Türkmenistan — Gyrgyz Respublikasy: möhüm gatnaşyklaryň täze ugry
Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde dostlukly döwletiň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Uçaryň ýanynda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz gyrgyz Liderine gül desselerini gowşurdy. Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanynyň awtoulag kerweni howa menzilinden sapar mahaly kabulhanasy ýerleşýän “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady. Günüň ikinji ýarymynda Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak mak...