Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň himiýa senagaty okgunly ösdürilip, ol milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Diýarymyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary pudagy çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Diňe çig mal eksporty bilen çäklenmän, ony çuňňur gaýtadan işlemegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap, ýokary tehnologiýaly hem-de bäsdeşlige ukyply himiýa senagatyny kemala getirýär.

Dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyz bu baýlygy netijeli ulanmaga gönükdirilen strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Tebigy gazdan dünýä bazarlarynda ýokary isleg bildirilýän önümleri öndürýän gazhimiýa senagaty bu strategiýada esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle-de, Türkmenistan iri mineral dökünleri öndüriji hökmünde halkara bazarlarda ornuny barha pugtalandyrýar. Marydaky, Tejendäki, Garabogazdaky öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap zawodlarda ýokary hilli ammiak hem-de karbamid öndürilýär. Munuň özi Türkmenistanyň oba hojalygynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, bu önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge hem mümkinçilik berýär.

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy milli nebitgaz we himiýa senagatynyň dünýäde iň belli kärhanalarynyň biridir. Toplum turba önümçiliginden başlap, ýeňil senagat we awtomobil gurluşygyna çenli köp pudaklar üçin esasy çig mal bolan polietilen hem-de polipropilen öndürýär. Ýokary hili halkara güwänamalar bilen tassyklanan bu önümler ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmäge, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ahaldaky tebigy gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän zawod dünýäde iň innowasion taslamalaryň biri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň senagaty diňe bir diwersifikasiýalaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ekologik taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy maksat edinýändigini hem görkezýär.

Türkmenistan ýodbromly ýerasty suwlaryň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Hazar, Balkanabat, Bereket zawodlary tehniki ýody öndürýän iri kärhanalardyr. Täze maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde goşmaça kuwwatlyklaryň döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurdaky eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga goşant goşar. Mundan başga-da, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän “Garlyk” dag-magdan toplumy üstünlikli hereket edýär. Türkmenabatdaky himiýa zawodynda goşmaça täze toplumyň gurulmagy bolsa ýurdumyzyň oba hojalygyny mineral dökünleriň ähli görnüşleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Himiýa senagatynyň ösüşi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn maýa goýum syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. “Daewoo” (Koreýa Respublikasy), “Mitsubishi” (Ýaponiýa) ýaly öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk ýokary tehnologiýaly we ekologik taýdan arassa önümçilik proseslerini ornaşdyrmaga ýardam berýär. Ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň ösüşi degişli hünärmenler bilen üpjünçiligi talap edýär. Türkmenabat şäherindäki “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehniki orta hünär okuw mekdebi, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri döwrebap önümçilikleri dolandyrmaga ukyply hünärmenleri taýýarlaýar.

...Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzdan ugur alan uçary birnäçe wagtdan Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar. Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçirilýän ýerine bardy. Hormatly Prezidentimiz dabara mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edenden soňra, ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardy hem-de bu ýerde gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyjylary bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, himiýa senagatynyň ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde Diýarymyzyň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda öz ýerli çig mallarymyzy ulanmak arkaly ýokary hilli önümler öndürilýär we bu önümleriň möçberi yzygiderli artdyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän täze önümçilik desgalary ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şol taslamalar amala aşyrylanda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine, ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şonuň netijesinde, hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde amala aşyrýan iri senagat taslamalarymyz ýokary hil derejesine, innowasion çözgütlere we ekologik talaplara doly laýyk gelýändigi barada abraýly halkara guramalaryň oňyn bahalaryna mynasyp bolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň taslamasyny Koreýa Respublikasynyň «Daewoo» kompaniýasy ýerine ýetirer. Düýbi tutulýan bu toplumyň gurluşygynda ekologik talaplary berjaý etmäge mümkinçilik döretjek innowasion tehnologiýaly enjamlar we serişdeler ulanylar. Täze toplum ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Garaşsyz döwletimizde azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge şert döreder.

Toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Ol ulanmaga berlenden soň, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Döwrebap himiýa kärhanasynyň işe girizilmegi bilen, goşmaça iş orunlary dörediler. Onda zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.

Ýurdumyzyň himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, ýagny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şeýle iri taslamalaryň amala aşyrylmagynyň himiýa senagatyny ösdürmäge uly üns berilýändigine şaýatlyk edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Lebap welaýatyny hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini, bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de geljekde-de ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, täze, döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy bilen dabara gatnaşyjylaryň ählisini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra ekranda superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän toplum bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.

Soňra çykyş etmek üçin Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juwa söz berildi. Ol, ilki bilen, bu möhüm taslamanyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki dabaranyň diňe bir zawodyň düýbüniň tutulmagy bolman, eýsem, Türkmenistanda abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşyk taslamasy ýurduň gazhimiýa senagatynyň hem-de oba hojalygynyň ösüşine uly goşant goşjak milli taslamalaryň biridir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze iş orunlaryny döretmäge hem-de sebitiň ykdysadyýetini ösdürmäge mümkinçilik berer.

Işewür çykyşynyň ahyrynda bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, dabara gatnaşyjylara we ähli türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň wekilleriniň haýyşy boýunça täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi hem-de ol ýörite gutujyga salyndy. Ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujyk ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze toplumyň binýadyna atyldy. Hormatly Prezidentimiz toplumyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atýar we halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu başlangyja ak pata berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem desganyň düýbüne beton garyndysyny atdylar. Soňra hormatly Prezidentimiziň adyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şu günki dabara innowasiýalar we strategik meýilnamalaşdyryş arkaly milli himiýa senagatynyň döwrüň talabyna laýyklykda üstünlikli ösdürilýändigini görkezdi. Bu pudak ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini durnukly ykdysady we tehnologik ösüş üçin binýada öwrüp, senagat taýdan kuwwatly ýurt hökmünde Watanymyzyň ornuny yzygiderli pugtalandyrmaga goşant goşýar.