2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar üstaşyr ýüklerini gümrük taýdan resmileşdirmek ulgamynda häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak bilen bagly meselä seretdiler. Hususan-da, kagyzsyz tehnologiýalary ösdürmek, bitewi üstaşyr resminamasyny ulanmak hem-de degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça özbek tarapynyň tejribesi öwrenildi.
Şeýle hem, netijeli üstaşyr mehanizmlerini döretmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen duşuşyk taraplaryň gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we häzirki zaman çemeleşmeleri ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.