döredijiligi barada has-da köp maglumatlara eýe bolmagyny şertlendirdi.  Şeýle hem şahyryň tutuş adamzadyň ruhy gymmatlygynyň möhüm bölegine öwrülen ynsanperwerlige ýugrulan edebi mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam etdi. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşandygy üçin ilçä minnetdarlyk bildirdi we  üstünlikler arzuw etdi.