Habar

2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Baku şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine hem-de iki taraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar harytlar boýunça öňünden maglumat alyş-çalşygynyň awtomatlaşdyrylmagynyň gümrük amallarynyň çalt ýerine ýetirilmegine, hasaplaşyklaryň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga hem-de üstaşyr amallaryny, şol sanda halkara e-TIR taslamasynyň çäklerinde, gümrük taýdan resmileşdirme işlerinde has ýeňilleşdirmäge uly mümkinçilik berjekdigini nygtadylar.

Şeýle hem sanlylaşdyrmak meselelerine we “Akylly gümrük” konsepsiýasyna aýratyn üns berildi. Şeýle-de maglumat ulgamlarynyň integrasiýasy, Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şeýle hem işgärleriň taýýarlanylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijesi boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge hem-de bilelikdäki “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamaga taýýarlyk tassyklanyldy.