«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň üsti bilen amala aşyrylýan söwda dolanşygynyň möçberleri yzygiderli artýar. Bu söwda merkezinde şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 60 müňe golaý goňşy Özbegistan Respublikasynyň raýatlary tarapyndan amala aşyrylan söwdanyň netijesinde 1 700 tonnadan gowrak harytlar ýurdumyzdan eksport edildi. Şeýle hem, bu döwürde söwda merkeziniň özbek tarapyndan ýurdumyza 250 tonnadan gowrak harytlar import edildi.
Söwda merkezinde ýurdumyzda öndürilen alkogolsyz içgilere, konditer önümlerine, ter pomidora, bulardan başga-da ýuwujy serişdelere, dokma önümlere hem-de halkyň sarp edýän beýleki harytlaryna has köp isleg bildirilýär. Şeýle hem, söwda merkeziniň özbek tarapyndan ýurdumyza esasan Özbegistanda öndürilen hojalyk harytlar, gury ir-iýmişler we dokma önümleri getirilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, «Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi 2025-nji ýylyň noýabr aýynda işe girizildi. Bu söwda merkeziniň üsti bilen amala aşyrylýan söwda dolanşygy ähli gümrük paçlardan we beýleki töleglerden boşadylan.