Habar

2026-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň Gümrük institutynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bilelikdäki okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahaty Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda Işgärleri taýýarlamak çygrynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde gurnaldy.

 Bilelikdäki okuwyň dowamynda, gümrük işinde giňden ulanylýan Ygtyýarly ykdysady operatorlar ulgamy boýunça tejribeleri paýlaşdylar. Bu ulgamyň halkara söwdany ösdürmekde we gümrük serhedinden geçirilýän harytlara hem-de ulag serişdelerine ygtybarly gözegçiligi alyp barmakda döredýän giň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezi derejesi berildi. Bu bolsa, gümrük işi boýunça hünärmenleri taýýarlamakda we olaryň hünär bilimlerini ýokarlandyrmakda sebit ýurtlaryň gümrük işi babatynda okuw merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge giň mümkinçilik döretdi.

Okuw maslahatynyň ahyrynda, gümrük ulgamynda işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda we öňdebaryjy halkara tejribelerini öwrenmekde bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti barada bellenildi.